Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň hem-de aýry-aýry ministrlikleriň işiniň netijelerine garaldy.
Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.Milli Liderimiz häzir oba hojalygynda gyzgalaňly döwrüň — bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň başlanandygyny göz öňünde tutup, Ministrler Kabinetiniň şu mejlisine etraplaryň häkimleriniň çagyrylmandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwrüniň ýokary makroykdysady görkezijileri halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň sekiz aýynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 19,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 1,2 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri hem-de orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,6 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Geçen döwürde jemi 1578,3 million manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigi bellenildi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe-ykdysadyýet ulgamynyň edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şunuň bilen birlikde, sanly ykdysadyýete çalt geçmek hem-de welaýatlarda we etraplarda degişli Konsepsiýany durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz bank ulgamynda amala aşyrylýan işleriň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kabul edilen möhüm maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna gözegçiligiň güýçlendirilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary döwletlere iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyny nygtap, her bir ýolbaşçynyň bellenen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmelidigini belledi.
Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Döwlet býujetiniň ýaşaýyş-durmuş ulgamyna ýokary derejede gönükdirilen bolmalydygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen maksatnamalaryň hem-de bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle-de nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, tebigy we ugurdaş gazy gazyp almak, mawy ýangyjy eksport etmek ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.
Bu döwürde nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 104,7 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Meredowyň we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine çekdi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmek, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek we önüm çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça taslamalary amala aşyrmak işlerini dowam etmek zerurdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler boýunça daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmegi hem wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz strategik taýdan möhüm ähmiýetli taslama bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak babatynda anyk tabşyryklar berildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu ýylyň sekiz aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilen işleriň jemleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Tutuşlygyna, obasenagat toplumy boýunça önümleri öndürmegiň möçberiniň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 113,5 göterime deň boldy. Şunda bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,8 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 112,2 göterim, Türkmen atlary döwlet birleşigi boýunça 105,7 göterim derejesine ýetirildi.
Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 108,3 göterim berjaý edildi.Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi.Häzirki wagtda ýygymyň depginini güýçlendirmek, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş bölümleriniň, pagta ýygyjy kombaýnlaryň hem-de hasyly daşamak üçin awtoulag serişdeleriniň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen birlikde, sebitlerde güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär.
Ekişi bellenilen möhletde we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek hem-de oba hojalyk tehnikasynyň we enjamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ähli çäreler geçirildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatynda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl ýygnalyp alnan bugdaýyň möçberi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň doly üpjün edilendigini tassyklaýar, hasylyň öz zerurlyklarymyzdan artýan bölegi bolsa eksporta iberiler.Häzir pagta ýygymy başlandy.Pagtanyň ýurdumyz üçin nähili möhümdigini göz öňünde tutup, gowaçadan bol hasyl almak ugrunda tehnikalary giňden ulanmak zerurdyr we şunda ähli agrotehniki kadalar berk berjaý edilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman suw tygşytlaýjy, ýagyş ýagdyryjy we damjalaýyn suwaryş tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň zerurdygyna-da ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilýän mejlisinde ýurdumyzyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowyň hasabatyny diňledi.A.Ýazmyradow ýurdumyzyň suw hojalygyna degişli düzüminde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, suwuň bisarpa tutulmagynyň öňüni almak meselelerine hemmetaraplaýyn hem-de ylmy esasda çemeleşilmelidigini belläp, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň we häzirki zamanyň iň täzeçil usullarynyň ulanylmagynyň möhüm talapdygyny belledi hem-de bu babatda Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow geçen sekiz aýyň dowamynda gurluşyk we energetika toplumlarynyň, jemagat hojalygy düzümleriniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101,8 göterim berjaý edilip, 116,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 105,6 göterime barabar boldy.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101,4 göterim berjaý edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gurulýan desgalarda işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş etrapçalaryny, myhmanhanalary, köçeleri, seýilgähleri gurmagyň, könelen ýaşaýyş jaýlary köp bolan etraplary tertibe salmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzyň içinde energiýa taslamalary boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.
