2018-nji ýylyň 12-nji awgusty hakyky taryhy senä öwrüldi. Şol gün ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçirilen gepleşiklerden soň, Hazarýaka ýurtlary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany kabul etdiler.
Metbugat tarapyndan bu resminama “Hazar deňziniň Konstitusiýasy” diýlip atlandyryldy.Resminama Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri gol çekdiler.Gol çekmek dabarasy Aktauda Hazarýaka döwletleriniň V sammiti tamamlanandan soň geçirildi.
Konwensiýadan başga-da, ýokary derejeli duşuşykda bäş döwletiň hökümetleriniň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky we ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky möhüm halkara bäştaraplaýyn Ylalaşyklar, şeýle hem Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakyndaky Ylalaşyk kabul edildi. Şol resminamalara guramaçylykly jenaýatçylyga, terrorçylyga garşy göreşmäge hem-de Hazarýaka döwletleriniň serhet edaralarynyň özara gatnaşyklaryna degişli howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky teswirnamalaryň üçüsine gol çekildi.
Baryp 1996-njy ýylda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň birinji duşuşygy geçirildi.Bu duşuşyk Hazar meselelerini çözmäge, hususan-da, Hazar deňziniň halkara-hukuk derejesi boýunça Konwensiýany işläp taýýarlamaga çemeleşmeleri ylalaşmaga bagyşlandy. 22 ýylyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde duşuşyklaryň 8-si guraldy. Şolaryň soňkusy 2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda V Hazar sammitiniň öňüsyrasynda geçirildi.
Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa ylalaşylanda ýurtlar bir ylalaşyga geldiler we özleriniň ilkibaşdaky garaýyşlaryny üýtgetdiler.Munuň özi bolsa ýurtlaryň özara hormat goýýandygyna hem-de ýüze çykýan jedelli meseleleriň ählisini diňe parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmaga taýýardyklaryna şaýatlyk edýär.
Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň hem sebitde özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrar.Onda Hazar deňziniň düýbüniň we gazylyp alynýan gymmatlyklara baý bolan gatlaklarynyň bölekler boýunça çäklendiriljekdigini, deňziň çäginiň bolsa içerki we çäk suwlaryna, balyk tutulýan zolaklara hem-de umumy suw giňişligine bölünýändigi barada aýdylýar. 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Astrahan sammitinde gol çekilen Suw biologiýa serişdelerini aýawly saklamak hem-de rejeli ulanmak hakyndaky, Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky, Gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyklar güýje girdi.
Suw biologiýa serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky hökümetara topary işläp başlady.Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde ynsanperwer ulgamdaky meseleler hem gozgaldy.Taraplar Hazarda syýahatçylyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirmek, medeni alyşmalary, mediaforumlary, ýaşlaryň duşuşyklaryny hem-de sport bäsleşiklerini guramak barada ylalaşdylar. “Biz öňde giň möçberli we möhüm işiň durýandygyna düşünmelidiris.
Biz uly ähmiýeti bolan aýry-aýry ugurlar boýunça özara işjeň hereketleriň kesgitli usullaryny işläp taýýarlamalydyrys” diýip, Azerbaýjanyň “Trend” halkara agentligi Türkmenistanyň Baştutanynyň sözlerini getirýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Hazar ykdysady forumyny geçirmegi teklip etdi. “Hazar ykdysady forumy köptaraply ykdysady gatnaşyklar üçin hemişelik hereket edýän binýada öwrülmelidir — diýip, Russiýanyň “RIA-Nowosti” neşiri we “Mir 24” teleýaýlymy türkmen Lideriniň aýdan sözlerini getirýär.
Biziň pikirimizçe, şeýle forumy Hazarýaka döwletleriniň her birinde yzygiderli geçirmek zerurdyr”.Türkmen Lideriniň ýene-de bir möhüm başlangyjy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sebit ulag-logistika merkezini döretmek bilen baglanyşyklydyr diýip, “RIA Nowosti” belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýany Hazarda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan meseleleriniň biri hökmünde görkezdi diýip, Investing.com.maliýe neşiri Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.Türkmenistanyň Prezidenti Aktauda V Hazar sammitinde çykyş edip, “Hut şu gün, 12 ýyl mundan ozal, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi diýip belledi.
Serhetüsti babatynda daşky gurşawa täsire baha bermek boýunça Tähran konwensiýasyna Teswirnama gol çekilmegi Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim bolar”.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda ylmy barlaglary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berdi. “Häzirki wagtda Hazarda alnyp barylýan ähli ykdysady işleriň ylma berk esaslanmalydygyna, bolup geçýän tebigy we antropogen hadysalara, monitoring we çaklamak ulgamyna bitewi çemeleşilmegine daýanmalydygyna ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy işläp taýýarlamak maksadalaýyk bolar” diýip, “Kazinform” halkara habarlar agentligi Türkmenistanyň Lideriniň sözlerini getirýär.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýewiň duşuşygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini hem-de gaznany esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistanda — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek duşuşygynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Konwensiýa Hazar deňziniň düýbünden suwasty kabelleri we turbageçirijileri çekmek mümkinçiligini tassyklaýar. “Taraplar özleriniň taslamalarynyň ekologiýa talaplaryna hem-de olaryň gatnaşýan halkara ylalaşyklarynda berkidilen standartlara laýyk gelýän şertinde Hazar deňziniň düýbi boýunça esasy suwasty turbageçirijileri çekip bilerler” diýlip, resminamada bellenilýär.
Kabelleri we turbageçirijileri çekmegiň ugruny diňe özleriniň böleginden kabel ýa-da turbageçiriji çekiljek ýurtlar kesgitläp biler.Bu düzgün halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döretdi. “22 ýylyň dowamynda geçirilen gepleşiklerden soň, Russiýa, Eýran, Türkmenistan, Azerbaýjan we Gazagystan 12-nji awgustda Hazar deňzine “aýratyn hukuk derejesini” bermek hakyndaky Konwensiýa gol çekdiler.
Munuň özi Hazarüsti gaz geçirijisi — türkmen gazyny Azerbaýjan we şol ýerden Günbatar Ýewropanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýan suwasty gaz geçirijisiniň indi gadagan edilip bilinmejekdigini aňladýar” diýip, “Natural Gas World” garaşsyz ýöriteleşdirilen habarlar binýady habar berýär.
Häzirki wagtda Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy dünýä metbugatynda ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meseleleriň biri bolup durýar. “Eurasianet” garaşsyz täzelikler guramasy gaz geçirijisiniň taslamasy mundan beýläk-de işlenilmegini talap edýär diýip hasaplaýar. “Rigzone” halkara internet neşiriniň sahypylarynda Verisk Maplecroft kompaniýasynyň bilermeni Kamilla Hagelund: “Konwensiýada turbageçirijileriň öz çäginden geçýän ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikler bilen baglanyşykly meseledigi tassyklanylýar.
Beýleki ekologiýa resminamasynda bolsa, başga Hazarýaka döwletleriniň düzümleýin taslamalara täsir edip biljekdigi hem-de meseläniň ekologiýa tarapyna gözegçilik edip biljekdigi göz öňünde tutulýar. “Reuters” agentligi öz saýtynda Hazarýaka döwletleriniň nebiti we gazy gözlemek hem-de çykarmak ulgamynda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada seljeriş makalasyny çap etdi. Şonda “Wood Mackenzie” energetika konsaltinginiň esasy Hazar bilermeni Konwensiýa gol çekilmeginiň sebit üçin “deňsiz-taýsyz waka” bolup durýandygyny belledi.
Amerikanyň “Forbes” maliýe-ykdysady žurnaly internet-portalynda bu pikiri dowam edip, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegi netijesinde Chevron, Exxon, Shell we BP ýaly dünýä derejesindäki iri kompaniýalaryň sebitde amala aşyrýan taslamalarynyň sanyny artdyryp biljekdiklerine hem-de Hazarda täze nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmek ugrunda beýleki iri kompaniýalar bilen bäsleşip biljekdiklerini belledi. “Hazar deňzi energiýa serişdelerine baýdyr.
Subut edilen gorlara goşmaça ABŞ-nyň Geologiýa gullugy (USGS) Hazarda ýene-de 20 milliard barrel nebitiň hem-de 243 trillion kub fut tebigy gazyň bardygyny hasaplap çykardy. Şolary gözläp tapmak boýunça işler indi geçirilmelidir.
Hazar deňzi boýunça ylalaşyga gol çekilenden soň, biz ýangyjy gözlemek we çykarmak baradaky taslamalaryň ösdürilmegi bilen baglylykda, sebitde uglewodorod ulgamynyň işjeňleşdirilmegine garaşyp bileris” diýip, “Forbes” tassyklaýar.BBC hem 1990-njy ýyllarda Hazarda işläp başlan halkara nebit kompaniýalary özleriniň eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de Hazar deňziniň jedelli hukuk derejesi netijesinde ozal durmuşa geçirip bilinmedik käbir taslamalaryň üstünde gaýtadan işläp bilerler.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Konwensiýanyň Hazar deňzinde sebitden daşary döwletleriň Ýaragly Güýçleriniň bolmagyna ýol bermezlik hakyndaky düzgünine hem üns berdiler.Bäş ýurduň hiç birisi özüniň çägini islendik Hazarýaka ýurdunyň garşysyna agressiw maksatlarda ulanmak üçin “kesekilere” berip bilmez” diýip, “Rosbalt” habarlar agentligi ýazýar.
Munuň özi Hazarýaka ýurtlarynyň portlarynyň diňe üstaşyr portlar hökmünde ulanyp bilinjekdigini aňladýar. Şeýle çözgüt sebitde dartgynlylygy gowşatmaga hem-de diňe bir sebitiň içindäki däl, eýsem, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy hem işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Şu düzgüne laýyklykda, Hazar portlarynyň, şol sanda Hazarda iň uly we iň döwrebap portlaryň biri bolan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň eýeleýän ornunyň berkidilýändigini bellemek möhümdir.
Türkmenbaşydaky deňiz porty TRASEKA geçelgesiniň möhüm ulag logistika halkasy bolup durýar.TRASEKA halkara ykrar edilen, Gara deňzi sebitinde, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitlerinde ykdysady gatnaşyklary, söwdany we ulag gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamadyr.
Hazarýaka döwletleriniň biriniň çäk suwlary arkaly geçişi amala aşyrýan harby gämileri, suwasty gämileri we beýleki ulag serişdeleri beýleki döwletleriň çäk suwlarynyň çäginde porta girmäge hem-de labyr taşlamaga hukugy ýokdur.
Diňe “muňa degişli rugsat bolan ýagdaýynda ýa-da öňüni alyp bolmaýan güýjüň ýa-da betbagtçylygyň ýüze çykan halatynda ýa-da heläkçilik çekýän adamlara, deňiz we howa gämilerine kömek bermek üçin zerur bolan ýagdaýynda kadadan çykylmagy mümkin” diýip, Azerbaýjanyň Day.Az.
neşiri habar berýär.Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi dünýäniň energetika howpsuzlygynyň ýolundaky möhüm ädimdir.Geljekki meseleleriň ählisi sebitde şu Konwensiýanyň hem-de V Hazarýaka sammitinde baglaşylan ylalaşyklaryň esasynda çözüler.
Internetdäki köp sanly çeşmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Hazar boýunça goňşulary bilen özara gatnaşyklar meseleleriniň ählisi boýunça düýpli gepleşiklere hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy barada aýdan sözlerini getirýärler. “Kaspiýskiý westnik” maglumat-seljeriş portalynyň bilermenleriniň bellemegine görä, Hazarýaka ýurtlary entek deňziň delimitasiýasy baradaky meseläni kadalaşdyrmaly bolarlar. Şeýle hem deňziň biologiki serişdeleriniň bikanun eýelenilmegine garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky teswirnamanyň mundan beýläk-de ylalaşylmagy talap edilýär.
Bu resminama Hazaryň balyk gorlaryny aýawly saklamaga we brakonýerçilige garşy göreşmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.Deňiz ýüzüşleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamany hem-de neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hakyndaky teswirnamany hem ylalaşmak zerur bolup durýar.
Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Aktauda geçirilen V sammiti tamamlanandan hem-de Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilenden soň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin beýannama bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekilen resminamanyň wajypdygyny nygtady we onuň düzgünleriniň netijeli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.Munuň üçin Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda syýasy geňeşmeleriň bäştaraplaýyn guralyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz şu duşuşygyň barşynda gol çekilen, 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen IV sammitde başy başlanan söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşyklaryň hem-de Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek hem-de serhet edaralarynyň özara gatnaşyklary ulgamyndaky teswirnamalaryň sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz kenarýaka ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin gol çekilen Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakyndaky Ylalaşygyň ähmiýetini belläp, Hazaryň hemişe parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk zolagy bolup galmalydygyny aýtdy.
Esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça indiki Hazar sammitiniň Türkmenistanda geçiriljekdigini hem habar berdiler. Şunuň bilen birlikde, TASS türkmen Lideriniň häzirki wagtda Hazaryň ähmiýetiniň onuň çäginden daşa çykýandygy baradaky aýdanlaryny beýan etdi. “Ol geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär.
Sebitiň ýurtlarynyň halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda baş maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyna hem-de üznüksizligine göz ýetirmek esasynda tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurlygy örän möhümdir.Türkmenistan şeýle işe taýýardyr” diýip, milli Liderimiziň aýdanlaryny beýan edýär.