15.01.2021 | Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina-Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan)- Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar -Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Lebap welaýatynyň nebitgaz düzüminiň üstüni ýetiren täze senagat desgasynyň hem "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öz işine başlaýandygy bellärliklidir.

Hut şu ýerde, nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan gündogar sebitde Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Bu desgada Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky pikir öz beýanyny tapýar.

Bu energiýa geçirijisi XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde bu taslama hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, gaz geçirijisine tebigy gazyň eksport akymlary çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Garagumuň günortasynda, Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän “Malaý” gaz ýatagy hem bar.

Şu gün bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köpsanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze desganyň öňündäki meýdança gonýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Lebap welaýatynyň häkimi mübärekleýärler.

Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygy boýunça ýöräp, dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Ýodajygyň iki tarapynda nebitgaz senagatynyň işgärleri, elleri baýdajykly, howa şarly we gülli ýaşlar düzüldiler.

Gündogar sebitiň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly we tansly çykyş dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär täze möhüm senagat desgasy açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu dabara gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň ýygnanan binasyna tarap ugraýar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Olaryň ählisi ör turup, şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimizi mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny täze, 2021-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde şu günki taryhy ähmiýetli waka Malaý käninde gurlan döwrebap gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlary üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Netijede, gymmatly çig mal bolan tebigy gazy özara bähbitli esasda ýerlemegiň hem-de girdeji gazanmagyň täze bazarlary peýda bolýar.

Biziň syýasatymyz ýurdumyzyň uly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ulanmakdyr. Öňde goýlan bu belent maksatlara ýetmek ugrunda gysga wagtyň içinde möhüm ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän Malaý ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär.Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary mawy ýangyç bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan TürkmenistanÖzbegistanGazagystanHytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär.

Bu halkara energiýa magistraly bilen Malaý känini uzynlygy 188 kilometr bolan MalaýBagtyýarlyk gaz geçirijisi birleşdirýär.

Bu ýerde guýularyň önüm berijiligini artdyrmakda, käniň tebigy gaz goruny has doly peýdalanmakda işe girizilýän täze desganyň ähmiýeti örän uludyr. Täze gurlan desganyň A we B önümçilik sehleri bolup, A sehiniň wezipesi Malaý gaz känini doly özleşdirmekden ybaratdyr. B sehi bolsa, Galkynyş we Döwletabat känleriniň gazyny Malaý Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.

Bu täze desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol enjamlar kämil awtomatlaryň we kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desgada ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyryldy.

Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde gaz gysyjy enjamlar toplumyndan başga-da, sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde merkezi dolandyryş operator hem-de mehaniki bejeriş we ýangyn howpsuzlyk binalary, edara binasy, ýangyna garşy suw howuzlary göz öňünde tutuldy.

Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny dörär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly taryhy ösüşlere, uly rowaçlyklara beslenýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde geçirilýän bu dabaraly çäräniň hem aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Sebäbi, Türkmenistan gurýan we döredýän, iri taslamalary amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni giňden tanadýar.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durnukly ösýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalardyr binalar hem-de önümçilikler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz eziz Diýarymyzda şular ýaly iri desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna, döwrebap innowasiýalara, ösen tehnologiýalara möhüm ähmiýet berýäris.Hut şunuň netijesinde hem, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalarynyň ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlerine hem-de ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalaryna mynasyp bolýar.

Munuň özi, elbetde, buýsandyryjy ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün açylyp, ulanmaga berilýän iri senagat desgasynyň hem diňe bir biziň häzirki ösüşlerimize mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýygnananlary şu günki taryhy waka Malaý käninde gurlan gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň baş direktory jenap Li Şulýana söz berildi. Ol Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň işgärleriniň adyndan ýygnananlary “Malaý” gaz käninde täze gaz gysyjy desganyň üstünlikli ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylan bu iri taslama şol gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi bolsa gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

“Malaý” gaz käniniň golaýynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäk ýerleşýär. Şol ýerde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Özbegystanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki aýdyň beýanyna öwrülen Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisini resmi taýdan işe girizmek dabarasy boldy.

Häzirki wagta çenli “Türkmengaz” döwlet konserni we “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýataklardan hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallasy bilen, Ýuwaş ummanynyň kenaryna çenli tebigy gazyň jemi 290 milliard kub metri iberildi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji orna we dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň energetika döwletidir. Nebitgaz ulgamynda ählumumy we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda Türkmenistana möhüm orun degişlidir diýip, myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde ýokary depginler, uglewodorod serişdelerini gözlemekde we işläp taýýarlamakda, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermekde hem-de gazhimiýa senagatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň iň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) mundan beýläk-de tehnologik alyşmalary pugtalandyrmaga hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, jenap Li Şulýan aýtdy.

Myhman şu ajaýyp waka bilen dabara gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz HHR-iň wekillerine geçirýän uly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezen daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şeýle giň gerimli taslamanyň bir ýyl sekiz aýyň dowamynda amala aşyrylmagy onuň asyryň gurluşygy atlandyrylmagyny şertlendirdi. Türkmen gazy dostlukly hytaý halkynyň müňlerçe öýlerine ýylylyk getirdi, senagat kärhanalaryny zerur bolan möçberde ýangyç bilen üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagat taslamalary daşky gurşawy goramak meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi hakyndaky Kioto teswirnamasyny we bug gazlarynyň howa zyňylmagynyň azaldylmagyny göz öňünde tutýan beýleki halkara ylalaşyklaryny tassyklady. Şundan ugur almak bilen, ähli ulgamlara hem-de pudaklara, şol sanda nebitgaz senagatyna döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Şu täze desganyň hem bu talaplara laýyk gelmegi türkmen hytaý hyzmtadaşlygynyň ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Natçene ýüzlenip hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin diplomat tarapyndan bu ugurda ähli tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Soňra ýygnananlara Türkmenistana bagyşlanan hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwaty ösüşiniň esasy ugurlary, gaz gysyjy desga barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.

Ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şu meseleler boýunça döwletimiziň garaýyşlaryny BMG-niň belent münberinden ençeme gezek beýan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşiginiň doly goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda möhüm wezipeleri çözmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady.

Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bar. Ol diňe bir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna, sebitde energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellenilişi ýaly, XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy energetika ulgamynda üstünlikli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçirijisi özüne üç ugry (A, B we С) ugry birleşdirýär.

Hytaýyň çäginde oňa uzynlygy 10 müň kilometre golaý bolan Günbatar-Gündogar gaz geçirijisi birleşýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýadan gelýän gaz HHR-iň 25 welaýatyna we awtonom etraplaryna, şeýle hem Gonkong aýratyn edara ediş etrabyna gelip gowuşýar. Munuň özi gazdan 500 milliona golaý adamyň peýdalanýandygyny aňladýar.

“Türkmengaz” döwlet konserni transmilli gaz geçirijisine “mawy ýangyjy” esasy iberiji bolup durýar.

2007-nji ýylda Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) “Amyderýa” gaz kompaniýasynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkdäki ýatak ekologiýa taýdan arassa çig malyň ikinji uly çeşmesi bolup durýar.

Hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan Amyderýanyň sag kenarynda uglewodorod çig malyny gözlemek, gorlaryna baha bermek hem-de senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly geologiýa - gözleg we burawlaýyş işleriniň uly möçberleri ýerine ýetirildi. Bu ýerde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň uly gorlary bolan ýataklaryň 20-den gowragy ýüze çykaryldy.

Samandepe ýatagynda we Hojambaz etrabynda ýylda umumy kuwwatlylygy 14 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi, beýleki önümçilik, logistik hem-de durmuş düzümleri guruldy.

2014-nji ýylda Amyderýanyň sag kenaryndaky iri ýataklarda gözleg hem-de işläp bejeriş işleri üçin ulanylýan esasy tehnologiýalar HHR-iň ylmy-tehniki ösüş babatyndaky Milli baýragyna mynasyp boldy.Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bolsa 10-dan gowrak pudaklaýyn hem-de milli sylaglara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň raýat gurluşygy, ylym we tehnika ulgamyndaky iň abraýly “Zhan Tianyou” baýragyna mynasyp boldy.

“Bagtyýarlygyň” ilkinji daşary ýurt taslamasy bolandygyny bellemek gerek. Şol ýerde PetroÇina kompaniýasy tarapyndan “Sanly gaz ýatagy” platformasy guruldy. Häzirki wagtda ol özüne 125-den gowrak ulanyş guýusyny birleşdirýär.

Turba geçirijiniň işe girizilen pursadyndan bäri şu ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýadan Hytaýa 336 millard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Şunda Türkmenistan iberilen “mawy ýangyjyň” 85 göterimini üpjün etdi.

Gürrüňimizi dowam etdirip, “Gazprom” bilen “Türkmengaz” döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak baradaky baglaşylan bäşýyllyk şertnamanyň çäklerinde Russiýa Federasiýasyna hem Orta Aziýa-Merkez gaz geçirijisi boýunça gaz iberilýändigini bellemek gerek.

