145 milliona ýeter

Geçirilen barlaglara görä elektroulaglaryň sany 2030-njy ýyla çenli 145 milliona ýeter. “Car dealer” žurnalynyň internet saýtyndaky habara görä, häzirki wagtda ýer ýüzünde 11 million elektrokar bar.

Halkara Energiýa Agentliginiň (IEA) maglumatlaryna görä, elektroulag bazary pandemiýa döwründe hem ösüşini dowam etdiripdir.Bu döwürde umumy awtoulag bazary 16 göterim kiçelen bolsa, elektroulag bazary 41 göterim giňelipdir. Şeýlelikde bazaryň 100-den 5-inden hem az bölegini elektroulaglar emele getiripdir.

Bu görkeziji üç million elektroulag diýmegi aňladýar.Bu döwürde Ýewropa ilkinji gezek Hytaýdan ozduryp, dünýäniň iň uly eletroulag bazary boldy.Sebitde 1,4 million elektrik energiýasy bilen işleýän maşyn satylypdyr.

Bu görkeziji Hytaýda 1,2 million bolupdyr.Bu ýokary depginiň 2021-nji ýylda hem dowam etmegine garaşylýar.

IEA-nyň taýýarlan maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýä ýollarynda 11 million bolan elektroulaglaryň sany 2030-njy ýylda 145 milliona ýeter.Emma döwlet tarapyndan berilýän goldawyň artmagy bilen bu görkezijiniň 230 milliona ýetmeginiň mümkindigi bellenilýär.

Taýýarlanan maglumatda elektroulaglaryň görnüşiniň hem köpelýändigi mälim edildi.Olaryň arasynda awtobuslar bilen bir hatarda has kiçi ulag serişdesi bolan motosikller we üç tigirli mopedler hem bar.

Hangeldi Italmazow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

The post 145 milliona ýeter appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da egin-eşigiň we diwaryň aňyrsyny surata alýan kameraly telefon döredildi
Stoltenberg IEA-nyň Başlygy Fatih Birol Bilen Duşuşdy
TBMM-niň başlygy ispaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistan gaz eksport etmekde Merkezi Aziýada liderlik eder
Elektroulaglaryň satuwy rekord derejä ýetdi
Türkmenistanly mekdep okuwçylary I-EMC’2021 halkara olimpiadasynda 11 medal gazandylar