14.11.2017 | Aşgabatdaky işewürler maslahatynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde işewürler maslahaty geçirildi.Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre sebitara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna, Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, işewür toparlaryň, şol sanda söwda gatnaşyklaryny berkitmäge, sebit bazarlaryny we eksport mümkinçiliklerini öwrenmäge, şeýle hem tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýän telekeçi zenanlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle derejedäki maslahatyň geçirilmegi işewür düzümleriniň we iri maýadarlaryň amatly geografiki ýerde ýerleşen Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, ikitrapalaýyn bolşy ýaly, sebitleýin möçberldäki netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine bolan gyzklanmalarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesi, wekiliýetlere bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, söwda, maýa goýum işini ösdürmek, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen, sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda nobatdaky ädime öwrülendigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde sebitara gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigine üns berildi. Öz goňşulary bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek arkaly Türkmenistan döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda sebitiň ösüşine mynasyp goşant goşýar we ýygjam gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, Merkezi Aziýada goşulyşmak ýagdaýynyň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, onuň baý energiýa serişdeleri, üstaşyr mümkinçilikleri özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakda, ykdysady ösüşe we umumy durnuklylyga goldaw bermekde möhüm orun eýeleýän işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň maşgalasy hanym Rula Gani öz çykyşlarynda gadymy döwürlerden bäri söwda gatnaşyklarynyň sebitiň ýurtlarynyň üstünden kerwen ýollarynyň geçmegi bilen ýola goýlandygyny we onuň Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady gatnaşyklary alyp barmak üçin esas bolup hyzmat edendigini belledi.

Häzirki şertlerde netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine, sebitiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär diýip, myhman belledi.TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Bu taslama oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berer we parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirer. Şol bir wagtyň özümde ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklardaky maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Bellenilişi ýaly, bu forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitara ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine ägirt uly üns berýändiginiň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary we dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda giň möçberli wezipeleri çözmäge ukyply köpugurly ykdysady ulgamy döretmäge, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklaryny, häzirki zaman düzümleri we hyzmatlar ulgamyny has ýokary derejede ösdürmäge, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmäge mümkinçilik döretdi.

Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, döwletimiz nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň, şeýle hem energiýa serişdeleriň eksportunyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli energetika syýasatyny durmuşa geçirýär.Türkmenistan uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly ugratmagy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde görýär.

Hut şonuň üçin hem ýurdumyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu giň möçberli taslama energiýa serişdelerini ugradyjy bolan döwletimiz üçin däl, eýsem üstaşyr we ony ulanyjy ýurtlar üçin hem ykdysady taýdan ähmiýetlidir.

Elektroenergetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.Onuň ösdürilmegi diňe bir Türkmenistanda energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine däl, eýsem giň sebitara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.Häzirki döwürde ýurdumyz Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we beýleki goňşy döwletlere elektroenergiýany eksport etmek boýunça ägirt uly kuwwatlyklara eýedir.

Elektroenergiýanyň Owganystana ugradylýan möçberlerini artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.Häzirki döwürde bu işler Ymamnazar-Andhoý we Serhetabat-Hyrat-Turgundy ýaly iki ugur boýunça alnyp barylýar.Bellenilişi ýaly, gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Bu pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça iri taslamalary nazara almak bilen, olara maýadarlaryň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar.Ulag-aragatnaşyk pudagy sebitara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Şunlukda, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk nusgasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň, şeýle hem Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň, ýokary tizlikli ulag ýollarynyň, howa menzilleriniň we beýleki düzümleýin desgalaryň örän uly ähmiýeti bardyr.