Diýarymyzyň ähli gaz magistrallaryny bitewi ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň gaz ulag ulgamyny ösdürmegiň ýolunda uly ädim boldy. Şunuň netijesinde, “Döwletabat” hem-de “Galkynyş” ýaly ägirt uly tebigy gaz ýataklary bar bolan Mary welaýatyndan gazy rewers görnüşinde Ahal we Balkan welaýatlaryna ibermäge mümkinçilik döredi.

Mundan başga-da, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi türkmen energiýa serişdelerini Hazaryň üsti bilen halkara bazarlaryna eksport etmekde ulanylyp bilner.

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky, şonuň ýaly-da, Merkezi Garagumdaky geljegi uly nebitgaz ýataklaryny, şeýle hem ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt özleşdirmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyşyň” gorlary, “Ýaşlar” hem-de “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, häzirki wagtda 27 trillion kub metr möçberinde kesgitlenilýär.

Ozal bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy ulanmaga berlipdi, häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün etmäge niýetlenen şoňa meňzeş we şonuň ýaly kuwwatlykdaky toplumlar gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze gorlaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işleriniň gerimi giňelýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň çig mal binýadyny berkitmek bu işleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, täze önüm gatlaklarynyň ýüze çykarylmagy mümkin bolan öňki ýataklaryň çäklerinde, şeýle hem golaýda ýerleşýän geljegi uly meýdançalarda geofiziki barlaglar hem-de gözleg-buraw işleri amala aşyrylýar.

2019-njy ýylda “Malaý” ýatagynyň golaýynda açylan Täjibaý ýatagy şeýle mysallaryň biridir. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň geçiren ilkinji buraw guýulary gazyň senagat akymyny berdi.

Şu sebitde ugleworodlar uly bolmadyk çuňluklarda jemlenendir hem-de özleşdirmäge örän elýeterlidir.

Seýsmiki barlaglaryň we gözleg burawlaryň şunuň ýaly toplumy Naýyp hem-de Bagaja ýataklarynyň töwereklerinde hem bellenendir. Şolaryň binýadynda kuwwatly gazy gaýtadan işleýän, şol sanda suwuklandyrylan gaz öndürilýän toplumlar işleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen örän iri döwrebap senagat desgalary ulanylmaga tabşyryldy.

Hususan-da, bular ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan Gyýanlydaky polimer zawoddyr, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawoddyr. Bu desgalar Ýaponiýanyň hem-e Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda guruldy.

Geljekde täze gazhimiýa toplumlaryny ýurdumyzyň her welaýatynda, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürjek toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Umuman, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň kuwwatyny artdyrmagy üpjün edýär, dünýäniň energetika döwleti hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Ine-de, esasy pursat ýetip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda sensor panelindäki ýörite “goýberiş düwmesine” basyp, gaz gysyjy bekedi ulanyşa girizýär.

Zalda oturdylan uly monitorda şol pursatda görkezilip duran tehnologiki gurluşda bu ýerden ugradylan harytlyk gazyň magistral gaz geçiriji ulgama baryp gowşandygyny aňladýan görkezijiniň yşygy işläp başlaýar.

Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar --“Petro Gas LLP” (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur “Dresser-Rand S.A.” kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi.

Gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrmaga niýetlenen enjamlaryň her biriniň kuwwaty 32 MWt barabardyr. Açylyş dabarasynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gaz gysyjy desganyň gurluşygyna türkmen hünärmenleriniň gatnaşdylar. Olar ähli gurluşyk-gurnama işleriniň 80 göterimden gowragyny ýerine ýetirdiler.

Soňra milli Liderimiz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Bekediň hünärmenleri işgärleriň zähmet çekmegine amatly şertler döredilen gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasynyň bina edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň bähbidine ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi. Dikuçar Türkmenabat şäheriniň howa menziline tarap ugur aldy. Şol ýerden milli Liderimiz Aşgabada ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi
MALAÝ GAZ KÄNINDÄKI GAZ GYSYJY DESGASYNYŇ IŞE GIRIZILMEGI
СДАЧА В ЭКСПЛУАТАЦИЮ ГАЗОКОМПРЕССОРНОЙ СТАНЦИИ НА МЕСТОРОЖДЕНИИ МАЛАЙ - ПРОДОЛЖАЕТСЯ РАЗВИТИЕ ЭКСПОРТНОГО ПОТЕНЦИАЛА ГАЗОВОЙ ОТРАСЛИ ТУРКМЕНИСТАНА
Türkmenistanda Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi