14 oýundan soňky ilkinji ýeňşi

Futbol boýunça Türkmenistanyň Milli çempionatynda 17-nji tapgyryň galdyrylan 2 duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.Ahal topary öz meýdançasynda “Merwi” kabul edip, 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. 4 gol hem 2-nji ýarymda geçirilip, oýunda “Ahalyň” adyndan Guwanç Abylow (48), Murat Ýakşiýew (56), hem-de Pirmyrat Sultanow (67) tapawutlandy.

Myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini 90+4-nji minutda Şaweli Seýitgulyýew derwezä girizdi.

“Energetik” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky oýunda ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. 11-nji tapgyrdan soň, ilkinji ýeňşini gazanan “Energetik” toparynyň gollaryny Begli Meredow bilen Parahat Jumanazarow geçirdi. “Aşgabat” toparyndan Kemal Annamuhammedowyň 84-nji minutda geçiren goly paýtagtlylara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Iň aşaky orunda barýan “Energetik” 14 oýundan soň, ilkinji, umumylykda şu möwsümde 3-nji ýeňşini gazandy.

The post 14 oýundan soňky ilkinji ýeňşi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Şagadam” bürünç medala mynasyp boldy
Bürünç medalyň eýesi “Şagadam”
TÝL ― 2020: 17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
“Ahal” bilen “Energetik” toparlary ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen talyplary 31 sany altyn medal gazandylar