12-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Gurbanguly Berdimuhamedow Sport ulag merkezini Aşgabatdan göçürmegi teklip etdi, Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi, türkmen türgenleri Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezinde bolan wagtynda bu desgany göçürmek teklibini öňe sürdi.Bu çözgüt golaýdaky ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan raýatlaryň rahatlygyny bozmazlyk maksady bilen, şeýle hem bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alnyp beýan edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi hem-de driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlygyny görkezdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplumyň dörediljek ýeri kesgitlenilse, bu babatda öňe sürlen teklibi ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýetirjekdigini aýtdy. 2. Şu gün Türkmenistanda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi. 3.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň San-Paulu ştatynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. 4.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, ony Pakistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. 5.Türkmenistanda mugallymlaryň arasynda elektron okuw üçin iň gowy toplumlaýyn çözgütleriň bäsleşigi yglan edildi.

Bäsleşigiň guraýjysy Türkmenistanyň Bilim ministrligi.Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylmy-pedagogik işgärleri we beýleki hünärmenleri çagyrylýar.Bäsleşik üç ugur: tehnologiýa we ykdysadyýe; ynsanperwer ylymlar, medeniýet we sungat, saglyk we sport; tebigy we takyk ylymlar boýunça geçirilýär. 6.

Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň uly döredijilik topary nusgawy şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň durmuş we döredijilik ýoluna bagyşlanan doly metražly çeper film döretmek boýunça bilelikde işleýärler.Täze filmi şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Türkmenistanda geçiriljek Gorkut ata halkara kinofestiwalynda görkezmek meýilleşdirilýär.

Dünýäde

7.Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasynyň düzümine girýän Honeybee Robotics kompaniýasyna Aý üçin ägirt uly taslamany işläp düzmek boýunça maliýe serişdeleri bölünip berildi.Gürrüň 100 metr beýikligi bolan köçe çyralaryny döretmek barada barýar.

Bu beýiklik Azatlyk heýkeliniň boýundan hem uludyr.Taslama takmynan iki Ýer hepdesi dowam edýän uzyn Aý gijeleriniň meselesini çözmek üçin döredildi.Bu Gün energiýasyna bil baglaýan geljekki gözlegçiler üçin çynlakaý kynçylyk döredýär.

Mahabat wideosynda baş gözlegçi Wişnu Sanigepalli enjamlaryň işleýiş aýratynlyklaryny düşündirdi.Uly desgalar Aý gününiň dowamynda Gün energiýasyny toplar we iki hepdelik gijäniň dowamynda daş-töweregi kuwwatly çyralary bilen ýagtylandyrar. 8.

Hytaýda adaty bolmadyk we isleg bildirilýän slipmeýker hünäri peýda boldy.Bu hünärmenler ukusyzlykdan ejir çekýän ýaşlara köşeşdiriji gepleşikler we emosional goldaw bilen rahatlanmaga hem-de uklamaga kömek edýärler.

Bu hünäriň barha artýan meşhurlygy uklamak kynçylygyny başdan geçirýän ýaş hytaýlylaryň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr.Olaryň köpüsi hepdede alty gün irden 9-dan agşam 9-a çenli çylşyrymly medeniýet şertlerinde işleýärler, bu bolsa stresse we ukynyň bozulmagyna sebäp bolýar.

Slipmeýkeriň sagatlyk bahasy 36 dollara, gündelik girdejileri bolsa çaý pulyny hasaba almazdan, 4200 dollara ýetip bilýär.Sport habarlary

9.Türkmen türgenleri dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe türgenler bilen birlikde Pariždäki tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar.Sportuň dört görnüşi dzýudo, ýeňil atletika, suwda ýüzmek we agyr atletika boýunça ýaryşan Türkmenistanyň alty wekili dört ýyllygyň esasy sport çäresindäki çykyşlaryny tamamladylar. 10.

Aşgabatda şäherinde Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň PRO derejeli tälimçilik okuwynyň jemleýji tapgyry geçirilýär. Öňdebaryjy türkmen hünärmenleri, şol sanda milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Mergen Orazow okuwyň jemleýji modulyny geçýärler we ýokary tälimçilik derejesini almak üçin synaglary tabşyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji portugaliýaly kosmosa çykar
Dünýäniň üçünji baý adamy yglan edildi
Kosmos ykdysadyýeti ösýär
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
“Amazon”-yň täze hyzmatlary
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi