“Olary diri görkeziň” kampaniýasy tanymal türkmen dissidenti, Aşgabatdaky 12-nji iýul protestleriniň guramaçylarynyň biri bolan Gulgeldi Annanyýazowyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Hazaryň kenaryndaky Garabogaz, ozalky Bekdaş şäherine sürgün edilendigini habar berýär.
G.Annanyýazow 2008-nji ýylyň tomsunda, Norwegiýadan bosgunlykdan dolanyp gelende, Köşüdäki öýlerinde tussag edildi we oktýabrda, Türkmenistanyň Ýokary sudy tarapyndan, serhetden bikanun geçmekde günäli tapylyp, 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Halkara hukuk toparlarynyň koalisiýasy, Türkmenistandan alan maglumatlaryna salgylanyp, Annanyýazowa garşy ozalky türme möhleti tamam bolmazyndan sähel wagt öň täze hökümiň çykarylandygyny we oňa goşmaça bäş ýyl sürgünligiň berlendigini habar berýär.
“Annanyýazowy 2008-nji ýylda tussag edileli bäri görmedik garyndaşlary mart aýynda onuň bilen täze tussaghanasynda ilkinji gezek duşuşmak mümkinçiligini aldylar we oňa eşik, azyk gowşuryp bildiler” diýip, “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatynda aýdylýar.
Şeýle-de, Annanyýzowyň garyndaşlarynyň soňky iki aýda onuň bilen telefonda gürleşendikleri habar berilýär. “Azatlyk” bu maglumaty başga çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.
Gulgeldi Annanyýazow ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy guralan protest aksiýasy sebäpli tussag edilip, bu işiň çäginde dürli möhletlerde ýyl kesilen otuza ýakyn protestçiniň arasynda 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
12-nji iýul protesti sebäpli ýyl kesilenleriň 20-ä golaýy 1996-njy ýylyň ýanwarynda, 12-nji ýanwarda bellenilýän Hatyra güni mynasybetli, prezidentiň günä geçişi astynda azatlyga çykdy, emma Annanyýazow şol wagt günäsi geçilmedik we soňra “Aşgabat sekizligi” diýip at alan tussaglaryň biri boldy.
1999-njy ýylda günäsi geçilen we 2002-nji ýylda Norwegiýadan gaçybatalga alan Gulgeldi Annanyýazow şol ýyl “Azatlyk” bilen söhbetdeşlikde türkmenistanlylaryň birleşip, öz hukuklary ugrunda göreşip bilmezliginiň olary garyplykda we minnet astynda ýaşamaga mejbur edýändigini aýtdy.
Gulgeldi Annanyýazow 2007-nji ýylda häkimiýet çalşandan soň,“Azatlyk” bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda ahyry kanunlaryň işläp başlajagyna her gün Günüň dogjagyna ynanjynyň bolşy ýaly ynanýandygyny aýtdy.
Emma ol soň “Azatlyga” türkmen häkimiýetlerinden yzyna dolanmak baradaky ýüzlenmelerine hiç bir jogap almandygyny gürrüň berdi.
2013-nji ýylda BMG-niň eden-etdilikli tussag etmelere garşy iş topary Annanyýazowyň tussag edilmeginiň halkara normalaryna gabat gelmeýändigini aýdyp, onuň azat edilmegine çagyrdy.
“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň ýazmagyna görä, halkara hukuk guramalarynyň Annanyýazow hakynda maglumat berilmegi baradaky talaplaryna türkmen hökümeti doly däl ýa-da nädogry jogap berdi.
Şeýle-de kampaniýa Annanayýazowyň adynyň 2014-nji ýyldan bäri, zorlukly ýitirim edilenleriň koalisýa tarapyndan çap edilýän täzelenen sanawyna hem girizlindeigini habar berdi.
2013-ni ýylda döredilen “Olary diri görkeziň” kampaniýasy Gulgeldi Annanyýazowa garşy çykarylan hökümi bikanun diýip atlandyrýar we türkmen häkimiýetlerini ony haýal etmän sürgünlikden boşadyp, maşgalasyna gowuşmak üçin Norwegiýa gitmegine mümkinçilik döretmäge çagyrýar.
Şeýle-de kampaniýa halkara jemgyýetçiliginiň bu işe goşulyşmagy barada çagyryş etdi.
“Azatlyk” radiosy