13 ýaşynda Olimpiýa çempiony boldy

Tokio 2020-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilen skeýtboarding bäsleşiginde zenanlaryň arasynda 13 ýaşyndaky ýaponiýaly Momiži Nişiýa ýeňiş gazandy. Ol köçe skýetboarding görnüşinde 15,26 utuk toplap, 13 ýaşyndaky braziliýaly Leal Raýsaadan hem-de 16 ýaşly watandaşy Funa Nakaýamadan öňe saýlandy. Nişiýa şu ýyl Rimde geçirilen Dünýä çempionatynda çempion bolupdy.

Münbere çykan 3 türgeniň ýaş bolmagy Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky iň ýaş ýeňiş münberleriniň biri hökmünde hasaba alyndy.

Köçe skeýtboarding boýunça erkekleriň arasynda-da ýaponiýaly Ýuto Horigome altyn medala mynasyp boldy. Braziliýaly Kelwin Hoefler kümüş, amerikaly Jagger Iton bürünç medal gazandy.

Ýene degişli makalalar

Çempion çempionlygyny gorady
Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
12.03.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl