12.08.2017 | "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bellenilen Hazar deňziniň güni uly baýramçylyk öwüşginlerine beslendi.Her ýylda geçirilýän bu çäre giň jemgyýetçiligiň arasynda Türkmenistanyň uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen tebigaty goraýyş syýasatynyň wagyz edilmegini, şeýle hem ekologiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň berkdilmegini we giňeldilmegini, ählumumy durnukly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegini ugur edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda bu çäräni Türkmenistanyň Daşky gurşawy tebigaty goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy we Balkan welaýat häkimligi bilelikde guradylar.

Onuň maksatnamasyna “Sagndynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça gazanylýan üstünlikler” atly ylmy-amaly maslahat, medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri girizildi. “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen maslahata tebigaty goraýyş düzümleriniň, Hazar deňzi bilen baglanyşykly pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri we ekologlar gatnaşdylar.

Bu çärä gatnaşýan myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriniň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Germanýianyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekilleri bar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar.

BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak hakyndaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalary yzygiderli durmuşa geçirýär we bu ugurda beýleki döwletler, iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýalarynyň mejlislerinde BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda we beýleki iri forumlarda öňe süren halkara başlangyçlarynyň wajyplygy bellenildi.

Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologýialar boýunça Sebitleýin merkezi açmak, şeýle hem Tutuş adamzadyň guwanjy bolan ajaýyp tebigy toplum hökmünde ykrar edilen Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň netijeli köpugurly guralyny döretmek hakyndaky teklipler bar. Şeýle hem milli Liderimiziň teklibi boýunça birnäçe möhüm halkara resminamalar taýýarlanyldy.

Olaryň hatarynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini saklamak we netijeli peýdalanmak hakyndaky ylalaşyk hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we ony aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar. Şeýle hem türkmen tarapy Hazar deňziniň gidrometereologiýasy boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň maglumatyny gutarnykly ylalaşylmagyna ýardam etdi.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we onuň hapalanmagyna gözegçilik etmek baradaky Utgaşdyryjy komitete başlyklyk etmeginiň döwründe bu ugurda alnyp barylýan işler tamamlandy.Häzirki döwürde bäştaraplaýyn görnüşde gol çekmegi meýilleşdirilýän täze kadalaşdyryş-hukuk resminamalarynyň bukjasy taýýarlanylýar.

Olaryň hatarynda söwda-ykdysady pudakda, ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyk bar.Bu resminamany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Sammitinde öňe süren tekliplerine layklykda türkmen tarapy taýýarlady.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 2010-nji ýylda Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň III Sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň üstüni ýetirmek üçin Teswirnamalar işjeň taýýarlanylýar.

Resminamanyň maglumatlary biologiýa serişdelerini bikanun awlamaga garşy göreşmek we deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ulgamlarda goňşy ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň özara gatnaşyklary üçin hukuk binýadyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Aşgabatda, Tähranda, Bakuda we Astrahanda geçirilen Sammitleriniň ähmiýeti barada aýdyldy.

Olaryň her biri bäş Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryny mundan beýläk-de öňe ilerletmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi.Bu ugurda gazanylan ösüşler sebitiň ýurtlarynyň Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmäge, möhüm ugurlarda ynanyşmak ýagdaýynda geçirilýän netijeli gatnaşyklary giňeltmäge bolan bir meňzeş garaýyşlaryny äşgär edýär.

Beýleki Hazarýaka döwleti bilen bilelikde Türkmenistan Hazaryň ekologiýa maksatnamasynyň durmuşa geçirtdmegine işjeň gatnaşýar.Onuň çäklerinde Hazaryň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) taýýarlanyldy.Ol Hazar deňzinde tebigaty goramak işiniň hukuk esaslaryny emele getirdi.

Konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda ähli Hazarýaka döwletleriniň parlamentleriniň tassyklamagy bilen dessine güýje girdi. Şol pursatdan bäri Hazar deňziniň halkara güni diýlip resmi taýdan yglan edildi.BMG-niň daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň başlangyjy boýunça ol Hazarýaka ýurtlarynyň ählisinde bellenilýär. Şu geçen döwürde biologik köpdürlüligi saklamak, Hazar deňzini gury ýerde ýerine ýetirilýän işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýany durmuşa geçirmegiň netijeli guralynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Teswirnamalara gol çekildi. Şunlukda, nebitiň dökülmegi zerarly emele gelýän hapanyň döredýän kynçylyklaryna seslenmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge sebitleýin taýýarlyk barada aýdyldy.

Hazar deňzinde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ähmiýet berilmegi Hazaryň aýratyn derejesi bilen baglanyşyklydyr. Örän baý we köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan, tebigatyň merjeni hasaplanylýan, dünýä ummanyndan aýratyn iri suw howdanynyň goraglylygy döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady merkezleriň biri bolup durýar we ol kuwwatly energetika, ulag hem-de aragatnaşyk çatrygyna öwrüldi.

Deňiz ýakasyny yzygiderli özleşdirmek, nebit we gaz senagatynyň ýokary ösüş depginleri, sebitde Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan halkara logistik düzümini ösdürmek boýunça bellenilen uzakmöhletleýin taslamalar bu ýerde anyk hukuk kadalaryna, ähli Hazarýaka döwletleriniň bähbitlerini nazarda tutýan deňhukukly özara gatnaşyklara esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň möhümdigini äşgär edýär.

Mälim bolşy ýaly, bu mesele ýakynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana bolan resmi saparynyň ara alnyp maslahatlaşyldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýewiň gol çeken Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamada Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ýakyn wagtda ylalaşmagynyň we kabul edilmeginiň wajypdygy tassyklanylýar.

Ol Hazar deňzinde halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk çäklerini goýmaga gönükdiriler.Bu gezekki maslahatyň dowamynda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndakyhazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň kenarýaka zolaklarynda durnuklylygy üpjün etmek boýunça alyp barylýan işiniň esasy ugurlaryna garaldy. Çykyşlarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, şol sanda nebitgaz toplumyny, ulag pudagyny, oba hojalygyny we adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertini emele getirýän ekologiýa bilen berk baglanyşykly pudaklary ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine syn berildi.

Daşky gurşawyň senagat desgalary tarapyndan hapalanmagynyň öňüni almak, Hazaryň suw we bioldogik serişdelerini netijeli peýdalanmak, çölleşmä, howanyň üýtgemegine we onuň ýetirýän zyýanlaryna garşy göreşmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Deňiz ýakasynyň ekologiýa taýdan abadançylygyny saklamak ýurduň ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýär.Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny mysal hökmünde geçirmek bolar.Täze tehnologik gurnamalaryň we önümçilik düzümli beýleki desgalaryň gurluşygy öňdebaryjy tehnologiýalary we daşky gurşawy goramaga mümkinçilik berýän tehniki çözgüler esasynda alnyp barylýar.

GDA döwletleriniň kärhanalarynyň arasynda öňdäki hatarlarda durýan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly ýangyjyň önümçiligi ýola goýuldy, gidroarassalaýyşdan geçirilýän dizel ýangyjynyň önümçiligi özleşdirildi.Munuň özi halkara hil kadalaryna doly laýyk gelýär. Şu ýylyň iýun aýynda bu ýerde arassalaýyş desgalaryň täze senagat we ýangyç, nebithimiýa gurnamalarynyň, aýlawly suw üpjünçiliginiň ulgamlary ulanmaga berildi.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi topraga we suw ýalpaklygyna zyýanly serişdeleriň düşmek töwekgelçiligini birnäçe esse peseltmäge, suwy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem suwy gök zolaklary suwarmak we tehniki zerurlyklar üçin ulanmak mümkinçiligini emele getirdi.

Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar.Bu ýerde deňiz, awtomobil, demirýol we howa ulaglaryny ulanmak arkaly ýük akymlaryny utgaşdyrýan möhüm logistik merkez döredilýär. Şeýlelikde Türkmenistan diňe bir Hazarýaka ýurtlarynyň däl, eýsem tutuş Ýewraziýa yklymynyň giňişliginde döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara ulag-üstaşyr merkezi hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky ornuny yzygiderli giňeldýär we pugtalandyrýar. Şeýle hem deňiz menziliniň düzümini ösdürmäge gönükdirilen we awtomobil ýolagçy, konteýner, ýük ýükleýiş, polipropilen terminallaryny we beýleki desgalary öz içine alýan deňiz portunyň düzüminiň ekologiýa howpsuzlygy nazarda tutulyp, halkara ülňülerine laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny bellemeli.

Biologik köpdürlüligiň öwrenilmegi we Hazar deňziniň suwunyň hiline yzygiderli gözegçilik edilmegi bilen baglanyşywklar meseleler maslahatyň düýp özenini düzdi.Bu ulgamda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijeleri bilen, Milli çöl, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň, “Kaspekogözegçilik” ýöriteleşdirilen gullugyň işgärleri çykyş etdiler. Şu ýyl döredilenine 85 ýyl dolan Hazar döwlet goraghanasynyň işi baradaky çykyş uly gyzyklanma bilen diňlendi.

Bu ajaýyp tebigy toplum Türkmenistanyň tebigatynyň merjeni hasaplanylýar.Onuň meýdany 260 müň ektardan gowrak bolup, özüniň köpdürli haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen haýran galdyrýar.Bu ýerde dünýäniň biologik köpdürlüliginiň bahasyz genofondy hasaplanylýan haýwanlaryň we ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşleri bar.

Hazaryň türkmen kenarynyň suw batgalyk ýerlerinde Merkezi Aziýa we Gündogar Afrika ugurlary boýunça uçýan guşlar düşläp geçýärler, höwürtgeleýärler we gyşlaýarlar.Olaryň hatarynda halkara ähmiýetli suw batgalyk ýerleri derejesine eýe bolan Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna girizilen guşlaryň ýüz müňlerçe görnüşleri bar.

Hazaryň kenarynda dünýä derejeli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek hakyndaky taslama ekologiýa babatda maslahata gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.Gök zolaklary döretmegiň täzeçil tehnologiýalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalarynyň wajyp şerti bolup durýar.

Hazaryň kenarynda gurulýan şypahanalaryň we myhmanhanalaryň, şeýle hem senagat kärhanalarynyň halkara ekologiýa howpsuzlygy ülňülerine laýyk gelmegi olara bildirilýän möhüm talap bolup durýar.Kenarda tokaý zolaklaryny döretmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işlerde ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär.

Bu ýerde hemişe gök öwüsýän zolaklar, täze tokaýlar döredilýär. Şunlukda, dynç alýanlaryň saglygyna oňyn täsiri bolan amatly howa gurşawy emele gelýär.Häzirki döwürde Hazaryň tebigy baýlyklary, ekologiýa taýdan arassa gurşaw, çägesöw suwa düşülýän ýerler, ýumşak howa gurşawy, deňiz gözelligi we onuň kenarynda sagaldyş toplumylary, çagalar sagaldyş merkezleri bolan ýokary derejeli myhmanhanalar bu künjegi köpsanly syýahatçylary, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary döwletleriň işjeň dynç alşyň tarapdarlaryny özüne çekýän şypahana merjenine öwürmäge mümkinçilik berdi.

Munuň özi myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzda belli fotosuratçylaryň eserleriniň sergisinde öz beýanyny tapdy. Şeýle hem bu ýerde ýaş suratkeşleriň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň dürli daşlary, balyk gulaklary we beýleki serişdeleri ulanmak arkaly döreden ajaýyp sungat eserleri goýlupdyr. Çärä gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Sergide amaly-haşam sungatynyň halk senetkärçiligiň dürli önümleri, zehinli ussatlaryň ajaýyp halylary, milli lybaslar, saz gurallary görkezilýär.Halkymyzyň milli medeniýetimiziň özboluşly ösüşini äşgär edýän gymmatlyklar özünde gözelligi, halkymyzyň ruhy dünýäsini, asyrlar aşyp gelýän we häzirki döwürde kämil derejede ösdürilýän ýagşy dessurlary jemleýär. Şeýle hem “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde kenarýaka şäheriň mekdep okuwçylarynyň we bu ýerde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda futbol, woleýbol, tennis we beýleki sport ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy.

Baýramçylyk çärelerine gatnaşýan ulular we çagalar günüň ikinji ýarymynda “Daýanç” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnandylar.Bu ýerde mähriban tebigatymyzyň, Hazar deňziniň giňişlikleriniň, onuň gaýtalanmajak görnüşiniň we haýwanat dünýäsiniň keşbini janlandyrýan çaga eserleriniň iň gowularynyň awtorlaryna baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Awazada geçirilen duşuşyklar Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan baýramçylyk oňa gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.Munuň özi dünýäniň ajaýyp tebigy merjeni bolan deňzi goramagyň bähbidine ýaýbaňlandyrylýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistan Baku şäherinde howanyň üýtegemegi boýunça “COP29” halkara maslahatyna gatnaşýar
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
HAZAR DEŇZI DOSTLUK WE HYZMATDAŞLYK DEŇZI
Türkmen ekologlary Ramsar konwensiýasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar