14 ýyldaky iň ýokary girdejisi

Angliýanyň “British Petroleum” (BP) kompaniýasy şu ýylyň ikinji çärýeginde soňky 14 ýyldaky iň ýokary peýdasyny gazandy.BP-niň degişli döwürdäki peýdasynyň 8,45 milliard dollara ýetip, ähli bilermenleriň çaklamalaryndan ýokary boldy. Şeýlelikde energiýa kompaniýasy 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary peýdasyny hasaba aldy.

Bu peýdanyň gazanylmagynda nebitiň bahasynyň gymmatlamagy, gaýtadan işlenilýän kärhanalardan alnan girdejiniň ýokary bolmagynyň täsiri uly bolupdyr.Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän kompaniýa şu ýylyň birinji ýarymynda paýdarlaryndan 3,8 milliard dollarlyk paýnamany yzyna satyn alypdy.

Kompaniýa geljek üç aýyň dowamynda hem 3,5 milliard dollar paýnama satyn aljakdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Mozambik oktýabrda Ýewropa suwuklandyrylan gaz eltmekçi
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar
Ýel elektrik beketlerini gurýar
Balkanda ýene benzin gytçylygy emele geldi, ýangyjyň gara bazary peýda bolup başlady
Jeffri Paýett: Hazar sebiti Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynda uly rol oýnaýar