Bulardan başga-da, 2020-nji ýylyň gurluşyk maksatnamasyny taýýarlamak işini tamamlamak zerurdyr.Häzir hem, ozalkysy ýaly, esasy ünsi kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere 2020-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyny seretmek üçin hödürlemegi hem-de bu ugurdaky ähli çykdajylary geljek ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu wezipäni çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp, geçiriljek mejlisinde gurluşyk bilen bagly meselelere ýene-de serediljekdigini aýtdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şu döwürde bu babatda önümçilik meýilnamasy 117,6 göterim ýerine ýetirildi hem-de 119,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş depginleri 150,3 göterime deň boldy.Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalary boýunça hasabat döwründe mineral dökünleriň önümçiliginiň ösüş depgini 167,7 göterime barabar boldy. Şeýle-de, tehniki ýod öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim ýerine ýetirildi.
Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.Hasabat döwründe Türkmensenagat agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,1 göterime, Türkmenawtoulaglary agentligi boýunça ösüş depgini 125,7 göterime, Türkmendemirýollary agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 101,1 göterime, Türkmenhowaýollary agentligi boýunça ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 103,6 göterime, Türkmendeňizderýaýollary agentliginde ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 108,2 göterime, Türkmenaragatnaşyk agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli kärhanalary hususylaşdyrmak hem-de şolary ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna geçirmek işlerini çaltlandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk serişdeleriniň, aýratyn-da, öýjükli telefonlaryň işiniň netijeliligini üpjün etmek, internet ulgamyny giňden ýaýratmak we ulgama täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, zerur tagallalaryň görülmelidigine ünsi çekdi.
Milli emeli hemranyň ulanyş çägini giňeltmek meselelerini işläp taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilmelidir.Mundan başga-da, bu ugur boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak ugrunda degişli işler alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2019-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Wise-premýer hasabat döwründe 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi.
Bu ulgamyň usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler geçirildi.Okuw-terbiýeçilik işlerinde ýaş nesliň tebigy zehinleriniň, başarnyklarynyň açylmagyna, olaryň zähmet terbiýesine, hünärlere ugrukdyrylmagyna we döredijilige höweslendirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 136 medal (33 altyn, 31 kümüş we 72 bürünç), internet bäsleşiklerinde 108 medal (52 altyn, 22 kümüş, 34 bürünç) gazandylar.
Türkmenistana wekilçilik eden talyplar halkara ders bäsleşiklerinde 29 medala (5 altyn, 10 kümüş, 14 bürünç) we 23 diploma, halkara internet bäsleşiklerinde 153 medala (30 altyn, 64 kümüş, 59 bürünç) we 67 diploma mynasyp boldular.
Täze okuw ýylynda orta hünär okuw mekdeplerine 9063, ýokary okuw mekdeplerine 12242 talyp kabul edildi.Jemi 2800 orunlyk 5 sany orta mekdep (Ahal welaýatynda 2, Lebap welaýatynda 1, Mary welaýatynda 2), şeýle hem Aşgabatda çagalar bagy açyldy.
Geçen sekiz aýda saglygy goraýyş ulgamynda Saglyk Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem halkara guramalar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp baryldy.Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 108 göterime, saglygy goraýyş ulgamynda ýerlenen önümlerden we ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdeji 117 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji 119 göterime barabar boldy. Şeýle hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty hem-de olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ÕÕÕII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna, Aşgabatda geçiriljek sambo we welotrek boýunça dünýä çempionatlaryna hem-de futzal boýunça Aziýa çempionatyna düýpli taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.
Degişli döwürde türkmen türgenleri dürli derejeli halkara ýaryşlarynyň 121-sine gatnaşyp, jemi 186 medal (68 altyn, 57 kümüş we 61 bürünç) gazandylar.Milli Liderimiz hasabaty diňläp we wise-premýere ýüzlenip, ylmyň we bilimiň biziň ähli üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň esasyny düzýändigine ünsi çekdi.
