14.07.2019 | Türkmen bilermenleri taryhyň täze numizmatik subutnamalaryny öwrenýärler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly ikinji kitabynda bu täsin söwda ýoly bilen baglanyşykly taryhy künjekleriň örän möhüm ähmiýeti barada gürrüň berýär, bu ýol köp asyrlaryň we hatda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň iki böleginiň halklaryny birleşdirmek üçin hyzmat edipdir.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk taryhynda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetler, taryhyň dürli döwürlerinde bolup geçen möhüm wakalar, bu ýoluň ugrunda ýerleşen uly hem-de kiçi gülläp ösýän şäherler baradaky maglumatlary yzygiderli beýan etmek zerur diýip hasaplaýar.

Uly bolmadyk şol şäherleriň biri hem Mäne şäheridir, onda orta asyr ýyl ýazgyçylarynyň maglumatlaryna laýyklykda, birnäçe bazar we kerwensaraý bolupdyr.Milli Liderimiziň ýazyşy ýaly, Mäne şäherine şöhrat getiren zat bazarlar bilen kerwensaraý gäl-de Halk arasynda Mäne baba ady bilen tanalýan sopyçylyk akymynyň meşhur şyhy Abu Seýit Abul Haýryň kümmeti bu şäheri bütin musulman dünýäsinde şöhratlandyran iň esasy ýadygärlik bolup durýar.

Bu şahsyýet we ol baradaky rowaýatlar hakynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly birinji kitabynda ýazýar, ikinji kitabynda bolsa tutuş bir bölümi Keramatly Mäne babanyň mekany ady bilen ýerleşdirdi.

Biziň günlerimizde Mäne babanyň kümmeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde, gadymy Mäne şäheriniň arheologiýa galyndylarynyň çetinde ýerleşýär.Orta asyr ýyl ýazgyçylarynyň maglumatlaryna görä, şäheriň birnäçe bazary we kerwensaraýlary bolup, olardan iň meşhury dürli harytlaryň agramyny kesgitlemäge niýetlenen kyrkdanam gowrak terezisi bolan Idris kerwensaraýydyr.

Emma hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda ýazyşy ýaly, bu şäheri yslam dünýäsine meşhur eden, elbetde, şyh Abu Seýidiň dünýäden öteninden soň, guburynyň üstüne XI asyrda bina edilen ajaýyp kümmetdir.

Bu ýadygärlik Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, şeýle hem “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli öwrenilýär.

Kümmetiň içiniň düşeginde geçirilen ozalky abatlaýyş işleriniň senesini kesgitlemek we suwaglaryň gatlaklaryny öwrenmek maksady bilen, arheologiýa arassalaýyş işleri geçirilýän mahalynda XIII asyra degişli medeni gatlakdan bir goşawuç teňňe tapyldy.

Asyrlaryň dowamynda çyg topragyň astynda ýatanlygy sebäpli teňňeler poslap, bir-birine ýelmeşip gidipdir, şoňa görä-de olaryň ýüzündäki ýazgylary okamak mümkin däldi.Bu kümüş dirhemler ýörite barlaghana şertlerinde hünärmenler tarapyndan arassalanylandan soň, olaryň dürli görnüşde zikgelenendigi ýüze çykaryldy.

Tapylan kümüş dirhemleriň jemi sany 91 bolup, olaryň 47 sanysynyň ýüzünde 1265 — 1282-nji ýyllarda Ilhanylar döwletini dolandyran Abaga hanyň ady, ýene-de 36 sanysynyň ýüzünde Argunyň ady ýazylypdyr.

Bu at bilen şol döwürlerde sebitiň taryhynda yz galdyran iki sany belli şahsyýet bolan.Biri 1284 — 1291-nji ýyllarda Ilhanylar döwletiniň hökümdary Argun han we beýlekisi merkezi şäheri Merw bolan, Horasany dolandyran türkmen Argun şadyr.

Argunyň ady ýazylan iki teňňe täsinligi bilen numizmatlaryň ünsüni has hem özüne çekdi.Olaryň biriniň arka tarapynda ýolbarsyň, beýlekisinde bolsa öküze meňzeş jandaryň şekili bar.Hünärmenleriň bellemegine görä, şulara kybapdaş şekiller şol döwürde Horasanyň meşhur şäherleriniň zikgehanalarynda zikgelenen teňňelere mahsusdyr.

Ylmy-barlagçylaryň käbirleriniň çaklamalaryna görä, teňňelerde gündogar müçe senenamasy boýunça olaryň haýsy ýylda zikgelenendigini aňladýan haýwan şekillendirilipdir.Bu ýerden tapylan ýene-de 8 sany dirhem Ilhanylar döwletine degişlidir.

Emma häzirlikçe olaryň haýsy hökümdaryň döwründe zikgelenendigini anyklamak başartmady.Ylmy çaklamalara görä, bu teňňeler Çingiz hanyň neslinden bolan Gazan hanyň döwründe zikgelenen bolmagy ähtimaldyr.Reşid-ed-Diniň ýazmagyna görä, Gazan han yslam dinini kabul edeninden soň, şyh Abu Seýit Abul Haýryň mukaddes gubruna zyýarata barypdyr we bu ýerini abadanlaşdyrmak barada görkezme beripdir.

Hut şol döwürde kümmetiň öň tarapynyň ýüzünde syrçalanan ajaýyp bezeg düzümleri — mozaika peýda bolýar.Türkmen-seljuk döwletiniň ilkinji soltanlaryna ak pata beren beýik pir Mäne babanyň kümmeti elmydama halk we hökümdarlar tarapyndan alada bilen gurşalypdyr.

Taryhçylaryň ýazgylarynda bu mukaddes kümmete Soltan Sanjaryň aýratyn hormat goýandygy barada maglumatlar berilýär.Köp asyrlaryň dowamynda bolup geçen çylşyrymly taryhy-syýasy wakalaryň netijesinde gadymy Mäne şäherinden müňlerçe kilometr uzaklykda täze döwletler, täze syýasy-medeni merkezler emele gelýär, emma suwuň ýetmezçiligi we käbir beýleki sebäplere görä, harabaçylyga öwrülip giden bu gadymy şäher unudylsa-da, keramatly pir Abu Seýid Abul Haýryň kümmeti mukaddes ýer hökmünde hormatlanmagyny dowam edipdir.

Bu ýerden tapylan kümüş dirhemleriň hazynasy munuň hakykatdygyny ýene bir sapar subut edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly ikinji kitabynda şeýle ýazýar: Watanymyzyň çäklerindäki arheologik we taryhy-medeni ýadygärlikleriň egsilmez hazynadygyna häli-şindi şaýat bolýarys.

Biz olary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek baradaky aladalary hiç wagt unutmaýarys. Çünki ýadygarlikler heniz köp asyrlaryň dowamynda öz syrlaryny açyp, halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen bilermenleri taryhyň täze numizmatik subutnamalaryny öwrenýärler
Abu Seýit Mäne baba binagärlik ýadygärliginiň peştagynda berkidiş we ylmy öwreniş işleri alnyp barylýar
Abu Seýid Abul Haýryň kümmetinden tapylan teňňeleriň arassalanylyşy we rejelenilişi
Medeni miras adamzadyň baýlygy
Özboluşly artefaktlaryň ýygyndysy: gadymy sene ýazgysynyň täze sahypalyry
Ymam Huseýin(a.s) Türkmenler arasynda ýörite oruna eýedir(2)