12 minutda zarýad berýän enjamyny tanyşdyrdy

Häzirki wagtda elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagyndaky iň uly päsgelçilikleriň biri zarýad beriji beketleriň az hem-de zarýad bermegiň uzaga çekmegi bolup durýar.Hytaýyň “Nio” kompaniýasy bary-ýogy 12 minutda 80 göterime çenli zarýad berýän enjamyny tanyşdyrdy. “Power Charger 3.0” atly enjam ähli görnüşli elektroulaglar zarýad bermek üçin niýetlenipdir.

Enjamyň 15,6 dýuýmlyk ekrany arkaly näçeräk zarýad berlendigini görüp hem-de dolandyryp bolýar.Bu enjamda suwuk sowadyjy ulgamy ulanylypdyr. Şeýlelikde onuň kabelleri adatdakydan inçe bolup, bir eliň bilen ötürip bolýar. Şeýle hem degişli abzallaryň gyzmagynyň öňüni alýar.

Täze enjamyň geljek ýylyň mart aýynda ulanmaga taýýar ediljekdigi mälim edildi.

Şu ýylyň awgust aýynda bolsa, Hytaýyň “Xpeng” kompaniýasy hem zarýad enjamyny öndüripdi. Bu enjam “Xpeng G9” awtoulagyna 5 minutda berýän zarýadynyň 200 kilometr ýol geçmegine ýetýändigi mälim edilipdi. Enjam 15 minutda bolsa, elektroulag batareýasyny 80 göterime çenli doldurýar.

Dawutgeldi Akmämmedow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly uşuçylar Gyrgyzystanyň açyk çempionatynda 18 medal gazandylar
MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Owganystanda Balh welaýatynyň häkimine garşy bombaly hüjüm guraldy
Erkin Taganow BAE-de geçirilen halkara karate ýaryşynda bürünç medal eýeledi
Dawut Nazmyradow karatedo boýunça Italiýada geçirilen halkara ýaryşda bürünç medal gazandy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I oýny geçirildi