Hitmiýa we nebithimiýa pudagy, oba hojalygy, ýeňil we azyk senagaty, ylym-bildim pudagy, saglygy goraýyş.Sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlar işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Kiçi we orta telekeçiligiň çäklerindäki söwda-ykydysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlete dahylly bolmadyk pudagyň wekillerine berýän hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Olar halk hojalygynyň ähli pudaklarynda işlemek bilen, ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri boýunça ýokary bahalara mynasyp bolýarlar.Häzirki döwürde ýurdumyzyň jemi içerki öüminde bu pudaga möhüm orun degişlidir. 2020-nji ýyla çenli telekeçileriň jemi içerki önümdäki paýyny 70 göterime çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

Umuman, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan “açyk gapylar” syýasaty ähli hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam berýär.Daşarky söwda dolanyşygynyň möçberleriniň we dürli ulgamlardaky bilelikde amala aşyrylýan maýa go ýum taslamalarynyň mukdary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen-owgan gatnaşyklary barada aýtmak bilen, maslahatda çykyş edenler goňşy ýurduň birnäçe iri kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işleýändigini kanagatlanma bilen bellediler.Olaryň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň we ylalaşyklaryň 94-si hasaba alyndy.

Häzirki döwürde ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleri 22 göterim ýokarlandy.Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde açylan bilelikdäki “Türkmenistan” söwda öýüne möhüm orun degişlidir.Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Owganystan Yslam Respublikasynyň goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegi arkaly sebitara hyzmatdaşlygyna işjeň golşulmagy bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunlukda, Owganystanyň ykdysady mümkinçilikleriniň we onyň tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň wajypdygy barada aýdyldy.

Owganystan Yslam Respublikasmnyň söwda we senagat ministri Rasawa Humaýonyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan Owganystanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we sebitde esasy ulag-aragatnaşyk merkezi hökmünde çykyş edýär.

Dürli pudaklarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, myhman birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegini umumy tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylýandygynyň mysaly hökmünde nygtady.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.Bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrman, eýsem sebitiň durnukly ösüşini üpjün eder.

Häzirki döwürde Owganystanyň ykdysady strategiýasynyň öz milli ýörelgesine geçmegi nazarlaýandygyny belläp, myhman öz ýurdunyň hökümetiniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen gysgaça tanyşdyrdy. Şu günki işewürler maslahatynyň esasy ugruny nazara almak bilen, Rasawa Humaýon orta we kiçi telekeçiligiň ösdürilmegine, hususan-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan işlere telekeçi zenanalaryň gatnaşmagy üçin möhüm şertleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýär diýip belledi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, häzirki şertlerde goşulyşmak başlangyçlaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem taryhy söwda ýollaryny dikeltmek we ykdysady gattnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri aýratyn çemeleşmeleri talap edýär. Şeýle başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi goňşy ýurduň meseleleriniň parahatçylykly çözülmegi, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin täze mümkinçilikleri we şertleri üpjün edýär.

Telekeçi zenanlaryň işine bagyşlanan plenar mejlisleriň çäklerinde gatnaşyklary ýola goýmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, söwdany ösdürmek, haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak, işewürlik ulgamy boýunça gatnaşyklary höweslendirmek üçin täze gurallaryň kesgitlenmeginiň wajypdygy bellenildi.

Häzirki döwürde sebitiň ýurtlarynyň söwda-ykydysady gatnaşyklary, şol sanda işewür düzümleriň derejesindäki hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär.Bu ugurda ägirt uly kuwwatlyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, çykyş edenler kiçi we orta telekeçilige goldaw bermekde söwda-senagat edaralarynyň işine möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, forum tejribe alyşmak, göni maglumatlar bilen tanyşmak, eksport, söwda we ýükleri üstaşyr geçirmek täze gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça gürrüň etmek üçin netijeli işewürlik meýdançasyna öwrüldi.

Maslahatyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň işewür bileleşikleriniň arasynda halkara bazarlarynda emele gelen we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly umumy bähbitlere laýyk gelýän täze ykdysady ýagdaýlaryň esasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu çäräniň örän uly ähmiýetiniň bolandygyny nygytadylar.

Günüň ikinji ýarymynda “Mizan” işewürler merkezinde sebitiň önüm öndürijileriniň harytlarynyň bilelikdäki sergisi açyldy. Şeýle hem onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi we özara peýdaly gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlendi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky işewürler maslahatynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Etniki türkmen gyzy: Owganystanda aýal-gyzlaryň arzuwlarynyň puç bolanyna üç ýyl boldy
16.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wekilini kabul etdi
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary