124 Müň 441 Bikanun Immigrant Ýurtdan Çykaryldy

124 Müň 441 Bikanun Immigrant Ýurtdan Çykaryldy

Türkiýede geçen ýyl 124 müň 441 bikanun immigrant ýurtdan çykaryldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, geçen ýyl 280 müň 206 bikanun immigrantyň ýurda girmeginiň öňüniň alynandygy nygtaldy.

Bikanun ýagdaýda ýurda giren 124 müň 441 immigrantyň bolsa ýurtdan çykarlandygy bellenildi.

Ýurtdan çykarlan bikanun immigrantlaryň sany 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 161 göterim artdy.

Beýleki tarapdan Türkiýede häzirki wagtda 3 million 535 müň 898 siriýaly ýaşaýar.

Siriýaly 58 müň 758 adam geçen ýyl meýletin ýagdaýda howpsyz zolaklara yzyna dolandy. Şu günki güne çenli ýurduna dolanan siriýalylaryň sany bolsa 539 müň 332 adama ýetdi.

Geçen ýyl siriýaly 1 million 395 müň 55 adama, şu günki güne çenli bolsa 1 million 549 müň 680 adama bilim berildi.

Ýene degişli makalalar

Germaniýa ÝB-däki protestlere garamazdan serhet gözegçiligini berkidýär
Terror guramasyna agza terrorçylar serhet zolagynda saklandylar
“Türk Maýa Goýum Gaznasynyň Gysga Wagtda Döredilmegi Peýdaly Bolar”
Eýranda Bikanun Ýangyç Daşaýan Gämi Saklandy
Ýolçylar Aşgabat-Daşoguz otlysyna bilet satyn almak üçin gijesini demirýol menziliniň kassasynyň öňünde geçirýärler
TikTok üç aýyň içinde 113 mln wideony bozdy