131 karatlyk göwher tapyldy

Angolanyň demirgazyk-gündogarynda 131 karatlyk ak göwher tapyldy. Gymmatbahaly daş Lulo käninden ýüze çykaryldy. Bu magdan käninde “Lukapa” göwher kompaniýasy (Awstraliýa) we ýerli döwlet kärhanasy “Endiama” işleýär.

Angolada tapylan iň uly göwher, massasy 404 karat.Ol 2016-njy ýylyň başynda Lulo käninden gazylyp alyndy.Daşyň adyna “4-nji fewral”dakylyp, bu sene Angolanyň garaşsyzlyk gününe gabat gelýär.

Iýul aýynda ýurduň demirgazyk-gündogarynda agramy 170 karat bolan täsin gülgüne göwher “Lulo Rose” tapyldy.Bu daş soňky 300 ýylda dünýäde gazylyp alnan iň uly gülgüne göwher hökmünde ykrar edildi.

Ýene degişli makalalar

Angolada agramy 130 karat bolan almaz tapyldy
Üç ýüz ýylyň iň uly göwheri
Angolada dünýädäki iň uly gülgün almaz tapyldy
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär
Tokaýlaryny gaýtadan dikeldýär