12-nji resmi dil kabul edildi

Günorta Afrika Respublikasynda eşitmek mümkinçiligi çäkli adamlaryň ulanýan yşarat dili ýurduň resmi dili hökmünde kabul edildi.Prezident Siril Ramafosa ýurduň ýerine ýetiriji paýtagt şäheri Pretorýadaky Bileleşik Binalarynda (Union Buildings) geçirilen ýygnakda Günorta Afrika yşarat dili kanuny atly resminama gol çekdi.

Bu resminamada yşarat diliniň ýurduň resmi dilidigi bellenilýär.Prezident Siril Ramafosa: “Yşarat dili arkala gepleşýän adamlaryň hukuklaryny artdyryp, jemgyýetdäki abraýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýäris” – diýip belledi.Kanunyň güýje girmegi bilen bu ýurt Afrikada Keniýa, Zimbabwe we Uganda döwletlerinden soňra eşitmek mümkinçiligi çäkli adamlaryň ulanýan dilini resmi dil hökmünde kabul eden dördünji Afrika ýurdy boldy.

Häzire çenli ýurtda afrikaansça, zuluça, swatiçe, khosaça, tsongoça, wendaça, tswanaca, sothoça, demirgazyk sothoça, günorta ndebeleçe we iňlisçe resmi dil hökmünde kabul edilýär. Şeýlelikde yşarat dili ýurduň 12-nji resmi dili hökmünde kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Üm dili GAR-da resmi dil diýlip yglan edildi
Ilkinji emeli hemralaryny kosmosa goýberdiler
Dünýäde iň pes hümmetsizlenmeli ýurt belli boldy
Roskosmosda adamzadyň haçan Marsa baryp biljekdigi aýdyldy
On üç döwlet BRIKS guramasynyň hyzmatdaş-ýurt derejesini aldy
16 ýyllyk rekordy täzeledi