Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi.Ylmy-amaly maslahata ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň tanymal wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan medeniýeti ösdürmegiň, döwlet ideologiýasyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtadylar.
Döredijilik işgärleriniň ýaş wekilleri ýurduň mundan beýlägem rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşmalydyrlar.TDÇA-da geçirilen maslahata gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, döredijilik “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylyndaky çäreleriň aýrylmaz bölegidir.Häzirkizaman döwletiniň ösüşiniň möhüm bölegi bolan ýurdumyzyň medeniýet ulgamy diňe bir jemgyýetiň talaplaryna jogap bermän, eýsem Türkmenistanyň özgertmeler ýolunda mundan beýlägem öňe gitmegi üçin mümkinçilikleri özünde jemleýär. 2019-njy ýylyň şygarynyň diňe bir ýurdumyzyň ýeten häzirki üstünliklerine däl, eýsem milli medeni mirasyň çuňňur köklerine ünsi çekip, ony has giňişleýin we köpgyraňly tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Çeperçilik akademiýasynyň galareýasynda “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanyp tematiki sergi gurnaldy.
Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary häzirki zaman şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň baý stilistik ugurlaryny görkezdiler.Sergide žiwopis, grafika işleri, kiçi görnüşli heýkeller, keramika, şaý-sepler, gobelenlerdir halylar, ýaş binagärleriň we dizaýnerleriň taslamalary goýlupdyr. 2019-njy ýylyň “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan çäreler dowam etdirilýär, oňa ösüşiň hatyrasyna täze üstünliklere ruhlanýan dürli pudaklaryň wekilleri, türkmenistanlylaryň ählisi gatnaşýarlar.