14-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Prezidenti dynç almak üçin Awaza geldi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy, Moskwada geçirilen sergide meşhur türkmen halysy görkezildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.Döwlet Baştutany ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady.

Howa menzilinde Prezidenti resmi adamlar ugratdylar.Biraz wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar mähirli garşyladylar. 2.

Ankarada saparda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýollan salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 3.Atly ýöriş atly meşhur türkmen halysy Moskwadaky Bezeg sungatynyň Bütinrussiýa muzeýinde açylan Taryhyň halysy atly sergide tanyşdyryldy. 1937-nji ýylda Aşgabat haly fabriginde dokalan özboluşly türkmen halysynyň mazmuny 1935-nji ýylda Aşgabat Moskwa ugry boýunça ahalteke atlarynda geçirilen meşhur atly ýörişe bagyşlanýar. Şonda otuz atlydan ybarat atly topar 84 günde 4300 kilometrlik çylşyrymly ýoly geçdi.

Taryhy atly ýöriş köpçüligiň ünsüni çekdi, oňa gatnaşyjylar bolsa milli gahryman diýen ada mynasyp boldular. 4.Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbandurdy Begenjowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistan teleýaýlymynyň başlygy wezipesine belledi.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken başga bir Kararyna laýyklykda, Ýagmyr Nuryýew, saglyk ýagdaýy sebäpli, bu teleýaýlymyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Ýeri gelende bellesek, 2004-nji ýylda döredilen Türkmenistan teleýaýlymy ýedi dilde: türkmen, rus, iňlis, fransuz, hytaý, arap we pars dillerinde ýaýlyma berilýär. 5. 18-nji awgustda Aşgabatda söwdany we güýmenjäni özünde jemleýän Leto Bazaar atly giň gerimli haýyr-sahawat ýarmarkasy geçiriler. Çäre Ak Altyn myhmanhanasynda sagat 16:00-da geçiriler.

Giriş nyrhy 20 manat bolar, toplanan ähli serişdeler haýyr-sahawata gönükdiriler.Myhmanlar ulanylan owadan egin-eşikleri, gap-gaçlary we elde taýýarlanan täsin önümleri satyn alyp bilerler. Şeýle hem myhmanlar satyn alnan zatlarynyň keşbini öz isleglerine görä üýtgedip bilerler.

Dünýäde

6.Gadymy Hywa şäherinde Özbegistanyň iň söýgüli tagamlarynyň biri bolan gawuna bagyşlanan her ýylky Kowun saýli festiwaly tamamlandy.Bu çäre ýerli ýaşaýjylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni çekdi.

Festiwalyň dowamynda Horezm sebitine 30 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçy we ýurduň beýleki sebitlerinden 400 müňe golaý myhman geldi.Festiwalyň netijelerine görä, dürli ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Şeýle hem guramaçylar gawuny gaýtadan işlemek we saklamak, gadymy Horezm görnüşlerini dikeltmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de iň girdejili we eksport ugurly görnüşleri ösdürip ýetişdirmek boýunça gatnaşyjylaryň gazananlaryny bellediler. 7.

Beýik Britaniýanyň Patyşalyk zikgehanasy Uelsde elektron enjamlarda we çap platalarynda saklanýan altyny almak maksady bilen, bu enjamlary gaýtadan işleýän desga açdy. Çaklamalara görä, Beýik Britaniýada elektron galyndylarynyň mukdary häzirki 50 million tonnadan 2050-nji ýyla çenli 120 million tonna çenli ýokarlanyp biler.

Elektron zibilleriň möçberi dünýäde ýylda 2,6 million metr tonna artýar.Alnan altyn sowgatlyk teňňeleri we şaý-sepleri ýasamak üçin ulanylýar. Ýylda 4000 tonna galyndydan 450 kg çenli altynyň alynmagyna garaşylýar.

Sport habarlary

8.Altyn asyr AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama tapgyrynyň aýgytly oýnuna taýýarlyk görýär. Şu gün Ýazguly Hojageldiýewiň topary Kalkutta şäherinde Ist Bengal topary bilen duşuşar.Bu oýunda ýeňiş türkmen klubynyň ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndaky ornuny üpjün eder.

Ist Bengal bilen duşuşyk Solt Leýk stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 18:30-da başlar. 9.Türkmenistanly ýaş türgenler 16 ― 24-nji awgust aralygynda Norwegiýanyň Lillehammer şäherinde körling boýunça geçiriljek halkara derejeli okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna taýýarlyk görýärler. 16 ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň dördüsi garyşyk toparyň düzüminde milli ýygyndynyň baş tälimçisi Sakina Gulamalyýewanyň ýolbaşçylygynda ýurda wekilçilik ederler.

Bu çäre 14 ýurtdan ýaş körlingçileri bir ýere jemläp, olara sportuň Olimpiýa maksatnamasyna girýän bu görnüşi boýunça tejribe alyşmaga we başarnyklary ösdürmäge ajaýyp mümkinçilik döreder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda halkara pasportyny nädip resmileşdirmeli, Aşgabatgaz gazdan peýdalanylanda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidigini ýatladýar, türkmen sürüjiler topary Ýüpek ýoly ralli-reýdinden dolandylar
Türkmenistanyň sport göreşi boýunça ýetginjekler ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşýar
Türkmenistanly okuwçylaryň halkara üstünligi
Türkmenistanyň göreş boýunça ýetginjekler ýygyndysy Italiýada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar
Russiýa Türkmenistana 81 000 tonnadan gowrak armatura iberer, Aşgabatda Ýylyň mugallymy yglan edildi, Ýüpek ýoly ralli-reýdi badalga aldy we beýleki habarlar
24-nji iýunda Aşgabatdan Moskwa ýolagçy uçuşy amala aşyrylar, kosmonawt Oleg Kononenko 58 ýaşady, Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň bahalarynyň monitoringi geçiriler we beýleki habarlar