13.06.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň durmuşa geçirilmegi babatda harby düzümleriň ilkinji nobatdaky wezipeleri anyklaşdyryldy.

Gün tertibine guramaçylyk meseleleri hem girizildi.Mejlise gatnaşmaga harby bölümleriň serkerdeleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, harby gazetleriň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.Ir bilen milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew bilen bilelikde welosipedde “Oguzhan” köşkler toplumyndan mejlisiň geçirilýän ýerine ugrady. Şäherleriň ýokary ekologiýa derejesi we köpçülikleýin bedenterbiýäniň işjeň häsiýete eýe bolmagy bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini şertlendirýär.

Bu bolsa jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam edýär.Munuň özi ýurdumyzyň tutuş ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe-sagaldyş hereketi bilen meşgullanmagy üçin hemme zerur şertleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinanyň düzgünlerine eýerýändigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň parahat we döredijilikli durmuşyny üpjün etmekde milli goşunyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň eýeleýän möhüm ornuny belläp, Ýaragly Güýçleriň ähli düzüm bölümlerini iň täze tehnikalar bilen enjamlaşdyrmak hem-de Watan goragçylarynyň söweşjeň we nazaryýet taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak meselelerine döwletimiziň örän uly üns berýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi.Ministr Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň utgaşykly hereketleriniň netijesinde döwletimizi yzygiderli ösdürmek, halkara derejede öňdäki orunlara çykarmak üçin hemme mümkinçilikler döredilýär.

Milli Liderimiz Goranmak ministrliginiň bölümleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Ýaragly Güýçleri iň täze ýörite tehnikalar bilen hem-de serkerdeleriň we esgerleriň ýaşaýyş-durmuşy hem-de gulluk etmegi üçin şertleri üpjün etmegiň öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hünär derejeli serkerdeleri taýýarlamak meselelerine hem aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde garalýan döwürde alnyp barlan işler hem-de Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Baştutany hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne Döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, goňşy ýurtlar bilen ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny saklamak boýunça jogapkärli wezipeleriň ýüklenendigini nygtady.Milli Liderimiz işleriň esasy ugurlaryna bu edaranyň goşun bölümleriniň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekip, serkerdeleriň we esgerleriň hünärini ýokarlandyrmagyň, merdana Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny aýtdy.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýylyň başyndan bäri geçen döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, hukuk düzgün bozmalaryň öňüni almak, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýol-ulag hereketlerini sazlaşdyrmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Täze döwürde IIM-niň işgärleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kanunylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň saklanylmagyndan, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň goralmagyndan ybaratdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi.Milli Liderimiz jenaýatçylygyň öňüni almak, ýurdumyzyň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny öňünden duýdurmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz IIM-niň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, içeri işler edaralarynyň her bir işgäriniň päk ýürekliligiň, watançylygyň, hünärine ussatlygyň we belent hormatyň nusgasy bolmalydygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýatçylyga garşy göreşmekde, bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmekde, şol sanda döwrebap ýokary tehnologiýalary ulanmak bilen, has netijeli çemeleşmeleri peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy içeri işler ministri, general-maýor I.Mulikowa polisiýanyň general-leýtenanty diýen nobatdaky ýörite ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew garalýan döwürde kazyýet önümçiligi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen anyk çäreler hem-de hukuk özgertmeleriniň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz kazyýet edaralarynyň işiniň Türkmenistanyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň belent maksatlaryna hem-de wezipelerine kybap gelmelidigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz kazyýet önümçiligi ulgamyny has-da kämilleşdirmegiň hem-de kazyýetler tarapyndan çykarylýan çözgütleriň kanunylygynyň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri güýçlendirmegi tabşyryp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.Baş prokuror B.Atdaýew agzalan döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň hukuk namalarynyň takyk berjaý edilmegi babatda barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçiren işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş prokuraturanyň öňünde durýan jogapkärli wezipelere ünsi çekip, kanunyň ähli zatdan ileri tutulmagyny üpjün etmegi, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň bähbidini goramagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz bu edaranyň barlag-gözegçilik ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmeginiň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz prokuraturanyň welaýat, etrap we şäher bölümleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, türkmenistanlylaryň asuda ýaşamagyny we döredijilikli zähmet çekmegini, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek maksady bilen, hemme şertleriň döredilmegine ýardam bermegiň zerurdygyny nygtady.

Hukuk düzgün bozulmalarynyň garşysyna aýgytly we barlyşyksyz göreş alyp barmaly, döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow garalýan döwürde ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ilkinji nobatda MHM-niň düzüm bölümleriniň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de şahsy düzümiň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bu edaranyň işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi köp babatda işgärleriň syýasy, hünär we hukuk taýýarlygyna baglydyr.

Hut şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan harby özgertmeleriň çäklerinde gullukçylaryň has-da netijeli zähmet çekmegi üçin hemme şertler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de bellenen maksatlara ýetmek üçin harby we hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly, özara hereket etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, D.Baýramowy milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy.Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň bäş aýynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň alnyp barlyşy barada habar berildi.

Ol serhediň üstünden geçýän ýükleri has düýpli gözden geçirmäge mümkinçilik berýär.Häzir Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde esasy orny eýeleýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda, gümrük gullugynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen uly jogapkärçiligi belledi. Ýerlerde barlag-geçiriş nokatlarynyň ygtyýarynda bolan döwrebap enjamlary netijeli peýdalanmak gerek. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini üns merkezinde saklamak, işgärleri saýlap almak boýunça düýpli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr, olar bilimli, ynsaply hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmäge başlangyçlar bilen çemeleşýän bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Adalat ministri B.Muhamedow bäş aýda geçirilen işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hukuk taýdan esaslandyrylan teklipleri taýýarlamak üçin hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna yzygiderli seljeriş geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem güýje girýän kanunlary ilatyň arasynda düşündirmek boýunça işlere täzeden seretmek gerek, zerur bolan ýagdaýynda täze usullary ulanmaly, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu meselä jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilen işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri amala aşyryp, edaranyň işgärleriniň Watanymyzyň abraýynyň has-da artdyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.Dünýäniň ähli künjeklerinden ýurdumyza gelýän myhmanlara döwrüň talaplaryna kybap gelýän hyzmatlary ýerine ýetirmek gullugyň baş wezipeleriniň biridir.

Bu ulgamda dünýäniň iň täze gazananlaryny ulanmak bilen, döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolan halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda işler ýokary hilli durmuşa geçirilmelidir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady hem-de gullugyň başlygyna anyk görkezmeleri berdi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde görülýän anyk çäreler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň bu düzümiň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady jenaýatlara garşy göreşmegiň döwlet düzümleriniň takyk işini üpjün etmegiň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp, jemgyýetimizde parahorlugyň hem-de korrupsiýanyň ýol berilmesizdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýaramaz ýagdaýy döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak üçin yzygiderli esasda öňüni alyş çärelerini geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.Bu ugurdaky ähli işler milli kanunçylygyň düzgünlerine hem-de halkara hukugyň kadalaryna pugta laýyklykda amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ulgam üçin işgärleri taýýarlamak meselelerine ünsi çekip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz guramaçylyk meselelerine garamaga geçip, Ý.Berdiýewi milli howpsuzlyk ministri wezipesine belledi. Şeýle hem B.Gündogdyýewi goranmak ministri wezipesine bellemek hakynda resminama gol çekildi.Degişli Perman bilen Ş.Durdyýew Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenildi.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, harby we hukuk goraýjy edaranyň işgäri diýlen adyň örän belent atdygyny belledi.Halkymyz we Watanymyz olara iň bir mukaddes wezipeleri, Watanymyzyň özbaşdaklygyny hem garaşsyzlygyny, halkymyzyň azatlygyny gözüniň göreji ýaly goramak ýaly mukaddes wezipäni ynanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň her bir işgäri ýurdumyzyň Konstitusiýasyny hem-de kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, harby düzgünnamalaryň talaplaryny berk berjaý edip, Watana wepalylygyň belent nusgasyny görkezmelidir.

Olar mukaddes Kasama wepaly bolup, jandan eziz görýän ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we konstitusion gurluşyny jany-teni bilen goramak ugrunda yhlasly, päk ýürekli hem-de halal gulluk etmelidir.

Harby gullukçylar hem işgärler Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbitlerini ähli zatdan ileri tutmalydyr.Eger zerur bolsa, bu ugurda şirin janyny hem gaýgyrmaly däldir.Watan diýlen düşünje ynsan üçin örän mukaddesdir.

Bu düşünje adama ene süýdi, ata pendi bilen geçýär. Şoňa görä-de, Watan, ene toprak diýlen düşünjeler hemişe-de belent ýaňlanýar.Olar ynsanyň iň eý görýän möhüm, döşüni gerip goramaly hemişe beýik mukaddeslikdir.

Döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.Döwletimiz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hem hemişe alada edýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, olaryň dynç almaklary we yhlasly zähmet çekip, Watanyna halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris.

Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de hökman dowam ederis diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy.Mejlisde şeýle hem birnäçe beýleki meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisi tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

30.01.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
05.12.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 11 aýda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi
10.01.2018 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlendi
01.03.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
30.05.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
31.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi