13.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar

Şu gün Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukisa Kituýi hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň koömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit býurosynyň direktory Miriýana Spolýariç Egger bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesine ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, ÝUNKTAD we BMGÖM bilen strategiki hyzmatdaşlyk boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, durnukly ulag we söwda ulgamlarynda soňky bäş ýylyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplaryň özara gatnaşyklary 2019-2025-nji ýyllarda Türkmistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmegiň Maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

ÝUNKTAD bilen hyzmatdaşlykda BMGÖM-niň işjeň gatnaşmagynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna “ASYCUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ornaşdyryldy we ösdürilýär.

Bu ulgam “Eksport-import amallary üçin bitewi penjire” ulgamyny ýurdumyzyň maliýe ulgamyna, hususan-da, bank ulag we beýleki ugurlara, şeýle hem “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna tapgyrlaýyn we netijeli ornaşdyrmak üçin esas bolar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Türkmenistanda “Eksport-import amallary üçin bitewi penjire” taslamasyny durmuşa geçirmäge goldaw bermek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada ösara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Şeý hem şu gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel Siraž Saleh bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, dürli derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň sarparlaryny guramaga taýýardygy beýan edildi.

Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Parlamentara gatnaşyklarynypugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi.

Ykdysadyýet we ulag, söwda, gurluşyk, himiýa senagaty we oba hojalyk ulgamlaryna maýa goýumlaryny goýmak turkmen-saud işewürlik gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol gatnaşyklara aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylsykda taraplar türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň eksport ugruny diwersifikasyýa ýoly bilen ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny bellemek bilen, taraplar bilim, ylym, sport we syýasahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Şeýle hem dünýä möçberinde häzirki epidemiologik ýagdaý kadalaşdygyça özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça okuw maslahatlaryrynyň tapgyrlary dowam edýär. Şolaryň netijelerini BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) utgaşdyrýar. Şeýle maslahatlary FAO Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky sebitiçi wekilhanasy Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ugurdaş kärhanalary üçin guraýar.

Şu hepdäniň dowamynda--12-16-njy oktýabr aralygynda umuman dürli maksatlar üçin web-maslahatlarynyň 10-sy geçiriler. Şolaryň esasy wezipesi Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijleri boýunça hasaplamalaryň usulyýetine goldaw bermekden we hasabatlary taýýarlamakdan ybaratdyr.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan maslahatlara Mejlisiň,dürli ministrlikleriň, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Suw hojalygy barada döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ählumumy gün tertibinde görkezilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek wezipeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarylmagyna gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň 169 wezipelerine syn bermek üçin dürli görkezijileriň 232-si kesgitlenildi. Şolaryň 21-si FAO-nyň gözegçiliginde durýar.

Durnukly ösüş maksatlarynyň ähmiýetini, millileşdirilmegini hem-de yzygiderli amala aşyrylmagyny nazara almak bilen, bu işler ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň, strategiýalaryň we meýilnamalaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Maslahatyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna we görkezijileriň ählumumy ulgamyna hem-de FAO-nyň Ýewropada we Merkezi Aziýada amala aşyrýan işlerine umumy syn berildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatlar Durnukly ösüş maksatlarynyň oba hojalygynyň, azyk howpsuzlygynyň, suwdan peýdalanmagyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlarynyň degişli görkezijilerine bagyşlandy.

Ýurdumyzyň ählumumy maksatlara we dünýä bileleşiginiň wezipelerine ygrarlylygy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly 2018-nji ýylda çap edilen kitabynda öz beýanyny tapdy. Bu BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde halkara bileleşigine giňden ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar
TÜRKMENISTANYŇ, BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WE ÝUNKTAD-YŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
ÝUNKTAD Türkiýe Boýunça Ukdysady Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy
14.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi
BMG-niň hasabatyna görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 3.3 %, ýöne çeşmeler munuň has ýokarydygyny aýdýar