Hormatly jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň işgärleri!Hormatly medeniýet işgärleri!Men şu gün siziň bilen ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy, şeýle hem halkara derejede öňe süren başlangyçlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy makul bildim.
Biziň ýolumyz döretmek ýoludyr.Biz şu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi belent maksatlara tarap ynamly alyp barýarys.Bu ugurda ýöredýän durmuş syýasatymyz, ykdysady we medeni özgertmelerimiz, ilkinji nobatda, mähriban halkymyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle belent maksatlar bolsa döwlet bilen halkyň bitewüliginiň, eziz Diýarymyzyň kuwwatynyň hem-de gülläp ösmeginiň berk kepili bolup durýar. Şoňa görä-de, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek bizden jogapkärçilikli we guramaçylykly bolmagy, her bir işe ýokary düşünjelilik bilen başarnykly çemeleşmegi talap edýär.
Biz halkymyz bilen el-ele berip işläp, bir maksada gulluk edip, nesip bolsa, ähli maksatlarymyzy we arzuwlarymyzy üstünlikli amala aşyrarys. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli täzelemegi dowam ederis.Demokratiýany giňeltmegi we döwletimiziň kanunçylyk esasyny kämilleşdirmegi üpjün ederis.
Mähriban halkymyzyň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrarys.Bu meselede ýaşlaryň uly orny bardyr.Sebäbi ýaşlar biziň geljegimizdir. Şoňa görä-de, ýaş nesilleriň döredijilik başarnygyny giňden goldap, Ýaşlar guramasy has zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açmalydyr. Çagalaryň tehniki döredijilikde, kompýuter tehnologiýalarynda, matematika, fizika we himiýa ýaly düýpli ylymlarda ukyplaryny açmakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde üns bermeli. Şeýlelikde, has zehinli çagalary ýüze çykaryp, olaryň halkara bäsleşiklere gatnaşmagy üçin giň ýol açmaly.
Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Şoňa görä-de, jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilmelidir. Şu meselede esasy maksat ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize belent buýsanjy kemala getirmek bolmalydyr.
Halk hem-de Watan diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir.Tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmeli.
Garaşsyz, kuwwatly döwletimizde her bir adam, aýratyn-da, ýaşlar ertirki güne ynamly garamalydyr.Bu bolsa biziň döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär.Jemgyýetçilik guramalaryndan, aýratyn-da, Ýaşlar guramasyndan aň-düşünjesi ösen ýaşlary kemala getirmek, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek, bu ugurda döwletimiziň alyp barýan işini wagyz etmek üçin uly tagallalar, ýokary guramaçylyk işleri talap edilýär.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!Bize ata-babalarymyzdan miras galan halk senetçiliginiň, ekerançylyk, bagçylyk, maldarçylyk tejribesiniň häzirki günlerde hem örän uly ähmiýeti bar.Sebäbi halyçylyk, zergärçilik, agaç ussaçylygy, küýzegärlik ýaly sungatyň ýokary derejesine ýetirilen önümlere isleg barha artýar. Şoňa görä-de, milli senetçiligimiz nesilden-nesle geçirilip, ösmegini dowam edýär.
Halkymyzyň başarnygy we ussatlygy bilen döredilýän bu gymmatlyklar onuň ruhuna ýakyndyr.Bular bolsa merdana halkymyzyň dünýäniň medeni ösüşinde özboluşly orny eýeleýändigini görkezýän milli aýratynlygymyzyň gözbaşlarydyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny has işjeň amala aşyrmak üçin hem ägirt uly mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň, biz has köp adamlary, aýratyn-da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmeli.
Olary sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmäge ruhlandyrmaly.Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň gülläp ösmeginiň gözbaşy bolan mähriban halkymyzyň mynasyp geljeginiň kepilidir. Şoňa görä-de, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek baradaky maksatnamalarymyzy we başlangyçlarymyzy amala aşyrmak biziň ählimiz üçin örän möhüm wezipedir.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!Size mälim bolşy ýaly, dünýäde ylym-bilim we öňdebaryjy tehnologiýalar çalt depginler bilen ösýär. Şoňa görä-de, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeleri gazanmak mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek meselesi öňdäki hatara çykýar.
Biz 2007-nji ýylda bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmäge girişdik.Häzirki döwürde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmekden başlap, onuň düzümini, bilim we terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmäge çenli uly işler edildi.
Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýar.Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýar. Çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar.
Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris.
Biz mekdep okuwçylarymyzyň, talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Ýöne, ösüş ýoly bilen näçe öňe gitdigimizçe, bilim ulgamynda özgertmeleri şonça-da çalt dowam etmelidigine göz ýetirýäris. Şoňa görä-de, sanly bilim ulgamyna, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegi yglan etdik.
Eger, jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlap bilmesek, onda bäsleşige ukyply döwletiň derejesine çykmak bize aňsat düşmez. Şoňa görä-de, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, aýratyn-da, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermelidiris. Şu meselede jemgyýetçilik guramalarynyň bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmegiň täze tapgyryny amala aşyrmaga giňden gatnaşmagynyň zerurdygy has aýdyň ýüze çykýar.
Paýhas çeşmesi atly kitapda Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag diýen türkmen halk nakyly mysal getirilýär.Adam mümkinçilikleriniň ulgamyny düzýän geçmiş bilen geljegiň berk baglanyşygyny şundan anyk häsiýetlendirmek mümkin däl.
Ylmy ösdürmek, milli mirasymyzy şöhratlandyrmak we wagyz etmek jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, beýleki guramalaryň we ähli ideologiýa ulgamynyň işiniň möhüm ugruna öwrülmelidir.Döwlet syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde, ilkinji nobatda, ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidiris.
Munuň özi merdana ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, beden we ruhy tämizlige, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ajaýyp mysal bolup durýar.Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!Bu meselelerde hemmeleriň tagallalary zerur bolup durýar.
Sebäbi, biziň halkymyzda Arkalaşan dag aşar diýen pähim bar.Iň esasy zat, işe jogapkärçilikli çemeleşmeli.El-ele berip işläp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmeli.Hormatly adamlar!
Men şu ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň agzybirlige we watançylyga ýugrulan örän ruhubelent Türkmeniň goşgusyna ýüzlenmek isleýärin: Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Bu ajaýyp setirler millionlarça adamlaryň kalbyny birleşdirip, aýdyma, ganatly sözlere we nakyla öwrülip gidipdir. Şu bitewülik we watançylyk mizemez agzybirligi döredip, döwletimiziň hem-de milletimiziň sarsmazlygynyň kepillendirmesi bolup durýar. Ýeňişlerimiziň güýjüne, geljekki üstünliklerimiziň ygtybarly girewine öwrülýär. Şu ýerde men jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem saýlawly we wekilçilikli edaralaryň agzalarynyň ähli meselelerde işjeňlik görkezip, ysnyşykly hereket etmelidigini aýtmak isleýärin.
Sebäbi, ähli wekilçilikli edaralaryň agzalarynyň saýlawlary boýunça çäreleriň barşynda dalaşgärler syýasy partiýalardan hödürlenýär.Giň dünýägaraýyşly bolmak, döwlet syýasatyna, adamlar bilen işlemäge jogapkärli garamak, halkyň döredijilik güýjüni milletiň we döwletiň bähbitlerine gönükdirmek — saýlawlara gatnaşýan dalaşgärler üçin esasy talaplardyr. Şoňa görä-de, biziň syýasy partiýalarymyz, jemgyýetçilik guramalarymyz demokratik döwletimizde döredilýän ähli mümkinçilikleri peýdalanyp, ýokary aň-düşünjeli, baý syýasy dünýägaraýyşly, halkymyza we Watanymyza, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza wepaly adamlary dalaşgärlige hödürlemelidir.
Biz telekeçiligi giň gerim bilen alyp barmagy hem örän oýlanyşykly, kanunçylyga doly laýyklykda we döwletiň hem-de halkyň bähbitlerini nazara almak bilen amala aşyrmaly. Şu meselede jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna uly orun degişlidir.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris.Medeniýetimiz jemgyýetimizi beýik işlere, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga hem-de giňden wagyz etmäge we şöhratlandyrmaga ruhlandyrýar.
Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda we şäherlerimizde gurlan medeni desgalar eziz Diýarymyzyň keşbini düýbünden özgertdi.Häzirki döwürde teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri, gözel paýtagtymyzdaky Ylham seýilgähi halkymyzyň we myhmanlarymyzyň has köp barýan ýerine öwrüldi.
Bu desgalaryň ählisi häzirki bagtyýar döwrümiziň ajaýyp netijeleridir, milli medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň aýdyň şaýadydyr.Biziň medeniýet we sungat, şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy işgärlerimiz ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Ylmy, edebi we medeni eserleri döretmek bilen, ýaşlarymyza watançylyk terbiýesini bermekde uly tagalla edýärler.Teleradioýaýlymlarda, metbugatda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlaryň halypalary bilen däbe öwrülen döredijilik duşuşyklarynyň, gyzykly söhbetdeşlikleriň ýygy-ýygydan geçirilmegi bizi örän begendirýär.
Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Ylham seýilgähinde dünýä ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan beýik şahsyýetler bilen bir hatarda Magtymguly adyndaky halkara baýraga eýe bolan ýazyjy-şahyrlarymyz — Ata Gowşudowyň, Beki Seýtäkowyň, Ýylgaý Durdyýewiň, Gara Seýitliýewiň, Allaberdi Haýydowyň, Mämmet Seýidowyň, Berdi Kerbabaýewiň, Nazar Gullaýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Aman Kekilowyň, Nury Baýramowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, şeýle hem ýazyjy Aşyrberdi Kürtüň atlary ebedileşdirildi.
Bular Watanymyzy belende göteren belli şahsyýetlerimizdir.Watan döwletimiziň, ýurdumyzyň we milletimiziň her bir şahsyýet bilen bitewüligidir!Biz ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimize guwanýarys.Olaryň ýadygärligini ebedileşdirip, işlerini dowam etdirmäge, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga çalyşýarys. Şundan ugur alyp we jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna ýetmäge, beýik işlere ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik duýgusynda terbiýelemek maksady bilen, biz teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri bolan Alty Garlyýewiň, Maýa Kulyýewanyň, Bäşim Nuralynyň, belli bagşy-sazandalar Şükür bagşynyň, Magtymguly Garlyýewiň, Sahy Jepbarowyň, ýazyjy Osman Ödäýewiň atlaryny hem ebedileşdireris.
Biz ilatly ýerleriň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny hem dikelderis. Şu maksat bilen Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Garryýewiň adyny dakmagy teklip edýärin.Myrat aga pahyr görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi, ýaşlaryň halypasydy.
Ol ýurdumyzyň durmuşynyň köp ugurlaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşdy.Saglygy goraýşyň häzirki zaman ulgamyny, şol sanda Lukmançylyk uniwersitetini döretmekde uly işleri bitirdi.Men şeýle hem, Milli konserwatoriýamyza ýa-da Mukamlar köşgüne görnükli medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny daksak, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.
Size mälim bolşy ýaly, biz gözel paýtagtymyz Aşgabadyň demirgazygynda täze etraby gurmagy meýilleşdirdik.Biz bu ýerde täze gurlan binalara we köçelere görnükli döwürdeşlerimiziň adyny daksak, dogry bolar diýip hasap edýärin.
Munuň geljegimiz bolan ýaşlar üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetiniň boljakdygyny bellemek isleýärin.Medeniýet — halkyň kalby.Medeniýet — halkyň joşgunly kalbynyň altyn hazynasy.Medeniýet — halkyň ahlak we ruhy ýörelgesi. Şoňa görä-de, meniň baş maksadym merdana halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerine, medeniýetine, ruhy güýjüne daýanyp, dünýäde Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmakdyr.
Bu bolsa jemgyýetimizi jebisleşdirýär we onuň ösüşini ruhy taýdan baýlaşdyrýar!Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!Men adam öz Watanyny beýgeldip we hormatlap, ynsanlyk mertebesini ýokary tutsa, parahatçylygy we dostlugy wasp edip, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrsa, ine, şol kämillige ýetmegiň ýoly diýip hasaplaýaryn. Ýüreklerimizde we aňymyzda yşk mülküniň şasy hökmünde orun alan Mollanepes şahyryň: Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,Ol birine gep berip, ol birine al berme — diýen ajaýyp setirleri halkymyzyň bireýýämden bäri durmuş ýörelgesine öwrülen pelsepesidir.
Bu milli kadalar döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, biz uly ähmiýeti bolan başlangyçlarymyz arkaly dünýäniň ähli milletlerini, halklaryny we döwletlerini birleşmäge, dostlaşmaga hem-de doganlaşmaga çagyrýarys.Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiz täze eýýamyň, täze jemgyýetiň keşbini emele getirdi.
Häzirki döwür we geljek üçin derwaýys wezipeleri çözmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, oňyn tejribämize esaslanyp, öz iş usullaryny has döwrebap ýagdaýa getirmelidir.Döwletimizi ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde jemgyýetiň döredijilik güýçlerini işjeňleşdirip we birleşdirip, onuň ideologiýasyny, aň-düşünjesini, täze ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmelidir.
Soňky ýyllarda amala aşyrylýan möhüm syýasy-hukuk özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek köp partiýalylyk ulgamy döredildi.Syýasy partiýalar demokratik saýlawlary guramakda we geçirmekde, olara gatnaşmak üçin öz wekillerini hödürlemekde esasy orunlaryň birini eýeläp, jemgyýetimizi birleşdirýän, jebisleşdirýän güýje öwrüldi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Ýaşlar guramasy, Zenanlar birleşigi hem halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.Jemgyýetçilik birleşikleri öz işlerini has-da işjeňleşdirip, adamlaryň zähmet, durmuş hukuklaryny, dynç almaga, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda döredijilik bilen meşgullanmaga hukuklaryny üpjün etmekde, ýaşlara durmuşda mynasyp ornuny tapmakda, şahsyýet hökmünde kämilleşmekde ýardam bermelidir diýip hasaplaýaryn.
Maşgalany goramakda we maşgala gatnaşyklaryny üpjün etmekde, nesilleriň üznüksiz baglanyşygyny saklamakda we döwrüň talaplary esasynda jemgyýetçilik durmuşynyň köp meselelerini çözmekde ýokary işjeňlik görkezmegi maslahat bermek isleýärin.Gynansak-da, jemgyýetçilik guramalary bu meselelerde heniz ýeterlik işjeňlik görkezmeýär.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!Meşhur Görogly şadessanynda Jygalybeg agzybirlik we watansöýüjilik barada aýtmak bilen, agtygy Göroglyny gahrymançylyga ruhlandyryp, oňa şeýle wesýet edýär: Il-halkyň bir iş tutsa,Sen ondan galyjy bolma! Öz wepaly Gyratynda dag-derýalardan geçen Göroglynyň gahrymançylykly hereketleri geçmişe, şu günki güne we geljege buýsanç döredýär. Şatlyk duýgusyny döredýän ruhy güýç berýär.
Görogly beg: Külli türkmen balasyny,Men söýermen ili bilen! — diýýär.Men siziň ähliňizi mukaddes türkmen topragymyzy — eziz Watanymyzy tüýs ýürekden söýmäge çagyrýaryn!Bu toprak özboluşly haýwanat dünýäsi, ajaýyp jülgeleridir şypaly çeşmeleri bolan biziň eziz Watanymyzdyr.
Ak bugdaýyň, şirinden-şirin ir-iýmişleriň, Altyndepe, Marguş, Jeýtun medeniýetleriniň, behişdi bedewlerimiziň, ajaýyp halylarymyzdyr şaý-seplerimiziň Watanydyr.Bu toprak gadymy kerwen ýollarynyň geçen, adamzadyň ruhy hazynasyny baýlaşdyran alymlaryň, söz ussatlarynyň ülkesidir.
Bu ülkede olar ajaýyp eserleri döredipdirler, watansöýüjiligi, mertligi we ynsanperwerligi durmuşyň esasy manysyna öwren beýik ata-babalarymyz ýaşapdyrlar.Döwlet bilen halkyň jebisligi ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligidir.Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr.
Garaşsyzlyk, jebislik, rowaçlyk biziň milli buýsanjymyzdyr!Bu gün merdana halkymyz dünýäde at-abraýly we mizemez döwletiň baýdagy astynda öz ösüşiniň täze belentliklerine tarap ynamly barýar.Biziň gazanan iň uly üstünliklerimiz parahatçylyk, abadançylyk we bagtyýar durmuşdyr! Ösen döwleti gurmaga gönükdirip alyp barýan syýasatymyz, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmelerimiz, eziz Watanymyzy geljekde şan-şöhrata beslenen, bagtyýarlyk, parahatçylyk, asudalyk, adalatlylyk we abadançylyk höküm sürýän has-da gülläp ösen ülkä öwrer! Öz çykyşymy tamamlamak bilen, men, Gurbannazar Ezizowyň hyjuwly setirlerini mysal getirmek isleýärin: Biz näm bolsak, şol bolaly,Bolsa bolýar eziz Watan.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hem şeýle goşgy setirleri bar: Diňe enem-atam, Watan öňünde,Üç büküldim, aýry kysmat küýsemen.Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!Goý, biziň ählimize eziz Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagty miýesser etsin!
Men Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 14-nji fewraly