12.07.2017 | Türkmen wekiliýeti John Deere kompaniýasynyň zawodlarynda boldular

Şu günler Maýyn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilýän “Türkmenistan-Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri GFR-iň iri maşyngurluşyk käphanalaryna baryp gördüler.

Türkmen wekiliýeti Mangeým, Bruhzal hem-de Swaýbrýukken şäherlerinde ýerleşýän John Deere kompaniýasynyň iri zawodlarynda bolup, işleriň guralyşy we çykarylýan önümler bilen tanyşdylar, şeýle hem Kaýzerslautern şäherindäki Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezine baryp gördiler.

John Deere kompaniýasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.Dünýä belli amerikan kompaniýasy indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda öz ornuny eýelemek bilen, oba hojalyk tehnikalarynyň iň häzirki zaman ngusgalaryny hödürleýär.

Hyzmatdaşlygyň şu döwründe John Deere kompaniýasynyň enjamlary ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda öz artykmaçlyklaryny görkezdiler.Ekerançylarymyz olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler.Innowasiýa esasynda tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň örän möhüm ugry bolup, ol milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň hem-de eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Döwletimiz iş öndürijilik mümkinçilikleri has gowulandyrylan iň täze nusgaly tehnikalary satyn almak bilen, oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberleriniň durnukly artdyrylmagy, şol sanda meýdan işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmegiň hasabyna artdyrylmagy üçin şertleri döredýär.

Ekerançylaryň önüm öndürijiligi hem-de hünär taýýarlygy ýokarlandyrylýar, olaryň iş we zähmet şertleri gowulandyrylýar. Şulardan ugur alnyp, türkmen wekiliýetiniň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasy düzüldi, bu ýurtda John Deere kompaniýasynyň birnäçe zawody işleýär.

Mangeým şäherinde aýratyn buýurmalar esasynda oba hojalyk tehnikasy taýýarlanylýar. Ýygnaýjy bölümde işleriň tizligi haýran galdyrýar: bu ýerde traktory ortaça 3,5 sagadyň dowamynda ýygnaýarlar.Bruhzal şäherindäki zawod kabinalary taýýarlamakda ýöriteleşdirilendir. Şeýle hem bu ýerde ätiýaçlyk şaýlarynyň Ýewropa distribusiýa merkezi ýerleşýär, ol dünýäde iň iri merkezleriň biri bolup, GDA, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna hyzmat edýär.

Swaýbrýukken şäherlerinde ýerleşýän zawod ýurdumyzyň delegasiýasynyň agzalarynda aýratyn gyzyklanma döretdi, bu zawodda galla orujy kombaýnlary, şol sanda John Deere W540 kombaýnlaryny ýygngaýjy bölüm bar.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu görnüşli tehnikalaryň iri tapgyryny satyn aldy, şol sebäpli hem biziň hünärmenlerimize ýerinde önümçilik tehnologiýasy bilen tanşyp, işleriň hiline baha bermäge mümkinçilik döredildi.

John Deere kompaniýalarynyň zawodlary önümçilik işleriniň ýokary derejeli awtomatlaşdyrylmagy bilen tapawutlanýar.Tehnologiýa ulgamlary asma monorelsleriň birnäçe kilometrini, lazer kesiji enjamlary, robotlaşdyrylan kebşirleýji toplumlary we beýleki enjamlary öz içine alýar, olar önümçilik üçin zerur zatlary taýýarlaýarlar, köpeldýärler, gysýarlar, kesýärler we ençeme tonnalyk polady hasyl ýygnaýan ägirt uly maşyna kombaýna öwürýärler. Ähli şaýlar örän takyk görnüşde taýýarlanylýar, şunda her bir ýygnalan nusganyň hem-de taýýar önümiň hil ölçeglerine berk laýyk gelmegi gazanylýar. “Tigirli kiçi kärhana” döredilenden soňra John Deereiň däp bolan ýaşyl reňkine boýamak işi ýedi sagatlap dowam edýär.

Kompaniýanyň kärhanalarynyň arasynda dessin logistika ulgamy hereket edýär.Mysal üçin, kombaýna niýetlenen kabina ony oba hojalyk tehnikasyna oturtmak işleri başlanmagyna iki sagat galýança gurnamak üçin goňşy zawoda gelip gowuşýar.

Tehnikalaryň täze nusgalary döredilende ylmyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan zawodyň barlaghanasy peýdalanylýar, bu ýerde wirtual ýagdaýy şertlerinde önümçilik ulgamynyň gaýtadan enjamlaşydyrlmagyna çykdajylara baha berilýär. Şunuň ýaly çemeleşme ep-esli pul serişdeleriniň hem-de wagtyň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär.

John Deere kompaniýasy tarapyndan Kaýzerslautern şäherinde açylan Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezi öňdebaryjy çözgütleriň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär.Ol barlaghanalary hem-de önümçilik bölümlerini, şeýle hem edara binasyny öz içine alýar.

Edara binasy binagärlik bezegi bilen hem-de iň häzirki zaman tehniki aýratynlyklary bilen haýran galdyrýar, ol gün sensorlary bilen enjamlaşdyrylandyr, munuň özi içerki yşyklandyryşa, ýyladyş we sowadyş geotermal ulgamlaryna, fotoelektrik ulgamyna we beýlekilere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Merkeziň işi esasan elektronika arkaly traktorlaryň we ýygnaýjy tehnikanyň emele getirilmegine, şeýle hem tehnikany awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrmaga ýardam berýän, onuň iş wagtynda önümliligini ýokarlandyrýan, sürüjiniň ýadawlyk derejesini peseldýän täze tehnologiýalaryň işläp taýýarlanmagyna gönükdirilendir.

Täze konstruktorçylyk işläp taýýarlamalary, “ekerançylygyň intellektual ulgamlary” hojalyklaryň ekerançylyk meýdanlarynda synagdan geçirilýär.Türkmen hünärmenleri üçin maşyn gurluşyk zawodlarynyň tehniki we tehnologiýa mümkinçilikleri bilen tanyşmakdan başga-da, John Deere tehnikalaryny dolandyrmak boýunça tälim beriş okuwlary, şeýle-de “Oba hojalygyny dolandyrmak” atly tanyşdyryş çäresi guraldy. Şeýle hem John Deereiň ýewropa edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. “Tegelek stoluň başyndaky” söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan ileri tutulýan ugurlar nukdaýnazaryndan işewürlik hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda ylmyň soňky gazananlaryna, iň täze iehnologiýalara, innowasiýa işläp taýýarlamalaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Tehnikalara hyzmat etmek ýerlerde, şeýle hem ähli welaýatlarda döredilen tehniki merkezlerde amala aşyrylýar.Merkezleriň işgärleri Ýewropa ýurtlarynda we ABŞ-da iş tejribeliklerini geçdiler.Türkmen hünärmenlerini okatmak tejribesi hem oňat netijelerini berýär, şeýle okuwlar bu kompaniýanyň hyzmatlar merkezlerinde yzygiderli ýagdaýda guralýar, şeýle hem öndüriji zawodlaryň okuw binýatlarynda geçirilýär. Ýurdumyzyň ugrdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze tehnikalary netijeli ulanmak boýunça okuwlar alnyp barylýar, gysga wagtlyk okuwlar, degişli hünärmenleriň çykyşlary guraldy.

John Deere kompaniýasynyň Ýewropa edarasynyň wekilleri Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýurdumyzda wirtual-uzak aralykdan hem-de wideoşekiller arkaly okuwlary geçmek üçin ähli zerur zatlar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen Bilim merkezini açmak baradaky teklibi aýtdylar.

Inžener-tehniki işgärler, sürüjiler, talyplar üçin öwreniş maksatnamalary dürli görnüşli bolup, tehniki anyklaýşy, tehniki hyzmaty we abatlaýyş işlerini, tehnikany dolandyrmagy we olaryň işini sazlamagy we beýlekileri öz içine alar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Türkmen wekiliýeti John Deere kompaniýasynyň zawodlarynda boldular
Coralfly kompaniýasy oba hojalyk tehnikalary we ýeňil ulaglar üçin süzgüçleri hödürleýär
Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi
Türkmenistanda amerikan maýa goýumynyň gatnaşmagyndaky 3,3 milliard dollarlyk 180 taslama hasaba alyndy
Işewürlik-daýjest: 5 11-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri