Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek subut etdi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz diňe bir iş wagtyny däl, eýsem, dynç alyş döwrüni hem hemişe mümkin boldugyça netijeli peýdalanmaga çalyşýar.Milli Liderimiz boş wagtyny, köplenç, ylym we döredijiligiň dürli görnüşleri bilen, şol sanda täze eserleri ýazmak bilen meşgullanmaga bagyşlaýar.
Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz şu ýörelgesine eýerip, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri kitabynyň nobatdaky jildini tamamlamagyň üstünde işlemegini dowam etdi. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary döwletleriň birnäçe ylmy-barlag merkezleriniň hormatly doktory, professory milli Liderimiziň şu hem-de beýleki ylmy işleriniň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilendigini bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyzyň galamynyň astyndan çykan kitaplarynyň her biri diňe bir Watanymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma hem-de giň jemgyýetçilik seslenmesini döredýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltli ensiklopedik işi umymy ylmy ugurly bolmak bilen bir hatarda, aň-düşünjäni artdyrýan peýdaly maglumatlary özünde jemleýär.
Bu bolsa köp sanly okyjylar köpçüligine halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegine ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär.Işlemeginiň dowamynda döwlet Baştutanymyz köp sanly çeşmeler bilen ünsli tanyşdy.Bu bolsa täze ylmy işiň esasyna öwrüldi.
Milli Liderimiz ýörite haltajyklara gaplanan dermanlyk ösümlikleriň we otlaryň nusgalaryny gözden geçirip we giňişleýin öwrenip, şolaryň tapawutly aýratynlyklaryna ünsi jemledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan kitabyň 11-nji jildiniň üstünde esasy işini tamamlap, oňa gutarnykly düzedişlerini, takyklamalaryny we goşmaçalary girizmek bilen meşgullandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň mähriban tebigatymyzy öwrenmek we goramak meselelerine örän uly üns berýändigi bellärliklidir.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda şäherlerimizi we obalarymyzy, dag eteklerini, akabalaryň, howdanlaryň we derýalaryň kenarlaryny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnama durmuşa geçirilýär.Tokaý we seýilgäh zolaklarynyň meýdanlary ýyl-ýyldan giňeýär.
Olar ýerlerde oňaýly howanyň döremegine ýardam berip, tomsuna yssydan, gyşyna bolsa sowuk ýelden goraýar. Şunuň ýaly asylly işler milli derejede bolşy ýaly, sebit we dünýä möçberinde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmek, häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygy hem-de saglygy baradaky alada bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň dünýägaraýşy, durmuşy we ykbaly tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşyklydyr.
Gadymy asyrlardan bäri türkmen halky tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, onuň gözelligini artdyrmaga çalyşýar.Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek wezipeleriniň çözülmegi ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we artdyrylmagyny şertlendirýär.Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda serişde tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär.Halkymyzyň taryhy, mähriban Watanymyzyň täsin tebigaty ümmülmez Garagumuň, bagy-bossanly sähralyklary, Köpetdagyň belent-belent dag gerişleri, Hazaryň ajaýyp tebigy kenar ýakasy bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.
Türkmen halky öz mukaddes topragyna hemişe söýgi bilen garap geldi, şonuň netijesinde, toprak hem öz baýlygyny eçildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa ulgamyndaky işleri, ylmy işlerini edebiýat, aýdym-saz we sport bilen meşgullanmak arkaly utgaşdyrýandygyny bellemek ýerliklidir.
Milli Liderimiziň işiň dürli görnüşleri bilen şeýle meşgullanmak usuly adama bir kysmylykdan ýadamazlyga, güýjüňi we ruhubelentligiňi, uzak wagtlap ýokary iş ukyplylygyňy saklamaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, mähriban Arkadagymyz agtygy Kerim bilen täze saz eseriniň üstünde işleýändigini belläp geçmeli. Şu pursatda-da milli Liderimiz öz agtygy bilen döredýän täze saz eserine diň saldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş otagynda Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri kitabynyň nobatdaky jildiniň üstünde işlemeginiň barşynda agtygy Kerimiň täze saz eserini döretmegiň üstünde işleýşini hem synlady. Şeýtmek bilen döwlet Baştutanymyz pursady işlerden dynç almak ýa-da agtygynyň döredijiligine baha bermek üçin peýdalanmak bilen birlikde, indiki işleri üçin hem ylham aldy.
