Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy düzümlerine we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyşy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak şanly senelere, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy.Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Mundan başga-da, häkim şu ýyl Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berdi.Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna we bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, bu ugra dahylly düzümleriň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Aýratyn-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Ak bugdaý, Tejen we Kaka etraplarynda gowaçalara ideg etmek boýunça bellenilen agrotehniki çäreleriň talabalaýyk derejede alnyp barylmaýandygyna ünsi çekip, bu işleriň depginlerini güýçlendirmegi talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi, sebitiň ilatynyň durmuş ulgamynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Milli Liderimiz täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, öňde boljak köpçülikleýin çäräniň ak mekdepleriň işiginden ilkinji gezek ätleýän çagalar üçin iň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini aýtdy we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy.Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň oba hojalygynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, şeýle hem welaýatda gurluşyk alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda işlenip taýýarlanylan meýilnama hakynda hasabat berdi.
Aýratyn-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň geçirilişi, bu ugurda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek ýerleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Esasan-da, welaýatyň Serdar, Bereket hem-de Etrek etraplarynda bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň depgininiň pesdigini aýdyp, bu ugurda zerur tagallalary görmegi häkimden berk talap etdi.Milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda, welaýatyň ilatynyň degişli durmuş ulgamynyň döredilmegi aýratyn möhümdir. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öňde boljak şanly senelere, aýratyn-da, täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi.Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, olaryň depginlerini güýçlendirmek hem-de ulgama täzeçil usullary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda alnyp barylýan hemmetaraplaýyn işler barada habar berildi.Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýän ekerançylygyň netijelliligini ýokarlandyrmak, möwsümleýin işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek, ýerlerden alynýan hasylly artdyrmak hem-de bu ugurda gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn ähmiýetlidigini belledi.
Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň baş şertidir.Döwlet Baştutanymyz welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky, Köneürgenç we Gubadag etraplarynda gowaçalara ideg etmek boýunça alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň talabalaýyk derejede däldigine ünsi çekip, bu işleriň depginlerini güýçlendirmegi talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelere, aýratyn-da, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleriniň talabalaýyk derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişine we pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň wagtynda ulanmaga berilmegini hem-de olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde täze okuw ýylyna, öňde boljak şanly wakalara görülýän taýýarlyk işleri barada hem aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere işlere ünsi çekip, Birata, Atamyrat, Döwletli etraplarynda we Magdanly şäherinde gowaçalara ideg etmek boýunça alnyp barylýan agrotehnki çäreleriň depginleriniň pesdigini belläp, ony güýçlendirmek boýunça zerur tagallalary görmegi häkimden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna we bugdaý ekişine taýýarlygyň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu ugra dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna, gyş möwsümine taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu ugurda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini, şol bir wagtyň özünde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini, olaryň wagtynda ulanmaga berilmelidigini aýtdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işler, bugdaý ekişine we pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda habar berildi. Öňde boljak şanly senelere we täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barada hem aýratyn durlup geçildi.
Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň möhümdigini belläp, häzirki döwürde Mary, Murgap we Wekilbazar etraplarynda gowaçalara ideg etmek işleriniň depginleriniň pesdigini belläp, ony güýçlendirmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini aýratyn belledi we babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde ýola goýulmagy babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary D.Amangeldiýew bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy.
Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, “Aşgabat 2017”-niň ýaryşlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan çäreler, paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň, aýratyn-da, abraýly halkara ýaryşlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherinde iri Aziýa ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler we “Aşgabat-2017”-niň oýunlaryna 30 günüň galmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döwlet Baştutanymyzyň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny garşylamaga görýän taýýarlyk işleriniň derejesine ünsi çekip, paýtagtymyzda ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze duralgalary gurmak, şäher köçelerini abadanlaşdyrmak hem-de abatlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmaga tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigi barada anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli 17-nji awgustda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň degişli derejede guralmagy üçin hemmetaraplaýyn esasda we örän jogapkärçilikli çemeleşlilmelidigini belledi.