Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gönükdi.Daşary syýasat derejäniň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler toplumynyň guralmagy meýilleşdirildi.
Onuň başyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk atly maslahat başlady.Iri halkara agentlikleri we meşhur internet saýtlar bu barada aýtmak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýörite Kararnamany kabul edendigini we onuň ýurdumyza dünýä tejribesinde ilkinji gezek halkara-hukuk derejesini berendigini belleýärler. Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamany biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Onda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine goldaw, şeýle hem onuň sebitde we dünýä giňişliginde möhüm orna eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapdy.Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.
Russiýanyň Interfaks habarlar agentligi, Azerbaýjanyň Trend garaşsyz habarlar agentligi, Ýewraziýanyň Ritmleri saýty we beýleki täzelikler portallary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bu gün türkmen Bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar.
Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär” diýen sözlerini getirýärler.Parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary milli Liderimiziň yzygiderli ýöredýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugurlarydyr.
BMG-niň jogapkärli uzakmöhletleýin hyzmatdaşy, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarly ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ugrunda edilýän halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar.
Bu ugurda biziň ýurdumyz ägirt uly parahatçylyk söýüjilikli tejribe toplady.Aşgabatda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Täjigistandaky we Owganystandaky içerki gapma-garşylyklaryň syýasy taýdan çözülmegi boýunça gepleşikleriň geçirilmegi munuň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde bu tejribe sebit boýunça ähmiýetli bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy, sebitleýin ýaragsyzlanmak meselelerine goldaw bermek, suw-energetika meseleleriniň deňeçer çözgüdini tapmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly wajyp ugurlarda BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolmaga taýýardygyny belleýär diýip, Owganystanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Pakistanyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri öz habarlarynda aýratyn nygtaýarlar.
Täjigistanyň Avesta, Gyrgyzystanyň Kabar habarlar agentliklerinde we beýleki saýtlarda çap edilen makalalarda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Owganystana ykdysady we ynsanperwerlik babatda ägirt uly goldaw berýändigi nygtalýar. Şeýle kömek goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmeginde, owgan ýaşlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagynda, Owganystana ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda we beýleki görnüşlerdäki kömek goldawlarda öz beýanyny tapýandygy aýratyn bellenilýär.
Owgan hünärmenleriniň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň, ilkinji nobatda, energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly durmuş taýdan wajyp pudaklardaky işleriň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan galkynmagynyň hem-de sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynda aýtdy. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň BMG bilen netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze tapgyry emele getirdi.
Bu Merkeziň işi sebitiň giňişliginde durnuklylygyň ýola goýulmagyny we netijeli özara gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýär.BMG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky tejribesiniň has giňden ýaýratmak üçin ähmiýetlidigini nobatdaky gezek tassyk edýär.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesi Aşgabatda geçirilen maslahat baradaky öz synlarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejäni parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde peýdalanmak boýunça Düzgünnamalaryň toplumyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürendigini bellediler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu resminama mümkin bolan gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň ösüşine ýol bermezlik we güýç ulanmaga çenli bolan ösüşini togtatmak, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly gepleşikleri geçirmek ýagdaýyna getirmek üçin netijeli gural hökmünde halkara bileleşigi tarapyndan ulanylyp bilner.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hususan-da, Russiýanyň DIM-niň Meždunarodnaýa žizn žurnalynyň, Ermenistanyň Arm Info habarlar agentliginiň, Belarusuň Belta döwlet habarlar agentliginiň makalalarynda milli Liderimiziň Türkmenistan häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek işinde eýeleýän wajyp ornuny nygtamak isleýärin diýip, maslahatda aýdan sözleri getirilýär.
Kiýewiň Fashyon-diplomaсy mediaportalynyň, Russiýanyň InfoŞOS habarlar-seljeriş žurnalynyň, Hytaýyň Sinhua döwlet habarlar agentliginiň, Azerbaýjanyň Azernews gazetiniň we beýlekileriň belleýişleri ýaly, Bitaraplygyň hukuk derejesiniň ägirt uly mümkinçilikleri diňe bir ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin däl, eýsem, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ýaly birnäçe ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde bellidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Gündogar Ýewropa we GDA sebitinde soňky 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin Durnukly Ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurtdygy bellenilýär.
Häzirki döwürde Durnukly Ösüş Maksatlarynyň wajyp ugurlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna girizildi.Hususan-da, munuň özi ilatyň elýeterli, ygtybarly we öz wagtynda energiýa üpjünçiligi, ykdysady ösüşe we doly iş bilen üpjünçilige goldaw bermek, çeýe düzümi döretmek, durnukly senagatlaşmaga goldaw bermek we täzeçil ýörelgeleri höweslendirmek ýaly esasy ugurlardan ybaratdyr. Şunlukda, ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagyna möhüm üns berilýär.
Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek Türkmenistanda anyk durmuş ugurlylygy bilen tapawutlanýar.Gürrüň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we ilatyň iýmitini has-da gowulandyrmak, hemmetaraplaýyn sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, doly gender deňeçerligini üpjün etmek, ählumumy, hemmetaraplaýyn we ýokary hilli bilim üçin zerur şertleri döretmek ýaly möhüm ugurlar barada barýar. Ýaýradylan teswirnamalarda ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmek ýörelgeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak, suw serişdelerine deňhukukly we adalatly hukugy üpjün etmek ýaly başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigi nygtalýar.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsinde, şol sanda Hindistanyň Diplomaty today saýtynda, Azerbaýjanyň Kaspiý online internet neşirinde, Hytaýyň CRL online saýtynda ýerleşdirilen makalalarda döwlet Baştutanymyzyň çykyşyndan sözme-söz jümleler getirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplygyň ähmiýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, hususan-da, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň Dostlarynyň toparyny döretmek boýunça täze wajyp başlangyçlaryna aýratyn üns berdiler.
Azerbaýjanyň QHT täzelikler agentliginde, Gruziýanyň News Day internet neşirinde çap edilen giňişleýin synlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn halkara başlangyçlaryna BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işiniň wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyklar boýunça Müdiriýetiniň sebit edarasynyň ýolbaşçysy Aşita Mittal, ÝUNESKO-nyň kabulhanasy Tähranda ýerleşýän Klaster edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowskiý, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokar komissarynyň Müdiriýetiniň Sebit edarasynyň direktory Ýasuko Oda tarapyndan ýokary baha berlendigi bellenilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk ugruna eýermek bilen, diňe bir durmuş ulgamynyň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşandygy biragyzdan bellenildi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň seçip alan ýolunyň ygtybarlydygyny we esaslydygyny, ýurduň daşary syýasat ösüş ugrunyň bolsa has oňaýly we milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ugurlaryna laýyk gelýändigini ynam bilen aýtsa bolar.
BMG-niň howandarlygynda gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň sebäplerini we zyýanlaryny aradan aýyrmak, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, Bitaraplyk esaslaryny iş ýüzünde peýdalanmak boýunça köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça öňe süren başlangyjy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy. Şeýle hem köpsanly daşary ýurt täzelikler neşirleri Maslahatyň çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň BMG-niň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy boýunça Iş meýilnamalaryna gol çekilendigini habar berdiler.
Taraplar çaga hukuklary, gender deňeçerligi, ýaşlaryň reproduktiw saglygy we beýleki ugurlar boýunça kanunçylyk binýady ösdürmek babatda özara gatnaşyklara meýillidiklerini mälim etdiler. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly maslahat barada aýdyp, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny nygtaýarlar.