Milli Liderimiz agtyklaryny döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga itergi berip, ajaýyp sazyň we aýdymyň adamlary birleşdirip, olary ýagşy işlere ruhlandyrýandygyny hem-de jebisleşdirýändigini belleýär.Hormatly Prezidentimiziň Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy diýen ajaýyp kitabynda hem ynsanyň durmuşyna sazlaşyk goşup bilýän, onuň kalbyna döredijilik güýjüni bagyşlap bilýän, döredijiligi oýarmaga ukyply saz sungatynyň ruhlandyryjy, bejeriş güýji barada gürrüň berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, aýdym-sazlar halk däp-dessurlary bilen sazlaşykda döwrüň ruhuny beýan etmelidir.Sungat ynsanyň ruhy dünýäsiniň ösüşine ägirt uly täsir edýär.Milli ýörelgelere esaslanýan her bir eser gaýtalanmajak häsiýetli bolup, asyrlara aşmalydyr. Özboluşlylygy bilen tapawutlanýan hem-de nusgalyk saz eserleri uly meşhurlyga, halkyň söýgüsine eýe bolýar, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny äşgär edip, milli ruhy mirasyň aýrylmaz bölegine öwrülýär diýip, milli Liderimiz belleýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz uly aladalary netijesinde ýurdumyzyň aýdym-saz sungaty täze belentlige ýetýär. Çünki aýdym-saz türkmen halkynyň bütin ömrüniň hemrasydyr.Adam çagaka ene mähri bilen aýdylýan hüwdi bilen huwwalanýar.
Kalbyndaky iň tämiz şatlygyny aýdymyň üsti bilen ýüze çykarýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.Milli Liderimiz täze saz eserini diňlemekden ruhlanyp, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri kitabynyň 11-nji jildiniň üstünde işlemegini dowam etdi hem-de gutarnykly düzedişleri girizip we golýazmanyň soňky nokadyny goýup, ony neşire berdi.
Bu gün türkmen topragynyň örän baý bolan dermanlyk ösümlikleriniň bejeriş häsiýetleri barada nesilden-nesle geçirilip gelinýän bilimler ýurdumyzyň lukmanlaryna häzirki zaman lukmançylygynyň usullaryny halk tebipçiliginiň müňýyllyk tejribesine daýanýan ösümlikler arkaly bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullary bilen üstünlikli utgaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Olar şeýle hem tebigatyň bu baýlyklaryny keselleriň öňüni almak hem-de bedeni berkitmek üçin öý şertlerinde peýdalanmaga ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy işinde dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden hem-de dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň usullaryny salgy berýär. Şeýle hem bu ýerde şolaryň häsiýetleri, aýratynlyklary, ösüp ýetişýän ýerleri, tebigy gory, dermanlyk çig malynyň görnüşleri we himiki düzümi barada takyk hem-de doly maglumatlar berilýär.
Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, Türkmenistanda tebigy baýlyklarymyzy oýlanyşykly peýdalanmak, mähriban tebigatymyzy goramak we baýlaşdyrmak, ony geljekki nesillerimize köpöwüşginliliginde hem-de gözelliginde ýetirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada gymmatly maglumatlar jemlenen döwlet Baştutanymyzyň iri göwrümli ylmy işi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin esasy gollanmalaryň biridir.
Bu düýpli eseriň täze jildiniň hem peýdaly we isleg bildirilýän maglumatlaryň gymmatly çeşmesine öwrülip, halkymyzda we daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanyljakdygy gürrüňsizdir, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň ýakynda belleniljek gününe ajaýyp sowgat bolar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arassa howada agtyjaklary bilen bilelikde gezim etdi.Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary hemmetaraplaýyn üns we alada bilen gurşalmalydyr.Milli Liderimiziň bu ugurda alyp barýan hem-de beden, aň-paýhas, ruhy-ahlak, umuman, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegine gönükdirilen döwlet syýasaty Watanymyzyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap gelýär. Çagalaryň ýokary hilli bilim almagyny hem-de doly bahaly dynç almagyny üpjün etmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin zerur mümkinçilikleri döretmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.
Hemme degişli şertler üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynyň hem-de mekdepleriň, sagaldyş merkezleriniň we şypahanalaryň ulgamy giňeýär. Ösüp gelýän nesilleri terbiýelemek işinde halkymyz tarapyndan baý milli tejribe toplandy. Şu meselede çaganyň häsiýetleriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, olaryň her birine aýratyn çemeleşme gerek.
Milli Liderimiz agtyklarynyň dürli oýunlar bilen meşgullanmagyna goşulyşdy. Çagalar dürli hünärlere gyzyklanmalaryny görkezip, özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler hem-de eý görýän pişijekleri bilen oýnadylar.Döwlet Baştutanymyz agtyklaryna türkmen tebigatynyň baý dünýäsi, gözelligi we aýratynlyklary, haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy barada gürrüň berdi. Çaga bilesigelijiligi gözýetimi giňeldýär hem-de ösüp gelýän nesliň dünýä düşünmeginiň kemala gelmegine ýardam berýär, olara daşky gurşaw bilen sazlaşyklylygy duýmaga mümkinçilik berýär.
Haýwanlary saklamak ynsan kalbyna ýagşylyk nuruny çaýýar, onuň durmuşyny baýlaşdyrýar we gyzykly edýär. Çaganyň öý haýwanlaryna bolan gatnaşygyny synlap, onuň jogapkärçiliginiň, daş-töweregini gurşap alýanlar barada alada edip bilşiniň derejesini kesgitläp bolýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň öý haýwanlaryna hemişe üns-alada bilen garandygyny belläp, ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahananyň işini guramak we ony döwlet gözegçiliginde saklamak baradaky teklibi öňe sürdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hassahananyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge hem-de bu merkeziň düzüminde idegsiz galan öý haýwanlary üçin döwrebap binanyň döredilmelidigine ünsi çekdi.Asyrlaryň dowamynda toplanan baý milli tejribeler, haýwanlary bejermegiň hem-de olaryň keselleriniň öňüni almagyň öňdebaryjy usullaryny netijeli peýdalanmak üçin zerur işler amala aşyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Idegsiz galan öý haýwanlary üçin guralan bu gonalgadan ýaşaýan ýerlerini üýtgeden hem-de öz itlerini ýa-da pişiklerini öýünde saklamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar, şeýle hem zähmet rugsadyna ýa-da iş saparyna gidýän adamlar hem peýdalanyp biler, şol döwürde itlere we pişiklere kimdir biri ideg etmeli bolar.
Bularyň ählisi jandarlaryň saklanylýan ýerinde göwnejaý şertleriň döredilmegini talap edýär.Bu şertler diňe bir öý haýwanlary üçin amatly ýagdaýlar däl-de, eýsem, degişli işgärleriň olara bolan gatnaşygyny hem öz içine alýar. Öý haýwanlarynyň saklanylýan ýerlerini häzirki döwürde bu babatda dünýäde bar bolan häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda gurnamak, ösen ýurtlarda bu ugurda toplanylan iň gowy tejribeleri öwrenmek hem-de ornaşdyrmak zerurdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, bu merkez şeýle hem öý haýwanlaryny gelip görmek, olar bilen gezim etmek, belki-de, öýünde saklamak üçin almak isleýänleriň ählisi üçin açyk bolmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ýaş nesilleri ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde örän uly ruhy-ahlak ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.Häzirki wagtda bu desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
Oňa döwlet Baştutanymyz uly üns berýär.Her bir jemgyýetiň ahlak ýörelgesi köp babatda maşgala gymmatlyklarynyň mizemezligi bilen kesgitlenilýär.Terbiýelemegiň, şol sanda watançylyk taýdan terbiýe bermegiň esaslary hut maşgalada düýbi tutulýar.
Munuň özi mähriban ojakdyr hem-de ählimiziň hemişe bil baglap biljek daýanjymyzdyr.Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala islendik döwletiň hakyky baýlygydyr.Ol milli özboluşlylygyň döreýän we kämilleşýän, beden we ahlak taýdan sagdyn nesil terbiýelenilýän binýatdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatyny Döwlet adam üçindir!diýen şygar astynda yglan edip, maşgala hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine, gadymy gymmatlyklaryň goralmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şol gymmatlyklar ata-babalarymyzyň parasatly öwüt-ündewlerine hemişe ygrarly bolan halkymyzyň özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.