12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Mary welaýatynda 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy, Aşgabatda 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabat tanyşdyryldy, futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky oýunda Arkadag bilen Ahal duşuşar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Mary welaýatynyň galla öndürijileri 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.Döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň gije-gündiz işledilmegi we Türkmenistanyň Hökümetiniň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda durmuşa geçirýän çäreleri galla oragynyň ýokary depginde alnyp barylmagyna ýardam berdi.

Daýhanlar döwlet tarapyndan tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. 2.Aşgabatda 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi boldy. Çäre BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurduň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirildi.

Dünýädäki häzirki ýagdaýa we dürli ýurtlarda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna umumy syn berýän resminama adamzadyň aýratyn üns bermeli esasy ugurlaryny kesgitleýär.Ilkinji nobatda, bu reproduktiw saglyk babatda zenanlaryň hukuklaryna we mümkinçiliklerine degişlidir. 3.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropanyň Daşarky hereket gullugynyň wekilleri bilen duşuşygynyň dowamynda ÝB bilen Türkmenistanyň halkara pudagynda hyzmatdaşlygy gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda geçiriljek ÝB we Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň duşuşygy barada hem pikir alşyldy. 4.Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda türkmen şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň belent ýadygärliginiň eteginde ýaş žurnalistler we şahyrlar Pyraga bagyşlan goşgularyny hem-de eserlerini okadylar. 5.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu resminama umumy maksatlara ýetmek üçin taraplaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredildi.Bu ýurduň ilkinji ynsanperwer ugurly jemgyýetçilik guramalarynyň biridir.

Dünýäde

6.Indoneziýada elhenç waka bolup geçdi, 36 ýaşly bir aýal ägirt uly pitonyň pidasy boldy.Bu betbagtçylyk aýalyň çagasyna derman almaga giden wagtynda bolup geçdi.Onuň gaýdyp gelmegine kän garaşan garyndaşlary howsala galyp, ony gözläp başladylar.

Gözleg işleriniň dowamynda ýitirim bolan aýalyň äri öýlerinden, takmynan, ýarym kilometr uzaklykda onuň aýakgaplaryny we eşiklerini tapdy. Şeýle hem ol golaýda adatdan daşary çişen pitony gördi.Ol bir zadyň nädogrydygyna güman edip, obadaşlaryny kömege çagyrdy.

Haçanda olar ýylanyň jesedini açanlarynda aýylganç çaklamanyň dogrudygy tassyklandy.Bu Indoneziýada soňky bir aýyň içinde bolup geçen ikinji şeýle ýagdaýdyr.Iýun aýynyň başynda dört çaganyň ejesi goňşy obadaky bazara barýarka alty metrlik pitonyň pidasy bolupdy. 7.

VivoKey we Dangerous Things kompaniýalary Apex atly implantasiýa edilip bilinýän kriptowalýuta gapjygyny tanyşdyrdylar.Derman gerdejiginiň ululygyndaky enjam deriniň aşagyna ýerleşdirilen çip arkaly kriptowalýuta tranzaksiýa amallaryny amala aşyrmaga ukyplydyr.

Apex bitkoinlere we beýleki kriptowalýutalara elýeterlilik üçin maglumatlary saklaýar.Ulanyjylar çipden signallary okamak üçin smartfonlar arkaly amallary ýerine ýetirip bilerler.Sport habarlary

8.Türkmen MMA söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL ligasynyň Gran-pri ýaryşynyň ýarym agyr agram derejesiniň ýarymfinalynda geçirjek tutluşygynyň senesi belli boldy.Promouşen bu gezekki tutluşyklary Golliwudda 17-nji awgusta geçilýän gijede geçirmegi meýilleşdirýär. Çempionlyk derejesi we 1 million amerikan dollary möçberindäki baş baýrak ugrundaky göreşde Döwletjanyň garşydaşy awstraliýaly türgen Rob Uilkinson bolar. 9.

Arkadag toparynyň futbolçylary 2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny almak üçin geçiriljek oýunda Ahal bilen güýç synanyşarlar.Duşuşyk 28-nji sentýabrda geçiriler.Oýnyň geçiriljek ýeri we wagty guramaçylar tarapyndan goşmaça habar berler. Ýeri gelende bellesek, baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda Arkadag kluby geçen möwsümde birbada iki ýaryşda — Türkmenistanyň Ýokary ligasynda hem-de Türkmenistanyň Kubogynda ýeňiji boldy.

Indi bolsa Naýbaşy kubok ugrunda Türkmenistanyň Kubogynyň geçen ýylky finalçysy Ahal bilen oýnar. 10.Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda Türkmenistana ýurduň birnäçe gezek çempiony we rekordynyň eýesi Walentina Meredowa wekilçilik eder.

Ol 100 metr aralyga ýaryşa gatnaşar.Bu Meredowanyň ikinji Olimpiýa oýunlary bolar ol 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Oýunlarda eýýäm Türkmenistana wekilçilik edipdi.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradowyň geçirjek ýarymfinal tutluşygynyň güni belli boldy
Türkmenistanyň futbol çempionaty Energetiksiz dowam eder
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Teýmur Çaryýew Abdyş-Ata bilen gyrgyz çempionatyndaky ilkinjiduşuşykda goragda sak durdy
Maksim Kazankow ýene toparyny täzeledi