12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň şanyna ýurtdaky teatrlarda daşary ýurtly nusgawy ýazyjylaryň, şeýle hem türkmen edebiýatynyň eserleri esasynda oýunlar görkeziler.

Sagat 19:00-da Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň Romeo we Julýetta atly meşhur eserini halka hödürlär.

12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly we degişmeli konsert bolar. Bu agşamyň maksatnamasy meşhur artistleriň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryny öz içine alýar.

Sagat 19:00-da Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry gülküli Oskar oýnuny görkezer. Oýun fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda goýlupdyr.

Sagat 19:00-da A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Halklaryň dostlugy atly konserte çagyrýar.

12-nji dekabrda sagat 15:00-da Türkmen döwlet gurjak teatry iň ýaş tomaşaçylary Aladdin hakyndaky arzyly gündogar ertekileri esasynda goýlan oýnuň ilkinji gezek görkezilişi bilen begendirer.

Sagat 19:00-da Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýapon dramaturgy Kinosit Dzýundiziniň pýesasy esasynda goýlan Durna umydy oýny görkeziler.

Sagat 19:00-da Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry Bitaraplyk owazlary atly konserte çagyrýar.

Ýene degişli makalalar

12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmenistanyň baş drama teatrynda Romeo we Julýetta atly sahna eseri görkezildi