Türkiýede taryhy taýdan uly ähmiýete eýe bolan ýene-de bir saýlaw üstünlikli we demokratik ýagdaýda geçirildi. Dünýä ýurtlary Türkiýede geçirlen saýlawlar bilen ýakyndan gyzyklandy. Saýlawa bolan 88,92 göterimlik ýokary gatnaşyk Türk demokratiýasynyň güýjüni ýene-de bir gezek görkezdi.
Prezident Erdogan prezident saýlawynda sesleriň 49,5 göterimini, bäsdeşi Kylyçdaroglundan 5 bala golaý köp ses aldy.Parlament saýlawynda hem halk ýaranlygy sesleriň 49, 5 göterimini alyp Mejlisde 322 kürsä we esasy köplüge eýe boldy. 14-nji maýda geçirlen saýlawyň netijeleri Erdoganyň prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda 3 nukdaý nazardan öňde başlajakdygyny görkezýär.
Mejlisde esasy köplüge eýe bolmak, saýlawy birinji ýerde tamamlamak we 5 göterime golaý tapawudyň bolmagy. Ýokardaky görkezijilere görä, Erdoganyň saýlawyň ikinji tapgyrynda uly üstünlik gazanmagyna garaşylýar.Erdoganyň saýlawdan soň partiýasynyň merkezi jaýynda eden balkon çykyşyndaky sözleri şol ynamy görkezýär.
Balkon çykyşy şol bir wagtda ikinji tapgyryň kampaniýasyna gowy başlanjyç boldy.
SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Prof. Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunçy synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Oppozisiýa bolsa birnäçe nukdaý nazardan uly ýitgi çeken ýaly görünýär.Oppozisiýanyň saýlawdan öň geçiren sowalnamalarynyň netijeleri we sosial mediadaky habarnamalar sebäpli saýlawda üstünlik gazanjakdyklaryna garaşan saýlawçylar şol gije ruhy çökgünlige sezewar boldy.
Mejlisde esasy köplüge eýe boljakdygyna hem-de Kylyçdaroglunyň 55 göterimlik ses bilen saýlawyň birinji tapgyrynda üstünlik gazanjakdygyna garaşan saýlawçylar Respublikan halk partiýasyna we Kylyçdagorluna garşy tutum alyp baryp biler.
Saýlaw gijesi oppozisianyň wekilleriniň beren beýannamalary diňe öz saýlawçylaryny gynandyrmak bilen çäklenmedi. İmamoglunyň, Ýawaşyň we Kylyçdaroglunyň saýlawyň netijeleri hakyndaky sözleri we Kylyçdarogluny Türkiýäniň 13-nji prezidenti hökmünde yglan etmekleri ikinji tapgyr üçin erbet başlangyç boldy.
Oppozisiýa täze saýlawa gatnaşýan ýaly kampaniýa taýarlamak islär.Oppozisiýa ikinji tapgyr saýlaw kampaniýasyna Erdogan ýaly gowy başlap bilmedi.Kylyçdaroglu iki şäher hakimi we 5 partiýanyň başlygy bilen sahna çykyp 1 minut 51 sekunt dowam eden çykyşynda Erdogany tankyt etmekden we “ikinji tapgyrda üstünlik gazanarys” diýmek bilen çäklendi. “Men bärde” diýýän wideo ýazgysy bilen Kylyçdaroglu ikinji tapgyr üçin däl eýsem Respublikan halk partiýasynyň başlygy bolmak üçin ýüzlenme berýän ýaly görünýär.
Millet ýaranlygyndaky partiýalaryň salawçysynyň ikinji tapgyrda ses bermegi Kylyçdaroglu taýdan has kyn bolar.
Kylyçdaroglu öňümizdäki günlerde 44 göterim bilen gowy ses alandygyny öňe süren haaltynda hem prezidentlige dalaşgär hödürlän partiýanyň Respublikan halk partiýasynyň 25 göterim ses almagy uly ýitgidir. Respublikan halk partiýasy 4 sagçy partiýany öz sanawynda alandygyna garamazdan diňe 25 göterimlik ses alyp bildi.
Sagçy partiýalar 34-35 halk deputaty bilen mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazandylar. Meral Akşener, Kylyçdarogluny saýlawda üstünlik gazanyp bilmejek dalaşgär hökmünde yglan edipdi we mamla görünýän ýaly. İmamoglu bilen Ýawaş Respublikan halk partiýasynyň başlyklygy üçin ýüz tutup bilmermi? Elbetde bu heniz belli bolmaz.
Saýlawyň netijeleri milletçi saýlawçylaryň syýasy taýdan uly rol oýnaýandyklaryny görkezdi. İlkinji nobatda Milletçi hereket partiýasy sesleriň 10 göterimini alyp bizi däl eýsem sowalnama geçirýän firmalary ýene-de bir gezek geň galdyrdy. GOWY partiýa hem 10 göterime golaý ses aldy. Prezidentlige dalaşgär Sinan Oganyň 5 göterimden gowrak ses almagy ikinji tapgyryň milletçi saýlawçylar tarapyndan kesgitlenjekdigini görkezdi.
Halk ýaranlygynyň mejlisde esasy köplüge eýe bolmagy we HDP(ÝSP)-niň sesleriniň 8 göterime çenli aşaklamagy bilen ÝPG-niň uly rol oýnaýandygy hakyndaky garaýyşlar hem ortadan aýryldy.
14-nji maýda geçirlen saýlawda üstünlik gazanan Erdogan we AK partiýa boldy.Häkimiýetiň 21 ýyllyk ýüküne garamazdan AK partiýa 35 göterimden gowrak ses aldy.Halk ýaranlygy 50 göterime golaý ses alyp Mejlisde esasy köplüge eýe boldy.
Erdogan ikinji tapgyra diýseň arkaýyn gidýär.MHP-niň 10 göterim, Ýeniden refah partiýasynyň 2,8 göterim we BBP-niň 1 göterim ses almagy Erdogan bilen hereket eden partiýalaryň üstünlik gazanandygyny görkezär.
Erdogan, bir partiýanyň şol bir lider bilen 26 ýyl demokratik ýagdaýda häkimiýetiň başynda bolmagy ne Türkiýede ne-de dünýä taryhynda deňi taýy bolmadyk waka hökmünde taryhda ýer aldy.