Biz innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribelere hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli meýilnamalardyr maksatnamalary amala aşyrýarys. Şolary halk hojalygynyň dürli ugurlarynda tapgyrlaýyn ornaşdyrmak bilen birlikde, ykdysady, syýasy, medeni we bilim mümkinçiliklerimizi artdyryp, ata Watanymyzy depginli ösüş bilen öňe alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hut şunuň üçin hem milli ylym we bilim ulgamyny hemişe kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak Garaşsyz döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda ulanylýan okatmagyň maksatnamasyny ýokary hilli elektron serişdeleriniň sanly ulgamy (elektron kitaplar, elektron seminarlar we başga serişdeler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we beýleki usullar) esasynda kämilleşdirmelidir. Şeýle hem sanly okuw serişdeleri, sanly enjamlar mugallymlar we okuwçylar üçin elýeterli bolmalydyr. Şu maksat üçin, beýleki jogapkär döwlet düzümleri bilen bilelikde, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny özgertmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer şu aýda göz öňünde tutulan medeni çäreleriň, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan hem-de täze desgalaryň açylyşyna gabatlanylan çäreleriň guralyşy barada hem hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna her ýyl geçirilýän Türkmeniň Altyn asyry bäsleşigini yglan etmek hakyndaky resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýere hem-de Medeniýet ministrliginiň, metbugatyň, telewideniýäniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini beýan etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň, şu maksatlar bilen emeli hemramyzy doly güýjünde peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, metbugat neşirlerini döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy tabşyrdy.Milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak işini dowam etmegiň, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykaryp, dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmagyň, Ýer ýüzüniň dürli döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Ýylyň ahyryna çenli biziň geçirmeli medeni çärelerimiz köp, ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni hem ýetip gelýär. Şoňa görä-de, bu çäreleri örän ýokary derejede geçirmek üçin, ähli zerur işleri etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz şol çäreleriň ählisiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny beýan etmelidigini, halkymyzyň myhmansöýerliginiň iň gowy däpleri esasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýdyp, wise-premýere, medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz her ýyl geçirilýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň mundan beýläk-de ösmegini höweslendirýän we täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini nygtap, hödürlenen resminama gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz döwletara derejede dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm orun berilýär. Şu ýylyň dowamynda daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlary hem-de milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna we Singapur Respublikasyna saparlary boldy. Şolaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi.
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde maý aýynda Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi geçirildi.Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen ýurdumyza dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleri geldi.
Halkara resminamalaryň 201-sine gol çekildi.Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.Netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde hökümetara toparlaryň mejlisleriniň birnäçesi hem-de ikitaraplaýyn işewürler maslahatlary geçirildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn wagtda iri halkara çäreleriň birnäçesiniň hem-de daşary ýurtlara saparlaryň we beýleki döwletleriň hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlarynyň meýilleşdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, daşary işler ministrine anyk görkezmeleri, şol sanda Garaşsyzlyk gününe we Halkara Bitaraplyk gününe göwnejaý taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde bellemek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň sekiz aýynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi.Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň wajyp ugurlarynyň kanunçylyk üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, häzirki döwürde ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, Mejlisiň deputatlary täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we ozal hereket edýänlerini kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli iş alyp barýarlar.
Hasabat döwründe milli parlamentiň iki maslahaty geçirildi.Türkmenistanyň Kanunlarynyň 31-si we Mejlisiň Kararlarynyň 24-si kabul edildi.Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, beýleki milli maksatnamalaryň, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň hukuk taýdan üpjünçiligine gönükdirilen kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly kanunçylyk taslamalarynyň üstünde işlemek dowam etdirilýär.
Mejlisiň iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda jemgyýetimiziň demokratik esaslarynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän, daşary syýasy işlerde, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna esaslanýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan hukuk resminamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Kabul edilýän kanunlary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, olara gözegçilik amala aşyrylýar we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we kanun çykaryjylygyň dünýä tejribesini öwrenmegiň, BMG-niň wekilhanalary we beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, Mejlisde birnäçe daşary ýurtlaryň deputatlary hem-de wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirildi.
Mejlisiň deputatlary hem-de hünärmenleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere we maslahatlara işjeň gatnaşdylar.Deputatlar ýerlerde netijeli iş alyp barýarlar, maslahatlara, wagyz-nesihat çärelerine we ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunynyň hem-de ähmiýetiniň düşündirilmegine gönükdirilen beýleki çärelere gatnaşýarlar.
Häzir Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge gönükdirilen taýýarlyk işleri dowam edýär.Degişli resminamalar taýýarlanyldy, ugurdaş düzümleriň ählisi bilen ylalaşykda guramaçylyk meseleleri çözülýär, Halk Maslahatynyň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän ornuny wagyz etmek hem-de demokratik esaslaryny ösdürmek ugrunda zerur çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek işini oktýabr aýynda tamamlamaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy durmuş ulgamyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidir.
Indiki ýyl üçin Döwlet býujetinde ýurdumyzyň şäherlerinde we etraplarynda adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny karzlaşdyrmak üçin zerur serişdeler göz öňünde tutulmalydyr.Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegine degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Umumymilli maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berk berjaý edilmeginde we demokratik esaslarda geçirilmelidir.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,8 göterim, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň mukdary 13 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň mukdary bolsa 32,4 göterim köpeldi.
Kärhanalarda öndürilen önümleriň möçberi 11,3 göterim artdy.Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe birža söwdalarynyň 167-si geçirilip, şolaryň dowamynda 20 müň 666 şertnama baglaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça şu döwürde hyzmat işleri 46,2 göterim artdy.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň mukdary 10,2 göterim, oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň mukdary bolsa 11,2 göterim artdy.
Döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawyň netijesinde, hususy pudagyň eksport kuwwatlyklary ýokarlanýar. Şu ýylyň sekiz aýynda telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlara iberilen azyk harytlarynyň mukdary köpeldi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer Ç.Gylyjowyň ünsüni ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk harytlary bilen doly üpjün etmek meselelerine çekdi we bu ugurda degişli ministrligiň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň özara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz telekeçilige giňden goldaw bermek syýasatynyň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, häzir Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň köp millionlyk gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýandygyny belledi.Milli Liderimiz birleşmäniň ýolbaşçysy A.Dadaýewe ýüzlenip, olaryň bildirilen ynama doly hötde gelmeginiň, gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmeginiň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, beýleki döwletlerde hem şeýle taslamalary amala aşyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen tassyklanylan Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň çözgüdi esasynda ýakynda bu wezipä bellenilen SSE-niň başlygy D.Rejebowa söz berilýär.SSE-niň täze ýolbaşçysy bu düzümiň öňünde goýlan möhüm maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda öz güýç-gaýratyny, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegine, hususy bölegiň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyna, innowasiýa usullarynyň giňden ulanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine ýardam bermegiň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işleriniň esasy ugry bolmalydygyny belläp, SSE-niň başlygyna jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, dürli düzümlerde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, jemgyýetimizde jenaýatçylyga, aýratyn-da, parahorluga garşy aýgytly göreş alyp barmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary utgaşykly iş alyp barýarlar.
Haram ýol bilen baýamagy niýet edinen adamlaryň hatarynda musulman ymmaty üçin mukaddes saýylýan mübärek metjitde işläp, haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanyna rowana bolýan ildeşlerimizden para alýanlaryň bardygy has-da gynandyrýar.
Baş prokuroryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň esasy hünärmeni wezipesinde işlän Röwşen Allaberdiýew, müdiriýetiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işlän Muhammetmyrat Gurbangeldiýew we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Dini guramalar bilen işlemek bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işlän Gurbanberdi Nursähedow jemgyýetimizde halkymyzyň asylly däplerine hormat goýmagy, ahlak arassalygyny, halal durmuşy we kämil ýaşlary terbiýelemek ugrunda degişli wagyz işlerini alyp barmagyň ornuna, wezipe ygtyýarlyklaryny özleriniň gara nebisleri üçin peýdalanypdyr.
Bu adamlar 2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2019-njy ýylyň iýul aýy aralygynda Mekgä we Medinä zyýarata gidýän raýatlaryň käbirinden aýratyn uly möçberde para alypdyrlar.Geçirilen derňewiň dowamynda R.Allaberdiýew, M.Gurbangeldiýew we G.Nursähedow jenaýat jogapkärçiligine çekilip, derňewiň dowamynda olardan aýratyn köp möçberde pul serişdeleri, şeýle hem dört sany ýaşaýyş jaýlary, olaryň emläkleri, ýeňil awtoulaglary gozgalmasyz edildi.
Görnüşi ýaly, haramlyk uzaga gitmeýär.Jenaýata baş goşup, düzgüni bozan adamlar kanunyň öňünde jogap bermeli bolýarlar.Bularyň hemmesine eden jenaýatlaryna görä, jeza çäreleri kesgitlenildi.Soňra ýurdumyzyň Baş prokurory çykyşyny telekeçi Ç.Kulowyň telekeçi hökmünde hasaba durup, täjirçilik guramalaryň dolandyryş wezipelerini ýerine ýetirip, jenaýatçylykly birleşigi döredendigi baradaky hasabat bilen dowam etdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň birža söwdasyny guraýjy bölüminiň başlygy wezipesinde işlän B.Aýdogdyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinde işlän Ý.Muhammetmyradow bilelikde döwletiň aýratyn uly möçberdäki emlägini harçlamak barada deslapdan dilleşipdirler. Ç.Kulowyň dürli görnüşli gurluşyk harytlarynyň söwdasy bilen meşgullanandygy, ýöne onuň salgytlary tölemekden bilkastlaýyn boýun gaçyryp, umumy girdejisini azaldyp görkezip, salgyt beýannamasyna, hasaby ýörediş resminamalaryna göz-görtele ýoýulan maglumatlary girizendigi habar berildi.
Bellenilişi ýaly, telekeçi Ç.Kulow Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 6-njy jaýynda ýerleşýän Suw peri kafesinde ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden ygtyýarnama alman, şeýle hem hiç hili salgyt tölemän, bikanun telekeçilik işi bilen meşgullanypdyr.
Baş prokuror B.Atdaýew telekeçi Ç.Kulowyň ýurdumyzyň gümrük araçäginden gümrük gözegçiliginden rugsatsyz we ondan gizlinlikde uly möçberdäki daşary ýurt walýutasyny kontrabanda ýoly bilen alyp gitmegi maksat edinendigini habar berdi. Şeýle hem ol şu ýylyň maý aýynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Altyn zamana kommunal-önümçilik döwlet kärhanasynyň hasabynda duran, üç gatdan ybarat Dostluk söwda dükanyny özüniň agasy D.Kulowyň adyna üç ýyl möhletde doly hasaplaşyk geçmek şerti bilen satyn alypdyr hem-de dükanyň içki gurluşyny, sütünlerini üýtgedip, döwlete uly möçberde zyýan ýetiripdir.
Telekeçi Ç.Kulow jenaýatçylykly ýol bilen gazanan pul serişdelerini öz dolandyrýan dükanlaryna, restoranlaryna gönükdirip, ýaşaýyş jaýlaryny, dürli awtoulaglary we beýleki emläkleri satyn alypdyr.Baş prokuroryň belleýşi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinde işlän Ý.Muhammetmyradow, Ministrler Kabinetiniň Dokma senagaty bölüminiň müdiri wezipesinde işlän M.Begelow bilen dilleşip, topar bolup, daşary ýurt kompaniýalaryna awiakerosini satyn almaga ýardam edendikleri üçin para alypdyr.
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň birža söwdasyny guraýjy bölüminiň başlygy wezipesinde işlän B.Aýdogdyýew geçirilen birža söwdalarynda nebitgaz önümlerini satyn almaga ýardam edendigi üçin dürli kompaniýalaryň ýolbaşçylaryndan para alypdyr.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinde işlän A.Işanow gulluk ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ministrligiň dürli ýolbaşçy wezipelerine öz garyndaşlaryny hem-de tanyşlaryny çekipdir hem-de uzak möhletleýin karzyň hasabyna biržanyň işgärleri üçin gurlan ýokary amatlykly jaýlary satyn almaga ýardam beripdir.
Mundan başga-da, A.Işanow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinde işlän döwründe geçirilen birža söwdalarynda Ç.Kulowyň haýyşy boýunça daşary ýurtlarda hasaba alnan kompaniýalara nebit önümlerini arzan bahadan, ýurdumyz üçin amatsyz şertlerde satylmagyna ýardam beripdir. Şeýle hem A.Işanow döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinde işlän döwründe biržanyň hasabynda duran Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen Milli söwda merkezi döwlet kärhanasynda “Bäş ýyldyz” restoranyny Ç.Kulowa üç ýyllyk kärendesine bermäge ýardam edipdir.
Geçirilen derňewleriň netijeleri boýunça haramlyk eden jenaýatçylaryň hemmesiniň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy. Şeýlelikde, haram işe baş goşan A.Işanowyň, Ç.Kulowyň, Ý.Muhammetmyradowyň, B.Aýdogdyýewiň, M.Begelowyň haram ýol bilen edinen emläkleri, ýaşaýyş jaýlary, awtoulaglary we beýleki emläkleri gozgalmasyz edildi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Türkmenhimiýa döwlet konserninde öndürilen nebit we himiýa önümleriniň bikanun we arzan bahalardan satylmagy bilen baglanyşykly daşary ýurt kompaniýalarynyň geçiren walýuta serişdeleri hem gozgalmasyz edildi.
Soňra Baş prokuror jenaýat edenleriň hemmesine eden etmişlerine görä, jeza çäreleriniň kesgitlenendigini habar berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy hem-de işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ata-babalarymyzyň Süri agsaksyz bolmaz diýşi ýaly, haja gitmek bilen baglanyşykly ýüze çykan bu ýaramaz ýagdaýlaryň gynandyrýandygyny belledi.Milli Liderimiz döwletimiziň dindarlaryň işine goldaw berýändigini aýdyp, ýurdumyzda metjit gurmak, her ýylda haj parzyny berjaý etmek üçin gidýänlere ýardam bermek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanylýandygyny belledi.
Birnäçe adamlary çürkäp, haramlyga ýüz urulmagy ýaramaz ýagdaýdyr.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsiniň müdiriýetine hem-de Daşary işler ministrligine bu ugurda dindarlaryň arasynda degişli işleri geçirmegi, geljekde 160 däl-de, 380 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmek üçin ibermegi, daşyndan isleg bildirýänler üçin hem uçuşlary guramagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz nebsine haý diýip bilmän, haramlyga ýüz urýanlara garşy berk göreşiljekdigini, ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça aýgytly çäreleriň görüljekdigini nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, korrupsiýa we parahorluga garşy göreş meselesine berk gözegçilik etmek üçin zerur binýadyň döredilendigini we onuň has-da berkidilendigini belledi.
Munuň özi binýady halallykdan tutulan syýasatyň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdiginiň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, ykdysadyýetimizi senagat taýdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen ähli maksatnamalarymyzyň, käbir kemçiliklere garamazdan, üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýdyň görkezýändigini belledi.
Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary diýen ýaly, sekiz aýda bellenen tabşyryklary ýerine ýetirdi.Döwlet Baştutanymyz ýylyň ahyryna çenli hem az wagtyň galandygyny belläp, Halk Maslahatynyň mejlisini, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramyny, şeýle hem göz öňünde tutulan ähli halkara çäreleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz şu ýyl işe girizilmeli ähli desgalary ýokary hilli gurup, ulanmaga bermegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, 2019-njy ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlemegiň ähmiýetini nygtady.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ýene-de bir kitabyny — milli buýsanjymyz bolan türkmeniň alabaý iti baradaky eserini ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Bu kitapda ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmeniň durmuşynyň bir bölegine öwrülen alabaýyň gylyk-häsiýetleri we ähmiýeti beýan edilýär. Şu mejlis tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlar şol kitaby alyp bilerler diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen alabaýy baradaky goşgyny ýazandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara şol eser bilen tanyşmagy hem-de oý-pikirlerini beýan etmegi teklip edip, täze goşgusyny okap berdi: Asyrlaryň sungatyna Dowam türkmen alabaýy.
Halkyň milli gymmatyna Kemal türkmen alabaýy. Ýurdum — joşgunyň mekany, Toýuň, buşlugyň mekany!Gujurly, syzgyr, wepaly, Merdan türkmen alabaýy.Durky peleň, şir mysaly, Mizemez şöhratly ýoly.Gerek bolsa, gerçek ýaly Edermen türkmen alabaýy.
Penasynda hatar nerler Ýol geçendir kerwen-kerwen.Agramyna altyn berlen, Halal, türkmen alabaýy!Goja taryhda ady bar, Geçmişden janly ýadygär!Waspy dünýäni jadylan, Ykrar türkmen alabaýy.
Nepis halym, bedewim deý, Mirasdyr bu pederimden. Ýeňişleriň hataryndan Nyşan türkmen alabaýy!Döwlet Baştutanymyz geçen hepde geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde esgerleriň we serkerdeleriň harby tälimleri bilen tanşandygyny belledi.
Olar Türkmen edermen topary adyna eýe bolup, olaryň nyşanynyň türkmen alabaýynyň bolmagy bellärliklidir.Esgerler we serkerdeler özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler, Watan goragçylarynyň ata Watanymyz üçin şirin janlaryny gurban etmäge taýýardyklaryna göz ýetirdim diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Munuň özi milli Liderimizi şu setirleri ýazmaga ruhlandyrdy: Gerek bolsa, gerçek ýaly Edermen türkmen alabaýy.Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.