12-nji dekabrda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde konsert geçiriler

12-nji dekabrda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde konsert geçiriler

12-nji dekabrda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde bu orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň çykyşlaryndan düzülen konsert geçiriler. Bu barada guramaçylyk topary Turkmenportala habar berdi.

Konsertiň dowamynda belli türkmen halk sazlary, belli kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Daňatar Hydyrowyň sazlary, şeýle-de dünýä klassykasyndan E.Grigiň, F.Laýyň eserleri Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary tarapyndan ýerine ýetiriler. Mundan başga-da, konsertde diňleýjiler watansöýüjilik, söýgi we durmuş temasyna degişli türkmen hem-de daşary ýurt aýdymlaryny diňlemäge mümkinçilik alarlar.

Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäherinde ýerleşýän Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi 2023/2024-nji okuw ýylynda ilkinji talyplaryny okuwa kabul etdi.Häzirki wagtda bu ýerde talyplar türkmen milli saz gurallary, kirişli saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, sazyň taryhy we nazaryýeti, aýdym aýtmak sungaty (wokal), bagşyçylyk sungaty, hor dirižýorlygy, saz mugallymçylygy, fortepiano, halk saz gurallary, horeografiýa sungaty, nakgaşçylyk hem-de dizaýn ýaly hünärler boýunça bilim alýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ýaş zehinleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi
Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi
NAKGAŞLYK SUNGATYNYŇ USSATLARY
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy