Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işine başlady. Şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi, şeýle hem olaryň adyna Türkmenistanyň Prezidentiniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden gelip gowşan gutlaglar bu çäräniň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär.
Forum Arkalaşygyň umumy ynsanperwer giňişligi: medeniýet, bilim we ylym ulgamynda söhbetdeşlik diýlip atlandyrylýar.Onuň gün tertibine häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hem-de bilelikde işlemegiň ileri tutulýan ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemek meseleleri girizildi.
Wekilleriň 200-e golaýy — Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Russiýanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de sungat işgärleri, alymlary, medeniýet edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri şu gün irden Mekan köşgünde ýygnandylar.
Onuň girelgesiniň öňünde artistler myhmanlary dürli döredijilik äheňleri boýunça aýdym-saz çykyşlary bilen garşyladylar.Bu ýerde, köşgüň eýwanynda muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň hem-de halkymyzyň amaly-haşam döredijiliginiň, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy.
Medeni mirasymyzyň hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman çeperçilik durmuşynyň şunuň ýaly özboluşly keşbi forumyň işine ajaýyp başlangyç boldy.Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, birnäçe halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri hem çagyryldy.
Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň beýleki agzalary hem bar.Maslahat başlanmazdan öň, GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylaryň surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra hemmeler zala geçdiler, bu ýerde prezidiumyň agzalary sahnada öz orunlaryny eýelediler.Olaryň hatarynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Polat Bülbül ogly, YHDG-nyň Ýerine ýetiriji direktory Anatoliý Iksanow, RF-iň Prezidentiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Wladimir Tolstoý we beýlekiler bar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz Arkalaşyga girýän ýurtlaryň wekillerini mübärekläp, bu halkara forumyň dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, döredijilik we ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi tanyşdyrmakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Milli Liderimiziň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, 2012-nji ýylda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem şol ýylda ýurdumyzyň Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi dostlukly ýurtlaryň milli öwüşginli medeniýetini, ynsanperwer ýörelgelerini özara baglanyşdyrmaga täze badalga berdi.
Ine-de, myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän nobatdaky duşuşyk medeni, döredijilik, ylym we bilim gatnaşyklary halklary ýakynlaşdyrmaga ýene-de bir goşant bolup, ruhy gymmatlyklary aýawly saklamaga, nesillere geçirmäge hem-de wagyz etmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi hem-de bu ýere ýygnananlar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.Soňra Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Wladimir Tolstoý Russiýanyň Lideri Wladimir Putiniň GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Siziň duşuşygyňyz Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda myhmansöýer Aşgabatda geçýär.Ynsanperwer hyzmatdaşlyk, däp bolşy ýaly, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.Siziň her ýyl geçirýän forumyňyz ylym we bilermen toparlaryň, ýaşlaryň hem-de talyp guramalarynyň wekilleriniň, bilim, medeniýet we sungat işgärleriniň gös-göni gatnaşyklaryny üpjün edip, biziň ýurtlarymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun eýeleýär diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Siz möhüm meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşarsyňyz, hünär hem-de döredijilik tejribesini alşyp, dürli ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary goldarsyňyz.Siziň işiňiz netijeli bolup, Arkalaşygyň giňişliginde goşulyşmak işlerini has giňeltmäge hem-de biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigine umyt edýärin diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Gutlagynda belledi.
Onuň sözleri şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldy.Soňra forumyň umumy mejlisi geçirildi.Onda, ozaly bilen, 2018-nji ýylyň sentýabrynda Duşenbede geçirilen Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi hakynda kabul edilen kararyň Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz üçin uly hormat hem-de ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezmek üçin nobatdaky mümkinçilik bolandygy bellenildi.
Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmegiň üstünlikli tejribesini toplady. Şonda 2012-nji ýylda, häzir hem, biziň döwletimiz öz üstüne alan wezipeleriniň gerimine we möhümdigine düşünmek bilen, bu wezipä örän jogapkärçilik bilen çemeleşdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gös-göni ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy işlenilip taýýarlanyldy, ol Arkalaşygyň ähli ýurtlary üçin örän möhüm bolan islegini nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge bolan meýilleri, garaýyşlary we çemeleşmeleri şöhlelendirýär.
Türkmenistan GDA-nyň kuwwatyny doly amala aşyrmagy, Arkalaşygyň ýurtlarynyň durnukly ösmegi, halklarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin deňhukuklylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de birek-biregi hormatlamagyň esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine hemmetaraplaýyn ýardam etmegi başlyklyk etmeginiň baş maksady hasaplaýar.
Bellenilişi ýaly, GDA ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly, ynanyşmak we däbe öwrülen gatnaşyklar — bu diňe Arkalaşygyň baýlygy bolman, tutuş Ýewraziýanyň baýlygy bolup, dünýäniň gün tertibine täsirini ýetirýän yklymdaky durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm şertidir. 2019-njy ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly bileleşigiň netijeliligini artdyrmak boýunça umumy tagallalary işjeňleşdirmegiň ýyly, täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmagyň ýyly bolar diýip aýtmaga ähli esaslar bar.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew mejlisde çykyş edip, forumyň Arkalaşygyň ynsanperwer durmuşynda möhüm çäre hökmünde öz ornuny we abraýyny ýylsaýyn pugtalandyrýandygyny belledi.Ylym, sungat, bilim işgärleriniň gös-göni gatnaşyklary medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.
Bu gün bolsa forum iş ýüzünde täze pikirleriň, taslamalaryň, başlangyçlaryň kuwwatly badalgasyna öwrüldi.Aşgabatda ynsanperwer gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça netijeli we baý mazmunly gatnaşyklar üçin ähli şertler hem-de ajaýyp mümkinçilikler döredildi.
S.Lebedew munuň Türkmenistanyň GDA-nyň umumy ynsanperwer giňişligini goramaga we ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, şu günki forumy geçirmäge ýardam edendigi hem-de GDA-nyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Medeniýet, bilim, ylym ulgamlarynda, kitap alyşmak, arhiw işi, maglumatlar, köpçülikleýin kommunikasiýalar, sport, syýahatçylyk, ýaşlar bilen işlemek babatda özara gatnaşyklaryň guraly ýylsaýyn kämilleşdirilýär.Eger Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny biziň gatnaşyklarymyzyň maddy esasy diýip alsak, onda ynsanperwer gatnaşyklar onuň ruhy özeni bolup, ykdysady gatnaşyklardan birjik-de pesde durmaýar, çünki ol adamlary, kalplary, halklarymyzyň medeniýetini, bilimi, ylmy birleşdirýär, ýaşlary ýakynlaşdyrýar diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary belledi.
Onuň nygtaýşy ýaly, häzir pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralarynyň 10-sy hem-de uly orun eýeleýän Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy işleýär.Arkalaşykda 20 ýylyň dowamynda her ýyly atlandyrmak tejribesi özüni gowy tarapdan görkezdi. Üstümizdäki ýyl Kitap ýyly diýen şygar astynda geçýän bolsa, geljek — 2020-nji ýyl Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş ýyly diýlip yglan edildi. Ýeri gelende aýtsak, 2021-nji ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklibi boýunça Binagärlik we şähergurluşyk ýyly hökmünde geçer.
Kitap ýylynda ýaş nesliň çeper edebiýata çekilmegine, kitap şekillendiriş sergileriniň guralmagyna, kitabyň we okaýşyň ilerledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle çäreler ýylyň başyndan bäri eýýäm Ermenistanda, Belarusda, Gazagystanda, Russiýada geçirildi hem-de Arkalaşygyň beýleki ýurtlarynda geçirmek bellenildi.
Olar şu forumyň çäklerinde Aşgabatda hem geçiriler.Döredijilik we ylmy işgärleriň forumlary bilen bir hatarda, GDA-da alymlaryň hem duşuşyklary, mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň gurultaýlary däbe öwrüldi. Şolaryň barşynda goşulyşmaga gönükdirilen dürli hünär toparlarynyň deňhukukly gepleşikleri geçirilýär.
GDA-nyň ulgamlaýyn uniwersiteti ýene bir möhüm bilim taslamasy bolup durýar. Şonuň çäklerinde GDA döwletleriniň 9-syndan uniwersitetleriň 35-siniň gatnaşmagynda 2010-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda GDA ýurtlarynyň uniwersitetlerinde 954 magistrant bilim almak mümkinçiligine eýe boldy, olaryň 460-sy Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň grantlary boýunça okadyldy.
Bu görnüşdäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulgamlaýyn uniwersitetini esaslandyrmak we işletmek hakynda ylalaşygyň ýakyn wagtda kabul edilmegine ýardam eder.Arkalaşykda ýaş nesliň medeni gatnaşyklara çekilmeginiň ähmiýeti we möhümdigi ähli derejelerde ykrar edildi.
GDA döwletleriniň ýaşlarynyň yzygiderli gatnaşyklary üçin häzir çäreleriň birnäçesi guralýar, şol sanda GDA ýurtlarynyň ýaşlar guramalarynyň forumy, ýaşlaryň parlamentara forumy we beýlekiler döredildi. Şeýle hem GDA üçin 100 pikir atly halkara ýaşlar taslamasy yzygiderli amala aşyrylýar. Şu ýylyň güýzünde Azerbaýjan 2018 — 2019-njy ýyllaryň jemleri boýunça taslamanyň ýeňijilerini kabul eder. Şeýle hem ýaşlaryň işleri boýunça bu geňeşiň gatnaşmagynda iň gowy işleriň tanyşdyryş sergisi guralar.
GDA-da her ýyl geçirilýän, gatnaşyjylaryň we janköýerleriň köp sanlysyny özüne çekýän gatnaşyjy döwletleriň ýaşlar delfiýa oýunlaryny, mekdep sportunyň halkara festiwalyny, halkara Yssyk köl sport oýunlaryny hem görkezmek bolar.
Sportuň milli görnüşlerini ösdürmäge goldaw bermek Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň bir görnüşine öwrüldi. 2015-nji ýyldan bäri maksatnamalaýyn resminama amala aşyrylyp, şoňa laýyklykda GDA gatnaşyjy döwletleriň sportunyň milli görnüşleriniň festiwaly esaslandyryldy.
Häzir gün tertibinde GDA ýurtlarynyň birinji oýunlary bolup, olar 2020-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriler.Sergeý Lebedew çykyşyny jemlemek bilen, forumda açyk we ynanyşmak ýagdaýynyň höküm sürmegi netijesinde Aşgabatda geçirilýän nobatdaky duşuşygyň Arkalaşykda ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol bu gatnaşyklaryň düzüminde bilelikdäki möhüm we gyzykly taslamalaryň bardygyny, şolaryň adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň saklanmagyna hem-de özara düşünişmegini berkitmäge, birek-birege hormat goýmaga we dostluga, geljekki nesillere halklarymyzyň taryhy taýdan kemala gelen gatnaşyklary, etnomedeni köpdürlüligi hem-de özboluşly däpleri geçirmäge ýardam edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan ynsanperwer ulgamda köptaraplaýyn gatnaşyklar GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde amala aşyrylýar.
Biziň bilelikdäki işlerimiz medeniýet, bilim, ylym, medeni mirasy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýalar, sport, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty ýaly ugurlary öz içine alýar.Gaznanyň köpýyllyk işi GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň hereket edýän gurallaryny kämilleşdirmäge hem-de täze görnüşlerini döretmäge mümkinçilik berdi.
Arkalaşygyň ýurtlarynda taslamalaryň ýüzlerçesi amala aşyrylyp, şolardan GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumlary, Arkalaşygyň medeni paýtagtlary diýen döwletara maksatnamalar, Arkalaşygyň ýyldyzlary atly döwletara baýrak, Başlangyçlar arkalaşygy halkara baýragy hem-de beýlekiler has ähmiýetlidir.
Bu işiň netijeleri şeýle gatnaşyklaryň we duşuşyklaryň medeni hem-de adam ösüşi üçin örän möhümdigini görkezdi.Umumy ruhy gymmatlyklarymyza esaslanan bu ajaýyp däpleriň dowam etdirilmegi bize täze ýollary açar. Çünki sungat, medeniýet, jemgyýet, göýä, daragt ýaly, diňe daşarky dünýä bilen yzygiderli gatnaşyklaryň şertlerinde ösýär.
Olar näçe giň boldugyça, şonça-da miweleri süýji bolýar.Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň başlygy Polat Bülbül ogly öz çykyşynda ýaşlar syýasaty we bilim baradaky gürrüňi dowam etdi.
Bu meseleler boýunça GDA-nyň ýokary edaralary tarapyndan resminamalaryň 35-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda Ýokary bilim hakynda diplomlary ykrar etmek, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurtlarymyzyň bazarlarynyň isleglerini nazara almak bilen, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we täzeden taýýarlamak üçin GDA döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sine binýatlyk edaralaryň derejesini bermek hakynda ylalaşyklar bar.
Gaznanyň taslamalarynda inklýuziw bilime aýratyn üns berilýär.Biz häzirki jemgyýetde ösüş aýratynlyklary hem-de beden taýdan ösüşinde ýetmezçilikleri bolan çagalaryň we ýaşlaryň uýgunlaşmagyna gönükdirilen taslamalary goldaýarys diýip, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň müdiriýetiniň başlygy belledi. Ýaşlary iş bilen üpjün etmek hem-de ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny artdyrmak meseleleri özara gatnaşyklaryň möhüm mowzugyna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, meýletinçilik hereketi bilen bagly mowzuklar hem unudylmady.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň ylym ulgamyndaky taslamalary GDA ýurtlarynyň ylmy tehnologik ylmynyň täsin desgalaryny bilelikde ulanmaga gönükdirilendir.Aýratyn-da, Polat Bülbül ogly medeni hyzmatdaşlygyň ugruny belläp, bu babatda has möhüm taslamalary hem-de çäreleri, halkara we milli çäreleri: aýdym-saz, teatr kinofestiwallary, bilelikdäki sergileri, bäsleşikleri, suratkeşler üçin tälim beriş okuwlary, seminarlary, maslahatlary mysal getirdi.
Umuman, gaznanyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, 2007 — 2018-nji ýyllarda Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gazna köptaraplaýyn taslamalaryň 735-siniň amala aşyrylmagyna ýardam edip, şolara GDA-nyň ähli ýurtlaryndan, Baltikadan we Gruziýadan 500 müňden gowrak adam gatnaşdy. 2019-njy ýyl üçin taslamalaryň 84-si meýilleşdirildi. Şol taslamalaryň her biriniň aňyrsynda adamlar, asylly işler, täze mümkinçilikler we tutanýerlilik durup, olar adamlaryň ýüzlerçe müňüsini birleşdirýär hem-de dünýäni has-da abadanlaşdyrýar.
Polat Bülbül ogly Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň tutuş toparyna, ozalky we geljekki taslamalara gatnaşyjylara, şu günki forumyň guramaçylaryna hem-de ýurtlarymyz üçin asuda ynsanperwer giňişligi döretmek üçin ähli tagallalary edýän, bilim-başarnyklaryny gaýgyrmaýan adamlara hoşallyk sözlerini aýtdy.
Ol sözüniň ahyrynda Azerbaýjanyň wekili hökmünde türkmen we azerbaýjan halklaryny umumy kökleriň birleşdirýändigini belledi.Biz bir maşgala degişli bolup, dürli şiwelerde gürlesek-de, bir dilde gepleşýäris.Medeni-dil ýakynlygyndan başga-da, milli özboluşlylyk bolup, ol bir-birimize sözsüz düşünmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin biziň ýurtlarymyzda birek-biregiň aýdym-saz we şygryýet mirasyna bolan gyzyklanma örän uludyr diýip, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen belent ada mynasyp bolan myhman belledi.
Polat Bülbül ogly mümkinçilikden peýdalanyp, forumyň münberinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna bildiren ynamy üçin çäksiz hoşallygyny beýan etdi.Men siziň ynamyňyzy ödemäge çalşaryn hem-de ömrümiň ahyryna çenli bu belent ady buýsanç bilen götererin diýip, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň ýolbaşçysy belledi hem-de ýygnananlary Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň binýadynda döredilen GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsertine çagyrdy.
Maksatnamasyna Arkalaşygyň ýurtlarynyň kompozitorlarynyň eserleri girjek konsert 16-njy maýda Mukamlar köşgünde bolar, şonda Polat Bülbül ogly iň gowy aýdymlaryny ýerine ýetirer.Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý öz nobatynda Aşgabatda şu münberden çykyş etmegiň özi üçin köp sebäpler boýunça, şol sanda onuň Türkmenistanyň çäginde goşun gullugy hakynda ýatlamalary bilen bagly sebäpler boýunça hem örän ýakymlydygyny aýtdy.
Ol başga döwürdi, şondan bäri köp zat üýtgedi, emma türkmen halkynyň päk ýürekliligi, hoşniýetliligi, mähirliligi üýtgewsizligine galdy.RF-iň Prezidentiniň ýörite wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumyna mähirli garaýşy, Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerine ýetiren örän uly guramaçylyk işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
M.Şwydkoý forumyň çäklerinde Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen mowzuga bagyşlanan pikir alyşmalaryň geçiriljekdigini aýdyp, bu ýoluň çäk taýdan birleşdiren halklarynyň häzir hem taryhy nukdaýnazardan baglydygyny, emma esasy zadyň biziň umumy geljegimiz bilen baglydygymyzy belledi.
Myhmanyň belleýşi ýaly, biz bu ýerde diňe GDA ýurtlarynyň wekillerini däl-de, eýsem, Ukrainadan, Gruziýadan, Baltika ýurtlaryndan hem dostlarymyzy görýändigimize örän şatdyrys.Hut ynsanperwer giňişlik hemmeleri bilelikde döretmek isleginde jemleýär.
Mihail Şwydkoý sözüniň ahyrynda bereketli türkmen topragynyň myhmansöýerligi, bu ýerde ýygnanyp, biziň ýurtlarymyzyň öňünde durýan örän wajyp, örän möhüm meseleler barada gürrüň etmäge döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini aýtdy.
Soňra ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda gazanylanlar üçin gowşurylýan Arkalaşygyň ýyldyzlary döwletara baýragyň eýelerini sylaglamak dabarasynyň başlanýandygy yglan edildi. Şeýlelikde, Arkalaşygyň ýyldyzlary — 2018 döwletara baýragyna Azerbaýjanyň halk artisti, at gazanan sungat işgäri, Azerbaýjanyň U.Gajibeýli adyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Rauf Abdullaýew, Ermenistan Respublikasynyň halk suratkeşi Robert Elibekýan, akademik O.W.Romana adyndaky belarus külkelenen metallurgiýa institutynyň awtorlar topary — alymlar Pýotr Witýaz, Aleksandr Ilýuşenko we Mihail Andreýew mynasyp boldy.
Sylaglanan adamlaryň hatarynda Gazagystandan şahyr, Žazuşy neşirýatynyň direktory Esengali Rauşanow, Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy, Kino akademiýasynyň prezidenti Mar Baýjiýew, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Moldowanyň döwlet lukmançylyk we farmasewtika uniwersitetiniň rektory Ion Ababiý, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, Russiýanyň Kurçatow instituty milli barlag merkeziniň prezidenti Mihail Kowalçuk, Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ýadro we radiasiýa agentliginiň esasy ylmy işgäri Ulmas Mirsaidow bar.
Biziň ýurdumyzdan döwletara baýraga Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi Garýagdyýew mynasyp boldy.Sylaglara mynasyp bolan adamlaryň — Arkalaşygyň hakyky ýyldyzlarynyň adyna jan saglyk, abadançylyk hem-de zerur we möhüm işde täze üstünlikler arzuw edildi.
Baýraklaryň eýeleri öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp dostluk we ylham baýramçylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Soňra umumy mejlis GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.
Forumyň belent münberinden ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine bolan garaýyşlaryny Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Rafig Baýramow, Ermenistan Respublikasynyň medeniýet ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nazeni Garibýan, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow beýan etdiler.
Abaý adyndaky opera we balet gazak döwlet akademiki teatrynyň direktory Aýa Kaliýewa Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport ministriniň Aşgabat forumyna gatnaşyjylara ýollan gutlag hatyny okady.Bulardan başga-da, mejlisiň barşynda Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, habarlar we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Kaýrat Imanaliýew, Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Farhod Rahimi, Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýew hem-de beýlekiler çykyş etdiler.
Biziň döwletlerimiziň arasyndaky köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklaryny we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň, ylmyň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty baradaky düşünje baý mazmunly çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Çykyş edenleriň her biri milli tejribe, öz ýurdy bilen baglylykda döredijilik gatnaşyklaryny dowam etmegiň we ösdürmegiň möhümdigi barada aýtdy.
Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edişlik, forumyň işiniň ajaýyp guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde geçirilen umumy mejlis tamamlanandan soň, Mekan köşgünde guralan metbugat maslahatyna forumyň prezidiumynyň agzalary, Arkalaşygyň ýyldyzlary — 2018 halkara baýragynyň eýeleri hem-de milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Žurnalistleriň sowallaryna berlen jogaplarda GDA-nyň giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygyň aýrylmaz şerti hökmünde ynsanperwer ugruň möhümdigi, Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmegiň, olaryň taryhy-medeni mirasyny, umumy ynsanperwer gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň hem-de dünýä ýaýmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar syýasatynyň ähmiýetine, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişligine goşulyşmagyň ösüşinde, medeniýetara gatnaşyklaryň kemala gelmeginde ýaşlaryň ornuna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, forumyň gün tertibine ýaşlar bilen işlemekde yzygiderlilik hem-de täzeçillikler, olary ylmy we döredijilik işlerine çekmegiň möhümdigi, sport bilen meşgullanmagy ýaly meseleler girizildi.
Türkmenistanda, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen GDA ýurtlaryndan çagalary birleşdiren mekdep medeni-sport festiwalynyň geçirilmegi bu ugurda üstünlikli gatnaşyklaryň mysallarynyň biri hökmünde görkezildi.Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Kitap ýyly diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklary ösdürmekde, ýaşlary terbiýelemekde we nesilleriň arabaglanyşygyny saklamakda, halklary ýakynlaşdyrmakda edebiýata uly orun berilýändigi bellenildi.
Forumyň çäklerinde meýilleşdirilen tegelek stoluň başyndaky duşuşyk şu meselä, şol sanda terjimeçilik işine bagyşlanylar.Ylym ulgamynda, şol sanda lukmançylyk ulgamynda bilelikde netijeli işlemek hem-de tejribe alyşmak, saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy gazananlary iş ýüzünde ulanmak babatda şeýle mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän forumyň GDA-nyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, onuň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam edýän täze pikirleri we taslamalary ilerletmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Günüň ikinji ýarymynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly iki jiltlik kitabynyň ähmiýetine bagyşlanan pikir alyşmalar geçirildi.
Bu bölüm, esasan, foruma gatnaşyjylaryň hataryndan akademiki bileleşigiň wekillerini ýygnady.Ynsanperwer, şol sanda filosofiýa, durmuş ylymlary, taryh, gündogary öwreniş ugurlarynda ýöriteleşen görnükli alymlar gadymy döwürlerden häzire çenli Beýik Ýüpek ýolunyň başdan geçiren özgerişliklerini hem-de harytlaryň, tehnologiýalaryň, pikirleriň, adamlaryň hereketi üçin geçelgä öwrülmegini dürli nukdaýnazardan seljerdiler. Ýewraziýa yklymynyň diňe ykdysadyýetlerini däl-de, eýsem, halklaryny we medeniýetlerini ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň aýratynlygyny hem-de bu ugurda milli Liderimiziň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň geçirýän işlerini wagyz etmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi.
Soňra ýokary okuw mekdebiň meýdançasynda 2020-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty — Şymkent şäheri (Gazagystan Respublikasy) bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.Agşam bolsa, foruma gatnaşyjylar Dutaryň owazy atly sahna oýnuna tomaşa etdiler.
Ony döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy kitabynyň esasynda Türkmenistanyň Baş drama teatry sahnalaşdyrdy.Paýtagtymyzyň myhmanlary üçin baý mazmunly medeni maksatnama taýýarlanyldy.Forumyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýine, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler.
Ertir GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işini dowam eder.Onuň bölümleri Arkalaşygyň medeniýeti: hyzmatdaşlygyň köpugurly dili, GDA-da bilim we ylym: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, 2019-njy ýyl — GDA-da Kitap ýyly diýlip atlandyrylýar. Şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň hem-de Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçiriler.
Myhmanlara Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisine baryp görmek mümkinçiligi-de dörediler.Forumlaryň ýene-de bir däbi ynsanperwer ulgamda GDA ýurtlarynyň bilelikdäki işini şöhlelendirýän sergileriň guralmagydyr.Bu gezek sergi GDA-da Kitap ýylyna bagyşlanylar.
Bu ýerde Sowgatlyk kitaplar atly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna gowşurylýan soňky ýyllaryň iň gowy neşirleri, şeýle hem rus nusgawy we häzirki zaman edebiýaty görkeziler.Bu çäräni GDA-nyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy geçirýär.
Bu ýyl çäräni guraýjylaryň hataryna foruma gatnaşyjy ýurtlaryň hemmesi goşuldy.Forum Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen tamamlanar.Onda çärä gatnaşyjylar bilelikdäki işleriň netijelerini jemläp, ýakyn geljek üçin wezipeleri kesgitlärler.
Agşam bolsa GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy döredijilik we ylmy intelligensiýanyň duşuşygynyň jemine öwrüler.Foruma gatnaşyjylaryň umumy mirasy, ruhy we maddy medeniýetiň ýadygärliklerini, Arkalaşygyň ähli halklarynyň milli baýlygyny bilelikde goramak hem-de peýdalanmak, raýatlaryň olara erkin we deňhukukly elýeterliligi hem-de ynsanperwer hyzmatlaryň döwrebap bazaryny kemala getirmek, GDA ýurtlarynyň halklarynyň medeni özboluşlylygyny we dil köpdürlüligini aýawly saklamak hem-de höweslendirmek hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri bolup durýar diýen pikirlerini açyklyk, gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklar, işjeň pikir, tejribe, teklipleri we pikirleri alyşmalar ruhunda geçen forumyň birinji iş gününiň jemi diýip hasaplamak bolar. Çünki, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, umumadamzat gymmatlyklaryny ösdürmek hem-de berkarar etmek, dünýäde parahatçylygy we agzybirligi pugtalandyrmak ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar.