12.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we durmuş-medeni ulgamyny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty açyp, ilki bilen, wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy.Wise-premýer ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatlarda daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altyny” iň soňky übtügine çenli ýygnamak işleri dowam edýär, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň tehnikalarynyň üsti yzygiderli ýetirilýär we täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň toýlanan güni Türkmenistanyň Hökümeti bilen “John Deere International Gmbh” amerikan kompaniýasynyň arasynda degişli ähtnama gol çekilendigi habar berildi.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorka (ABŞ) bolan iş saparynda dünýä belli bu kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň wekilini kabul etdi.

Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýär. Ýokary öndürijilikli “John Deere” tehnikasy türkmen ekerançylary üçin özüni oňat tanatdy hem-de ýurdumyzda geçirilýän oba hojalyk işlerinde işjeň ulanylýar. Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň suw hojalygyny has-da ösdürmäge, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň düzüm bölümleri, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli ozal beren tabşyryklarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak wezipeleriniň hem-de şonuň bilen gönüden-göni ugurdaş ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka bolan iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýardam bermeginde geçirilen iş maslahaty bu baradaky meselä bagyşlandy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda hem-de kabul edilen halkara borçnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda durnukly ösüşiň hemrasy bolan suw serişdelerini gorap saklamak we aýawly peýdalanmak hem-de ekologiýa ýaly özara baglanyşykly ugurlarda sebit we dünýä möçberindäki hyzmatdaşlyga uly goşant goşýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ekologiýa hem-de suw energetika meseleleri babatda döwletimiziň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri dowam etmegi tabşyrdy.Milli Liderimiz ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň bar bolan kuwwatyny netijeli peýdalanmaga, bu ulgamyň işini kämilleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň hatarynda bar bolan suw howdanlaryny giňeltmek hem-de olaryň täzelerini, beýleki gidrotehniki desgalary, şol sanda suwuň zeruryýetçiligi ýüze çykan ýerlerde suw süýjediji desgalary gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek, obasenagat önümçiligine ýurdumyzyň tebigy howa şertlerini nazarda tutup, suwarmagyň häzirki zaman usullaryny, suwdan rejeli peýdalanmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak meseleleri bar.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin meýdanlardaky işleri güýçlendirmek hem-de ýygnalan hasylyň saklanylyşynyň şertlerine aýratyn üns bermek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna medeniýet ministri A.Şamyradow çagyryldy.Ministr bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak çärelere, şol sanda halkara derejeli çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreleriň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda teatrlarda we kinoteatrlarda guralýan çykyşlaryň tomaşaçylary özüne çekmeginiň möhümdigini, muzeýleriň hem-de kitaphanalaryň, şeýle hem medeni ojaklaryň ähmiýetine laýyk derejede ulanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda mahabat serişdelerini has işjeň peýdalanmagyň, onuň maglumat gurşawyny ösdürmegiň, bu ugra giň köpçüligiň çekilmegini gazanmagyň zerurdygyny belläp, türkmenistanlylaryň sungata we döredijilik çärelerine bolan höwesini artdyrmak, ony has-da gyzyklandyrmak babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi hem-de aýdylanlardan gyssagly netije çykaryp, degişli çäreleri görmegi we täze teklipleri hödürlemegi tabşyrdy.

Medeniýet merkezlerini jemgyýetiň, ýaşlaryň durmuşy bilen yzygiderli utgaşdyrmak zerurdyr, tomaşaçylar bilen gatnaşygyň netijeli görnüşlerini tapmak hem-de olaryň gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Soňra Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Çolukow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler, komitetiň garamagyndaky kärhanalaryň işini utgaşdyrmak hem-de bu ugurda halkara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dynç alyş mümkinçiliklerini, hususan-da, sagaldyş we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin ähli şertleriň doly ulanylmalydygyna, syýahatçylyk hyzmatlary bazarynda täze gyzykly teklipleriň we hyzmatlaryň bolmalydygyna ünsi çekdi.

Syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin biziň ähli şertlerimiz bar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda dörän ýagdaýy düzetmek hem-de ýurdumyza jahankeşdeleri çekmek, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeni-taryhy mirasyny we tebigy gözelliklerini giňden ýaýmak boýunça işleri guramak üçin degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hasabat bilen çykyş etdi.Wise-premýer nebitgaz toplumynyň düzümlerinde işleriň ýagdaýy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň tassyklanan tertibe laýyklykda alnyp barylýan gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşi, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek babatda möhüm ähmiýeti bolan TOPH taslamasyny amala aşyrmagyň okgunly depginini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz pudagyny has-da ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ugurlaryny döretmek hem-de gazy gaýtadan işleýän döwrebap toplumlary gurmak boýunça taslamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçilik etmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol sanda ýurdumyzyň geljegi uly täze känlerini senagat taýdan özleşdirmegiň, bu babatda döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmagyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň hataryna girýändigini belledi.Döwlet Baştutanymyz nebitgaz çykarýan kärhanalaryň işini düýpli seljermegi hem-de şolaryň önümçilik ykdysady görkezijilerini artdyrmak üçin bar bolan ätiýaçlyklary netijeli peýdalanmak barada döwlet konserniniň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra senagat ministri H.Mergenow ýurdumyzyň senagat toplumynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, degişli düzümi has-da döwrebaplaşdyrmak hem-de pudaklaýyn kärhanalarda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň möhümdigini belläp, pudagyň kuwwatyny we çig mal serişdelerini göwnejaý ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.Munuň özi içerki bazary ýokary hilli, daşary ýurt görnüşlerinden pes bolmadyk ýurdumyzda öndürilýän harytlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, bäsleşige ukyply eksport önümleriniň möçberini artdyrmaga hem şert döreder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda täze döwrebap senagat desgalaryny, şol sanda Balkan we Lebap welaýatlarynda sement zawodlaryny gurmak bilen bagly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda çykarylýan, uly isleg bildirilýän aýna önümleriniň görnüşlerini artdyrmak maksadynda täze bölümi açmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berip, ministre degişli görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty dokma senagaty ministri N.Gaýlyýewiň pudakda geçirilýän işler hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli dokma senagaty uly kuwwata, şol sanda baý çig mal serişdelerine eýe bolup durýar.

Ine, şu ýyl hem türkmen pagtaçylary önjeýli zähmet çekip, “ak altynyň” bereketli hasylyny ýygnadylar.Emma pudakda bar bolan mümkinçilikler doly ulanylmaýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ministriň adyna nägilelik bildirip, taýýar önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak meselesine ünsi çekdi.

Degişli ugurda geçirilýän işler yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Marketing barlaglaryny geçirip durmaly, bazaryň islegini öwrenip, dokma toplumlarynyň işini uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylmagyna gönükdirmeli.

Sarp edijilik islegini nazara almak bilen, önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmaly hem-de zerur bolan halatynda kärhanalaryň tehnologik üpjünçiligini täzeläp durmaly diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewi çagyrdy.Ol pudagyň önümçilik binýadyny has-da pugtalandyrmak, hususan-da, “Garabogazkarbamid”, “Tejenkarbamid” we “Maryazot” zawodlarynyň işini doly kuwwatynda ýola goýmak, şeýlelikde, ýurdumyzyň oba hojalygyny ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrmagyň özeni bolan mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Amala aşyrylmagy bellenilen täze taslamalar, şol sanda ammiak we karbamid öndürýän zawodlary, fosfor dökünlerini öndürýän kärhanany gurmagyň taslamalary barada habar berildi.Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýakynda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu babatda degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.Bu pudak ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça wezipeleriň çözülmegine uly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oba hojalygynyň hajatlaryny hem-de dünýä bazarlarynda uly islegi nazara almak bilen, ýokary hilli mineral dökünlerini öndürmegiň himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna degişli ugurda işleri çaltlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimow çagyryldy.Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de pudagyň girdejililigini ýokarlandyrmak, öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.Halk hojalygynyň ähli beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, gurluşyk pudagynda hem iň döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

Ykdysady taýdan bähbitli taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini işjeň öwrenmeli, işleriň ýokary hilini üpjün etmäge, hünärli işgärleri taýýarlamaga örän uly üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de ministre degişli ähli meseleleriň öz wagtynda we toplumlaýyn çözülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy A.Öwezow ýolbaşçylyk edýän konserninde alnyp barylýan işler, şol sanda Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyny gurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda awtomobil ýollaryny ösdürmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanynyň gurulmagynyň logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr-ulag düzümini giňeltmäge, goňşy ýurtlar bilen haryt dolanyşygyny, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, harytlaryň eksportuny we üstaşyr geçirilýän ýükleriň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe hem-de ondan aňryk Ýewropa ugry boýunça ulag geçelgesini döretmegiň we ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Ol Merkezi hem-de Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder.Milli Liderimiz düzüm desgalarynyň, şol sanda Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanynyň gurluşygyny tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri barada durup geçip, döwlet konserniniň başlygyna täze tehnologiýalary peýdalanmagy göz öňünde tutmak arkaly ýokary tizlikli bu awtobany gurmak barada degişli teklipleri taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Munuň özi täze ýoluň uzakmöhletleýin ulanylmagyny üpjün eder.Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty energetika ministri Ç.Purçekowyň hasabaty bilen dowam etdi.Ol Lebap welaýatynda elektroenergetika desgalaryny, şol sanda Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet energetika syýasatynyň senagat pudagynyň, oba hojalygynyň, Türkmenistanyň durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz elektroenergetika pudagynyň goşmaça kuwwatlyklaryny ulanmaga bermek baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Munuň özi elektroenergiýanyň barha artýan içerki gündelik sarp edilişini durnukly üpjün etmäge hem-de hereket edýän ugurlar babatda bolşy ýaly, täze ugurlar boýunça hem onuň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny aýratyn nygtap, ministre degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy D.Saburowy göni aragatnaşyga çagyrdy.Gullugyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamalaryny amala aşyrmak hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän degişli işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz awiasiýa pudagynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap, ýolagçylara hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýän howa menzilleriniň toplumlaryny gurmagyň, ýurdumyzyň howa ulaglarynyň ösen düzümini kemala getirmegiň, ygtybarlylyk maksadynda täze enjamlar bilen üpjün etmegiň Türkmenistanyň ösüşiniň umumy strategiýasynyň bir bölegidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltjekdigini hem-de howa gämileri bilen ýük we ýolagçy gatnawlarynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini aýdyp, gullugyň başlygyna bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Gurdow Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň degişli derejede işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Sebitde iri senagat toplumlarynyň ulanmaga berilmegi netijesinde, tutuş dünýäde isleg bildirilýän önümleriň önümçiliginiň artmagy hem-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinden uly isleg bildirilýän harytlaryň bu ýere getirilmegi bilen, Halkara deňiz portunyň ýük daşamak kuwwatynyň has artandygy bellenildi.

Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek maksady bilen parom, ýolagçy, konteýner terminallaryny, gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyny öz içine alýan portuň mümkinçiliklerini doly kuwwatynda peýdalanmak boýunça birnäçe zerur çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag syýasatynyň wezipeleriniň, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzyň öňde goýýan maksatlarynyň ulag toplumynyň, şol sanda ýurdumyzyň deňiz flotunyň mümkinçiliklerini giňeltmegi talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz portuň strategik desgalarynyň sebitiň eksport-import logistika ulgamynda ýurdumyzy öňdäki orunlara çykarjakdygyny belledi.

Multimodal giň gerimli binýat howa, awtomobil hem-de demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýner ýüklerini saklamak we utgaşykly işlemek boýunça toplumlaýyn hyzmatlary amala aşyryp, şolaryň suw ulagyna ýüklenilmegini hem-de düşürilmegini üpjün etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna deňizde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň guralyşynda dünýäniň iň oňat tejribesini düýpli öwrenmek hem-de iş ýüzünde ulanmak, deňiz portunyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz portuň terminallarynyň iş depgininiň ösüşini, degişli aýratynlyklarynyň giňeldilmegini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny aýtdy, munuň özi suw ulaglary ulgamynda ýük dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berer.Soňra sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew ministrligiň düzümleriniň alyp barýan işleri, sportuň dürli görnüşlerini, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda dünýäniň iň oňat tejribesini öwrenmek babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iň döwrebap hem-de doly bahaly sport düzümleriniň döredilendigini, sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilendigini, sport düzümleriniň iri halkara ýaryşlary geçirmek we türgenleri dünýä derejesinde taýýarlamak, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini, zehinli ýaşlary höweslendirmek ulgamynyň hem hut şoňa gönükdirilendigini belledi. Ýöne bu mümkinçilikler doly derejede peýdalanylmaýar.

Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň 8-nji dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça degişli ýolbaşçylara, şol sanda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektoryna anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz institutyň täze dörediljek maddy-enjamlaýyn binýadynda, esasan, agyr atletika, göreş, boks we sportuň beýleki olimpiýa görnüşlerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hem-de usulyýet tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň işini Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň alyp barmalydygyny aýtdy hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Emma, döredilýän şertlere garamazdan, agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň ýokary netije görkezip bilmändiklerini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Dürli maslahatlarda, mejlislerde, şol sanda giň möçberli ýaryşlary geçirmäge görülýän taýýarlyk pursatlarynda anyk tabşyryklaryň birnäçe gezek berlendigine garamazdan, olar doly ýerine ýetirilmedi. Şunlukda, Milli sport we syýahatçylyk institutyndaky tälimçilik işlerini güýçlendirmek, bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine täzeden garamak zerurdyr.

Munuň üçin täze kafedralary açmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Döwletimiziň ýokary netijeli sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek ugrunda edýän aladasy netijesinde ýurdumyzda sport hünärli mekdepler, sportuň dürli görnüşi boýunça toplumlaýyn we ýöriteleşdirilen mekdepler, olimpiýaçylary taýýarlamak boýunça toplumlar hereket edýär.

Paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruldy, welaýatlarda ýaş nesilleriň sagdyn we hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýän ajaýyp stadionlar, beýleki sport desgalary hereket edýär.Umumymilli spartakiadalar, içerki çempionatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň türgenleri daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.

Döwlet tarapyndan sportuň ösdürilmegine ägirt uly serişdeler gönükdirilýär, emma şolaryň netijesi görünmeýär. Şu nukdaýnazardan, Olimpiýa şäherçesiniň kuwwatyny netijeli peýdalanmaly, sporty ösdürmegiň ylmy-usulyýet esaslaryny kämilleşdirmeli.Türkmen türgenlerine halkara ýaryşlarda beýik ýeňişleri gazanmagy, türkmen sportunyň derejesini belende götermegi üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginiň wajypdygyny nazarda tutup, ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak we onuň düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda alnyp barylýan ähli işleriň, şol sanda täze desgalaryň gurluşygynyň, paýtagtymyzyň etraplaryny, köçelerini we seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak işleriniň medeni we ekologiýa babatda toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunlukda, adamlar üçin oňyn durmuş şertleriniň döredilmegi üýtgewsiz talap bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň meýilnamasyny uzak geljegi nazarlamak arkaly amala aşyrmaga oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we paýtagtymyzyň durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilmegini, jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň boş wagtyny medeniýetli geçirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, aşgabatlylaryň sport we döredijilik çäreleri bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz şäheriň medeni ojaklarynda, şol sanda çagalar üçin niýetlenen dynç alyş merkezlerinde we beýleki desgalarda işleriň talabalaýyk guralmaýandygyny, degişli düzümleriň işiniň guramaçylyk derejesiniň bellenilen kadalara laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri tertipleşdirmek hem-de kämilleşdirmek boýunça tabşyryklary berip, ähli düzüm desgalarynyň degişli derejede saklanylmagyna we olaryň netijeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet bermegi berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler, mähriban halkymyza bolsa abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

26.01.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
07.02.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
04.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sesden tiz uçýan geljegiň uçary döredildi
Çawuşogly: "Terror bilen bagly faktorlar ele alynmasa terrora garşy göreşde üstünlik gazanyp bolmaz"
Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi geçirilýär