
Häzirki wagtda şikesli bolan 2 hepde töweregi duşuşyk geçirip bilmejek “Milanyň” şwesiýaly ýyldyzy Zlatan Ibrahimowiç ýurdunda ýylyň futbolçysy diýlip saýlandy.Ol bu hormata 12-nji gezek laýyk görüldi. “Guldbollen” baýragyny ilkinji gezek alan 39 ýaşly Ibrahimowiç 2007-20016-njy ýyllara aralygynda yzly-yzyna 10 gezek bu hormata mynasyp boldy.
Umumylykda 12-nji gezek arzyly baýragy alan Ibrahimowiç bu ugurda rekord goýdy.Ol şu möwsümde Milanda çempionatda 10 gol geçirdi.