14.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Malaýziýanyň XV Ýokary Baştutany Sultan Muhammad V we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razaga Kuala-Lumpur şäherindäki mekdepde bolup geçen heläkçilikli ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Bu pajygaly wakada köpsanly mekdep okuwçylarynyň gurban bolmagy bizi has hem gynandyrýar diýlip, hatda bellenilýär.Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi
Petronasyň baş menejeri kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň baý taryhy barada çykyş etdi
Ahal ― Pahtakor duşuşygynda VAR ulgamyndan peýdalanylar
Aşgabatda Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli kabul edişlik guraldy
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Türkmen wekiliýeti Galyndysyz dünýä boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşdy