Britaniýanyň “Žurnalistler üçin adalat” gaznasy 2020-nji ýylda 12 postsowet ýurdunda žurnalistlere edilen hüjüm barasynda hasabat çap etdi diýip, “Türkmen.news” habar berýär.
Žurnalistleriň gysylmagy bilen bagly wakalar üç topara bölündi:
– Fiziki hüjüm we ýaşaýşyna, azatlygyna hem saglygyna howplar:
– Fiziki däl häsiýetli hüjümler we haýbatlar we/ýa-da kibergiňişlikde:
– Ýuridiki we/ýa-da ykdysady mehanizmleri ulanmak arkaly hüjümler:
Hasabatda bellenşine göra, derňew üçin maglumatlar açyk çeşmelerden, şol sanda, mediada habar berilmedik wakalar barada saglyk işgärleri bilen söbetdeşlikden alyndy.
Hasabatda aýdylmagyna görä, geçen 2020-nji ýylda iki sany fiziki hüjüm hasaba alyndy. Olaryň birisi žurnalist Soltan Açylowa, ikinjisi, syýasy aktiwist Dürsoltan Taganowanyň dogany, Babajan Taganowa edildi.
Ýuridiki hüjümler 6 sany aktiwist bilen bagly wakalarda boldy.
-2020-nji ýylyň iýunynda hökümeti tankytlandygy üçin Aşgabadyň ýaşaýjysy Myrat Düşemowy tutdylar. Ol 27-nji iýunda öý tussaglygynda saklandy diýip “Azatlyk” Düşemow barada çap eden maglumatlarynda belledi.
-awgustda Türkmenabadyň ýaşaýjysy Reýimberdi Gurbanow daşary ýurtlardaky oppozisiýa bilen gatnaşyklary üçin 15 günlik tussag edildi. Onuň bilen birlikde başga bir aktiwist hem tussag edildi we onuň ykbaly nämälim bolmagynda galýar.
-sentiýarda Nurgeldi Halykow kezzapçylykda aýyplanyp, 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Hakykatda ol çet ýurt KHS bilen hyzmatdaşlygy üçin basyldy.
-sentiýarda “Nebitdagnebit”edarasynyň ýuristi, 48 ýaşly Pygamberdi Allaberdiýew alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Çünki, ol oppozisiýa çatlaryndaky nägilelik aksiýalaryna çagyryşlary goldady.
-dekabrda Maryly är-aýal Irina Misnik hem Muhamed Şamsetdinow iki we 15 gün tussaglykda saklandylar. Tussaglykda olara haýbat atylandygy we gynalandygy çaklanýar. Är-aýal tussaglykdan boşadyldy, emma, ikisi-de hususy şirketdäki işlerinden mahrum boldular.
Fiziki däl hüjümleriň arasynda polisiýanyň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň sürüjilik şahadatnamalaryň berilmeýändigine nägilelik bildiren zenanlara, Türkmenistanyň häkimiýetlerine garşy çykyş eden siýasy aktiwistleriň garyndaşlaryna şol sanda, garaşsyz maglumat neşirlerinden kömek soran ýaşaýjylara haýbat atmalar bar.The post 12 postsowet ýurtlarynda şol sanda, Türkmenistanda žurnalistlere hüjümler barada Britan gaznasynyň hasabaty çap edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.