14.07.2017 | Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: döwrebaplaşdyrmak, köpugurly ösüdrmek, maýa goýum

Diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen netijeli durmuş ugurly syýasaty meýilleşdirmek esasynda ýylyň-ýylyna durmuşa geçirmäge ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekmegi munuň aýdyň mysaly hem-de ýurdumyzda giň seslenme döreden, özüniň ertirki gününe ynamly garaýan türkmenistanlylaryň ruhubelentligini we zähmet işjeňligini belende göteren waka boldy.

Bu ähmiýetli resminama şu ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp 7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi.Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere baha bermek bilen, ýurdumyzy öz halkynyň mynasyp durmuş derejesini üpjün etmäge, abadançylygyny ýokarlandyrmaga ukyply, dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň hataryna çykarmak babatynda baş maksada ýetilmegine gönükdirilen özgertmeleriň aýratyn möhümdigini belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan yzygiderli ýagdaýda bu ugurda netijeli çäreleri durmuşa geçirýär. Şu ýylyň alty aýynyň dowamynda Döwlet býujetiniň girdejileriniň artmagy netijesinde ortaça zähmet haky 9 göterime çenli ýokarlandy. Ýanwar-iýun aýlarynda durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine býujet serişdeleriniň 76,7 göterimi gönükdirildi.

Ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň raýatlaryna häzirki zaman, hemmetaraplaýyn amatly ýaşaýyş jaýlaryny satyn almakda ýardam etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.Bu meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde çaklanylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşaýyş jaý gurluşygy görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy. 2017-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda ýokary amatlykly öýleriň umumy meýdany 632 müň 500 inedördül metre deň boldy.

Obany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, oba ýaşaýjylarynyň durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde ýaşaýan raýatlara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň berilýändigini bellemek möhümdir. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" rejelenen görnüşinde tassyklanan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, welaýatlarda bölünip berlen ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy amala aşyrylýar.

Bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýanwar-iýun aýlarynda 1 milliard 49,1 million manat maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine aýratyn ünsi çekip, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş hem-de abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny doly üpjün etmelidigini belledi. Şonuň bilen birlikde, bu resminamada her bir etrapda we şäherde ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin bu ugra serişdeler hökmany suratda göz öňünde tutulmalydyr.

Halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ösdürilmegi bar bolan önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täze düzümleriň döredilmegi netijesinde ilatyň iş orunlary bilen üpjün edilmeginiň hasabyna durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, degişli Maksatnamanyň ähmiýetini bellemek möhümdir, onuň baş maksady raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegidir. Şu ýylyň birinji ýarymynda iri desgalaryň 59-synyň ulanylmaga tabşyrylmagy netijesinde köpsanly goşmaça iş orunlary döredildi.

Bu sanlar we maglumatlar köpugurly ykdysady hem-de serişdeler mümkinçilikleri bilen şertlendirilen milli Liderimiziň syýasatynyň durmuş ugurly häsiýete eýedigini aýdyň görkezýär, bu syýasat milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti tarapyndan häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de dünýä ykdysadyetiniň meýillerine laýyklykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere oňyn baha berildi.

Häzirki tapgyrda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi çaltlandyrmak boýunça maksatlaýyn işler geçirilýär, makroykdysady kadalaşdyrmagyň hem-de bazar gatnaşyklarynyň häzirki zaman usullary ornaşdyrylýar, ägirt uly düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär, býujet-salgyt we pul-karz ulgamlary kämilleşdirilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça strategiýa durmuşa geçirilýär, uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk ulgamlaryň doly herekete getirilmegine ugur alyndy, giňden karzlaşdyrmak hem-de maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary azaltmak işleri amala aşyrylýar.

Durmuşa geçirilýän çäreler pudaklaryň aglaba böleginiň bäsdeşlige ukyplylygyny saklap galmaga, daşary söwda amallaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, eksport amallarynyň möçberlerini geçen ýylyň derejesinde saklap galmaga mümkinçilik berdi.Bu çäreleriň ählisi milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär, onuň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, alty aýyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterime barabar boldy. Şeýle hem ýylyň birinji ýarymynda hususy we döwlet bölekleriniň düzümlerine gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberleri artdyryldy.

Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 47 milliard dollaryna deň bolan iri desgalaryň 1900-si gurulýar.Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işlerde döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hem-de desgalary hususylaşdyrmak Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm orun degişlidir.

Bu ugurda amala aşyrylýan işler senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga, ýurdumyzyň telekeçiliginiň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär, munuň özi türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer.Mejlisde aýdylan maglumatlara laýyklykda, hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeleriň depginleri barha ýokarlanýar.

Döwlet dolandyryş we maliýe ulgamlarynyň, dürmuş düzüminiň, hususy eýeçilik hukuklarynyň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy düýpli özgertmeleriň esasyny düzýär.Milli ykdysadyýetimiziň düzüminiň uzakmöhletleýin meýilnamasyny işläp düzmek arkaly senagat syýasatyny kemala getirmek, häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän makroykdysady kadalaşdyrmagyň nusgasyny işläp taýýarlamak bu ulgamyň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.

Ilkinji derejeli möhüm wezipeleri, hususan-da, pudaklary maliýeleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek meselelerinden ugur alyp, milli Liderimiz 6-njy iýunda geçirilen ýörite iş maslahatynda ykdysady topluma girýän edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagynyň möhümdigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwlet syýasatynyň täze ugry ykdysady maksadalaýyklyga hem-de ýurdumyzyň uzakmöhletleýin bähbitleri nukdaýnazaryndan dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegini göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Maliýe ministrliginiň hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň merkezi dolandyryş edaralarynyň düzümini üýtgedip gurmak hakyndaky Karary aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Bu resminamanyň kabul edilmegi ozaly bilen geçirilýän özgertmeleriň çaltlandyrylmagyna, ähli pudaklary depginli ösdürmek üçin degişli şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.Salgyt ulgamy durmuş-ykdysady ösüşi, maýa goýum strategiýasyny, daşary ykdysady işi, önümçilikde düzümleýin özgertmeleri, ileri tutulýan pudaklaryň çalt depginler bilen ösdürilmegini döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň has netijeli guralydyr. Şunda ygtybarly hukuk binýady hem-de salgyt salmak ulgamyny dolandyrýan edaralaryň netijeli işi möhüm häsiýete eýedir.

Milli Liderimiz salgyt ulgamyny düýpli özgertmegiň zerurdygyny belledi.Salgyt salynmagynyň şertleri bir pudakda işleýän ähli kärhanalar üçin deň bolmalydyr. Şunda diňe bir býujetiň girdejileriniň artdyrylmagy däl-de, telekeçilik we işewürlik ösüşiniň üpjün edilmegi esasy ölçeg bolmalydyr.

Baş döwlet salgyt gullugynyň Maliýe ministrliginiň garamagyna geçirilmegi barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 7-nji iýulynda Karar kabul etmegi öňde goýlan maksatlara ýetilmegine ýardam berer. Şol bir wagtyň özünde pul syýasaty hem kämilleşdirilýär, milli manadymyzyň durnukly dolanyşygynyň üpjün edilmegi strategiki maksat bolup durýar, ol ykdysady ösüşe hem-de halkymyzyň ýaşaýşynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna ýardam berýär.

Hümmetsizlenmegiň pes derejesiniň saklanyp galmagy hem-de walýuta strategiýasynyň geçirilmegi bilen bir hatarda, pul karz binýadynyň düzümi işjeň kämilleşdirilýär.Gymmat bahaly kagyzlaryň we ätiýaçlandyryş bazarynyň ösdürilmegi üçin amatly şertler kemala getrrilýär, nagt däl töleg ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ençeme banklarynyň işini täzeden üýtgedip guramak bank ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyryp, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmakda, bu ulgamyň işiniň netijeliligini ýokarandyrmakda möhüm çözgütleriň biri boldy.

Hususan-da, ýurdumyzyň raýatlaryny, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli ýuridiki şahslary hem-de hususy telekeçileri ýokary hilli, döwrebap bank hyzmatlarynyň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek, goýumçylaryň we karz berijileriň bähbitlerini goramak maksady bilen, Türkmenistanyň “Prezidentbank” döwlet täjirçilik bankynyň Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna birleşdirilmegi hakynda Karara gol çekilmegini muňa mysal görkezip bolar.

Bu ugurda ençeme ministrliklere berlen karzlar boýunça bankyň hukuklaryny we borçlaryny Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna geçirilmegi babatda bellenen tertipde degişli resminamalaryň kabul edilendigini hem bellemek gerek.Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýan şertlerinde eksport kuwwatyny höweslendirmek we galkyndyrmak, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlaryny işläp taýýarlamak wajyp wezipe bolup durýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde daşary ýurtlaryň eksportynyň ösüşini hem-de milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklaryny seljermek esasynda daşary ýurt pulunda gelýän girdejileri artdyrmak babatda hem anyk teklipler aýdyldy.Bu babatda degişli Kararda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi daşary-ykdysady işiň alnyp barlyşyny kämilleşdirmäge, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge ýardam eder.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.Bu maksatnama ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz bu resminamanyň ähmiýetiniň uludygyny nygtap, maýa goýumlaryny çekmek işiniň halk hojalyk toplumymyzyň depginli ösmeginiň, ony döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm şertidigini belledi. Şunuň bilen birlikde, mejlisde döwlete degişli däl ulgamda önümçiligi ösdürmäge, hususylaşdyrmagyň döwrebap stategiýasynyň we tejribesiniň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygy hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyny we ýuridiki kadalary hem-de eýeçilik hukuklarynyň kepillikleriniň netijeli ulgamyny kemala getirmegiň we bu esasda telekeçileriň güýçli synpynyň döredilmegini ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Mejlisiň jemleri boýunça türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, ony üçünji müňýyllygyň talaplaryna laýyklykda hil taýdan täze derejelere çykarmak üçin gelejegi uly ugurlar kesgitlenildi.Bularyň hatarynda halkara tejribesini hem-de bazar ykdysadyýetiniň kanunlaryny öwrenmek we işjeň peýdalanmak, şolaryň esasynda halk hojalygyny dolandyrmagyň netijeli hem-de çeýe ulgamyny döretmek ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Bu ugurda netijeli çäreleriň kabul edilmegi jemi içerki önümiň möçberini depginli artdyrmaga, bahalaryň durnuklylygyny, ilata iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etmäge, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary döwletleriň bazarlarynda erkin satylmagy netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň oňyn deňeçerligini saklamaga ýardam eder. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň makroykdysady kadalaşdyrmagyň dolandyrylyşynyň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we onuň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat bolan iri möçberli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Bagtyýar halkymyz milli Liderimiziň baştutanlygynda gülläp ösüşiň we abadançylygyň ýolundan öňe ynamly gadam urýar.

Ýene degişli makalalar

Sanly ykdysadyýet ösüşleriň girewi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Makroykdysadyýet boýunça II Açyk Halkara Internet olimpiadasy geçirildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahat geçirýär
BMG: “2020-nji ýylda Türkmenistan COVID-19-a garşy göreşe 46 milliondan gowrak dollar harçlady”
Soňky bäş ýyllykda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň paýy 18,8 göterime deň boldy