13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş atşynaslar toparyny döretmegi teklip etdi, Türkmenistanda Magtymgulynyň döredijiligi esasynda surata düşürilen filmiň ilkinji görkezilişine taýýarlyk görülýär, Awstriýa-Türkmen jemgyýeti soňky 16 ýylda ilkinji gezek Aşgabatda mejlis geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň we ahalteke atlarynyň ýaş muşdaklary bilen duşuşygynyň dowamynda ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 2.

Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi Atalar we ogullar filmini ýaýlyma bermäge taýýarlyk görýär.Film maşgala gymmatlyklaryna, nesilleriň dowamatlylygyna we türkmen halkynyň däp-dessurlaryna bagyşlanýar.Täze filmiň sýužeti Magtymguly Pyragynyň eserlerine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy we Ömrümiň mansynyň dowamaty kitaplaryndaky oýlanmalaryna we pikirlerine esaslanýar. 3.

Aşgabatda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň Geňeşiniň we agzalarynyň her ýylky mejlisi geçirildi.Gün tertibiniň esasy mowzugy Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly boldy.Jemgyýetiň başlygy Neda Berger iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işler barada belläp geçdi. Özara çekişmeleriň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, alnyp barylýan işleri has anyk maksatlara ugrukdyrmak üçin jemgyýetiň çäklerinde türkmen we awstriýaly kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 4.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary Türkmenistan Döwlet sirkiniň 18-19-njy maýda geçiriljek täze çykyşlaryna çagyrylýar.Sirk maksatnamasy akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.Tomaşaçylara Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň, akrobatlaryň, gimnastikaçylaryň, žonglýorlaryň we darbazlaryň çykyşlary garaşýar. Şeýle hem bu maksatnama tälim berlen haýwanlaryň çykyşlaryny öz içine alýar. 5.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak teklip edilýär.

Bu bolsa diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. 6.Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatda Turkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasyny gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Dünýäde

7. 2024-nji ýylyň martynda doňzuň böwregi oturdylan 62 ýaşly Riçard Slaýman operasiýadan iki aý soň aradan çykdy.Lukmanlar hassanyň ölümi bilen transplantasiýanyň arasynda baglanyşygy ýüze çykarmadylar.Slaýman gipertoniýadan we 2-nji derejeli diabetden ejir çekýärdi. 2018-nji ýylda oňa donor böwregi oturdyldy, ýöne ol bäş ýyldan soň işlemegini bes etdi. 2024-nji ýylyň martynda oňa genetiki taýdan üýtgedilip, haýwan genleri adam genleri bilen çalşyrylan doňzuň böwregi oturdyldy.

Operasiýa üstünlikli geçdi we näsag keselhanadan çykaryldy. 8.Jennifer Lopesiň This is Me...Now syýahat konsertiniň çäklerindäki çykyşlary üçin petekleriň satuwy şowsuz boldy.Petekleri söwda saýtlarynda 10 dollara satyn alyp bolýar, bu aýdymçynyň haryt nyşany bilen çykýan kepkalardan hem arzandyr. Ýyldyz örän pes isleg bilen ýüzbe-ýüz boldy we eýýäm birnäçe konsertini ýatyrdy.

Hünärmenler munuň sebäbiniň şowsuz marketing bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Aşgabatdaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasyny -düýpli abatlamak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.Bäsleşige gatnaşmak üçin gurluşyk pudagyna ýöriteleşen hususy kärhanalar, döwlete degişli gurluşyk edara-kärhanalary we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. 10.

Türkmenistanyň öňdebaryjy boksçulary 23-nji maý 3-nji iýun aralygynda Bangkok şäherinde geçiriljek boks boýunça Olimpiýa oýunlarynyň 2-nji Bütindünýä saýlama ýaryşyna gatnaşarlar.Bu abraýly ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma berýändigi bilen ähmiýetlidir.

Mundan başga-da, Türkmenistan ýakyn wagtda boks boýunça Aziýa çempionatyny guramak mümkinçiligine seredýär. Şeýle abraýly ýaryşynyň geçirilmegi Türkmenistanda boksyň ösmeginde möhüm ädim bolar. 11.Moskwanyň Dinamo futbol kluby Kaliningradyň Baltika toparyny ýeňdi we RPL-iň sanawynda birinji orna geçdi.

Ak-mawylylar 53 utuk topladylar we çempionatyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda ikinji orunda barýan Sankt-Peterburgyň Zenit toparyndan 2 utuk öňe saýlandylar. Çempionlyk adyna eýe bolmak üçin Dinamo ýene iki ýeňiş gazanmaly.

Ýene degişli makalalar

Iki dilde ýazylan kitabyny çykardy
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Aşgabatda halkara ulag forumy dowam edýär, yssy günlerde Gün şöhlesinden goranmak üçin maslahatlar we pensiýa gatançlarynyň onlaýn tölegi
Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar