12.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşy

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly alymlar, professorlar we mugallymlar!Hormatly ýolbaşçylar!Siziň bilşiňiz ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr.Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýar.

Ata Watanymyzyň depginli we sazlaşykly ösýän ykdysadyýetinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri, dünýä jemgyýetçiliginde tutýan ornunyň yzygiderli berkemegi bu ulgamlar bilen aýrylmaz baglydyr. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden uzak möhletli döwlet maksatnamalarymyz, düýpli özgertmelerimiz, ilkinji nobatda, berk ylmy binýada, jemgyýetimiziň bilim mümkinçiliklerine daýanýar.

Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrdyk.Siziň bilşiňiz ýaly, 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda biz bilim we ylym ulgamlaryny, şol sanda akademiki, ýokary, orta hünärmen we umumybilim berýän mekdepleri özgertmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde yglan etdik. Şu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ylym we bilim ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge 16 milliard amerikan dollaryna golaý serişde goýberdik.

Häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan 623 desgany gurduk.Bu desgalaryň hatarynda çagalar baglary, mekdepler, kollejler, institutlar we uniwersitetler, şol sanda häzirki zaman Tehnologiýalar merkezi bar.Ylym ulgamynda hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ylmy-tehniki özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli berkitdik.

Ylmyň esasy ugurlaryny we wezipelerini kesgitledik.Degişli kadalaşdyryjy namalary, ýörite Maksatnamany we Düzgünnamany tassykladyk. Şeýle hem Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky Kanuny kabul etdik.Düýpli ylymlary ösdürmek, ylmy-tehniki mümkinçiliklerimizi artdyrmak, alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylmy işe çekmek ýaly möhüm wezipeler Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapdy.

Aşgabat şäherinde Tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy senagat-innowasiýa hem-de maglumat-tehnologiýalar babatda ylmy barlaglary geçirmäge şert döretdi. Şu maksat bilen, biz Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini açdyk.Bu okuw mekdebinde ýokary hünärli inženerleri taýýarlamak boýunça uly işler geçirilýär hem-de täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar, himiýa tehnologiýasy, mehatronika, robot tehnikasy we innowatika ýaly möhüm ugurlar boýunça geljekki alymlar taýýarlanýar.

Biz ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda BMG, beýleki iri halkara guramalar hem-de daşary ýurtly döwletler bilen hyzmatdaşlygymyzy hem pugtalandyrýarys.Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň halkara ylym-bilim giňişligindäki at-abraýyny barha ýokarlandyrýar.

Biziň ylym-bilim ulgamyna goýýan serişdelerimiz indi özüniň gowy netijelerini berýär.Häzirki zaman şäherleri gözümiziň alnynda ösüp ýetişýär.Biz ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanyp, kuwwatly zawod-fabrikleri gurýarys.

Ekologiýa we halkara taslamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Öňdebaryjy ylmy tejribäni hem-de häzirki zaman tehnologiýalary özünde jemleýän, ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz ykdysady-önümçilik düzümlerini döredýäris.Hormatly adamlar!

Mälim bolşy ýaly, täze tehnologiýalar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, biz elektron senagatyny döretmek, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek we beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýarys.

Iň öňdebaryjy enjamlaryň ulanylmagy netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli aragatnaşyk ulgamy işleýär.TürkmenÄlem 52°E milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy munuň üçin giň mümkinçilikleri açdy.Nesip bolsa, biz ýakyn wagtda ikinji emeli hemramyzy hem älem giňişligine çykararys.

Maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary häzirki döwürde bütin dünýäde has depginli ösýän ugurlar bolup durýar. Ýokary tehnologiýaly pudaklar, nazary we amaly bilimler, maglumat tehnologiýalary dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze belentlige çykmagyna gönüden-göni täsir edýär. Şoňa görä-de, biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmäge döwlet syýasatymyzda uly üns berýäris.

Sanly ykdysadyýete geçmek maksady bilen, kompýuter we häzirki zaman kommunikasiýa serişdelerimizi kämilleşdirýäris. Önümçiligi awtomatik usula geçirýäris.Maglumat ulgamyny hem-de elektron resminamalar dolanyşygyny döredip, ykdysadyýetimizi has-da berkidýäris. Şu maksat bilen, geljekde maglumat tehnologiýalary, marketing we geňeşdarlyk hyzmatlaryny guramak babatda taslamalary işläp taýýarlamagy hem-de ornaşdyrmagy göz öňünde tutýarys.

Bu ugurda maglumat tehnologiýalary merkezleriniň, şeýle hem sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleriniň sanyny artdyrmagy maksat edinýäris.Hormatly adamlar! Ýurdumyzda häzirki zaman tehnologiýaly täze pudaklaýyn düzümler döredilýär. Şeýle şertlerde täze pikirleri we çözgütleri döredýän, düýbünden täze tehnikalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň has möhüm ugurlarynyň ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Biz energetika pudagynda, ýangyç senagaty önümçiliginde we ony tygşytlamakda, himiýa tehnologiýasynda, bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmekde, elektrik energiýasyny öndürmegiň we tygşytlamagyň täze tehnologiýalarynda uly üstünlikleri gazanýarys.Munuň bolsa diňe bir milli bähbitlerimize hyzmat etmän, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň ösüşi bilen bagly örän möhüm meseleleri çözmäge hem ýardam berýändigini buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň başlangyjymyz esasynda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi energetika diplomatiýamyzyň dünýäde dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.Bu ugurda alyp barýan işlerimizi ylmy esasda dowam etmek üçin, biz geljekde hem ähli zerur şertleri dörederis.

Ata Watanymyz tebigy baýlyklar bilen birlikde, giň biologik köpdürlülige hem eýedir.Oba hojalygynyň, lukmançylyk ulgamynyň, derman we azyk senagatynyň, molekulýar biologiýany, genetikany, bioinženerçiligi, biolukmançylygy ösdürmegiň meselelerini düýpli öwrenmek, bu ugurlardan hünärmenleri taýýarlamak hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin örän möhümdir.

Oba hojalyk ekinleriniň, mallaryň seleksiýasyny geçirmek, biotehnologiýanyň häzirki zaman usullaryny ulanyp, täze we garyşyk sortlary döretmek, dürli azyk önümlerini hem-de derman serişdelerini öndürmegi ýola goýmak biziň geljekki ykdysady ösüşimiziň aýrylmaz bölegidir. Ýokary hasyl berýän, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleriniň täze tohumlaryny döretmek, Garagum sährasynyň hem-de Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini gorap saklamak, Altyn asyr Türkmen kölüni we onuň şor suw akabalaryny, şeýle hem oňa ýanaşyk ýerleri oba hojalygynda peýdalanmagyň ýollaryny kesgitlemek boýunça netijeli ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Bu bolsa sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga oňyn täsir edýär.Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň golaýyndaky emeli adada geçirilen meýdan barlaglarynyň netijesinde, täze ekologiýa ulgamynyň, ýagny ösümlik we haýwanat dünýäsi, şol sanda suwda-batgalykda ýaşaýan guşlar üçin amatly şertleriň döredilendigi anyklandy. Ýaňy-ýakynda bolsa biz Altyn asyr Türkmen kölüniň sebitinde täze, döwrebap obanyň düýbüni tutduk.

Türkmen topragynda öndürilen gök-miwe önümleriniň 29 — 30-njy maýda Hindistanda geçirilen halkara sergi-ýarmarkada ekologiýa taýdan arassa önümler hökmünde ýokary sylaga mynasyp bolandygyny hem bellemek isleýärin.Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça Rio+20 maslahatynda, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen 7-nji Bütindünýä suw forumynda, Aralýaka we Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynda hem adamzadyň bähbidine suwy netijeli hem-de aýawly ulanmak, umuman, suw diplomatiýasy boýunça başlangyçlarymyzy dünýä jemgyýetçiliginiň garamagyna hödürledik.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Rio+20 maslahatynda Aral deňzi üçin ýörite maksatnama işläp taýýarlamagy teklip etdik. Şonuň netijesinde, Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi.

Nesip bolsa, biz şu ýylyň awgust aýynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçireris.Bu forumda suw diplomatiýamyzyň esasy ugurlary boýunça alyp barýan işlerimiz barada dünýä jemgyýetçiligine habar bereris. Şeýle hem Hazar deňzi sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça täze başlangyçlarymyzy beýan ederis.

Ylmy-tehnologik ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň häzirki zaman şähergurluşygynda, ýollary we turba geçirijileri çekmekde giňden ornaşdyrylmagy şäherlerimiziň we obalarymyzyň gaýtalanmajak ajaýyp binagärlik keşbini döretmäge ýardam berýär.Türkmen topragynyň köp dertlere em bolýan mineral suwlaryny, bejeriş palçyklaryny we dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň ylmy esaslary hem işlenip taýýarlanýar. Ýerli çig maldan ýokary hilli derman serişdelerini öndürmek ýola goýulýar. Ýurdumyzda lukmançylyk ylymlarynyň netijeli we düýpli ösdürilmegi ylmyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Biz ýakyn wagtda sanly lukmançylyk boýunça degişli maksatnamany hem kabul ederis.Munuň özi bu ugurda giň gerimli işleri alyp barmaga täze itergi berer.Hormatly adamlar!Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalaryň, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda bilim ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we jemgyýetçilik durmuşymyzy sanly ykdysadyýete yzygiderli geçirmek üçin, zerur bolan şertleri döretmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzda biz bilim ulgamyna möhüm ähmiýet berýäris.

Giň dünýägaraýyşly, Watanymyza we halkymyza, ata-babalarymyzyň beýik gymmatlyklaryna wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň bilim ulgamynyň ilkinji nobatdaky wezipesi bolmalydygy hemmelere mälimdir. Şoňa görä-de, bilim arkaly biz medeni-ruhy durmuşymyzy özgerdýäris, Garaşsyz döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny hemmetaraplaýyn berkidýäris, berk binýatly beýik geljegimizi gurýarys.

Mälim bolşy ýaly, biz şu ugurda, ilkinji nobatda, adamlaryň, jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanperwer däplere esaslanan döwlet syýasatyny alyp barýarys.Milli maksatnamalarymyzy, konsepsiýalarymyzy we giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.

Biz ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi hökmünde bilim ulgamynyň gurluşyny hem-de dolandyrylyşyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga, maddy-enjamlaýyn hem-de hukuk binýadyny berkitmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Şu ýerde men siziň ünsüňizi ýene-de bir meselä çekmek isleýärin.Siziň bilşiňiz ýaly, biziň döwrümiz bilimleriň, tehnologiýalaryň we aň-bilim hem-de döredijilik serişdeleriniň dabaralanýan zamanydyr. Şu barada aýtmak bilen, Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň onlarça ýurtlarynda, şol sanda biziň Garaşsyz döwletimizde hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman bilim edaralaryny döretmäge uly üns berilýändigini bellemek isleýärin.

Bu işler bolsa häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä, umuman, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmäge esaslanýan adam mümkinçiligini yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şu maksatlardan ugur alyp, biz Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Ylymlar akademiýasynyň birnäçe ylmy-barlag institutlaryny ýokary okuw mekdepleriniň garamagyna berdik.

Biz şeýle etmek bilen, bilimiň we ylmyň özara baglanyşygyny has-da berkitmegi, tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlary ylmy-döredijilik işine çekmegi maksat edindik.Ylmy-taslama we tejribe işlerini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň örän möhüm ugurlaryna gönükdirmegi, aýratyn-da, jemgyýetimizde ylmyň ornuny berkitmegi göz öňünde tutduk.

Geljekde bolsa ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen özara baglanyşygyny güýçlendirmegi, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň örän möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn alyp barmagy maksat edinýäris. Şoňa görä-de, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmek boýunça işi dowam ederis.

Talyp ýaşlary ylmy-usulyýet esasynda biziň energetika, ulag, suw serişdeleri boýunça halkara we sebitara guramalarynda öňe sürýän başlangyçlarymyz bilen düýpli tanyşdyrmagy göz öňünde tutýarys.Bu başlangyçlary jemgyýetde, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem ýaş alymlaryň ylmy-barlag işlerine döredijilikli çemeleşmegini gazanmak üçin, biz ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-usulyýet merkezlerini dörederis.

Hormatly adamlar! Ýurdumyzda bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, bagtyýar ýaşlarymyz häzirki döwürde öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim alýarlar.Häzirki zaman şertlerini we Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara alyp, biz orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanyny yzygiderli artdyrýarys.

Bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ylmy esasda ösdürmegi nazara alyp, diňe bir soňky ýyllaryň dowamynda täze ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini döretdik.Olarda tehnologlar, inženerler, ykdysatçylar, hukukçylar we diplomatlar taýýarlanýar. Şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlaryny açdyk. Şonuň bilen birlikde, biz daşary ýurtlaryň iň abraýly, öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin hem giň mümkinçilikleri döretdik. Ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak baradaky hökümetara ylalaşyklaryň, şertnamalaryň esasynda bilim alýarlar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Biz mekdep okuwçylarynyň ylma höwesini goldamak, zehinini açmak, ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn goldamak üçin zerur işleri amala aşyrýarys. Şu maksat bilen, ýurdumyzda daşary ýurt dillerine, takyk, tebigy, ynsanperwer, aýdym-saz, harby, sport ugurlaryna ýöriteleşdirilen mekdepler, şeýle hem çagalar çeperçilik mekdepleri we sungat mekdepleri işleýär.

Biz şeýle ýöriteleşdirilen mekdepleriň ulgamyny giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barýarys.Daşary ýurt dillerinde okadylýan ýokary okuw mekdeplerini açýarys.Biziň zehinli okuwçylarymyz, talyp ýaşlarymyz döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän dersler boýunça bäsleşiklere gatnaşýarlar.

Olar bu bäsleşiklerde ajaýyp netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrýarlar.Men ýaşlarymyzyň öz ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň ylmy-tehnologik binýadyny berkitmäge gönükdirjekdiklerine berk ynanýaryn.

Biz bagtyýar ýaşlarymyzyň öz Watanynyň at-abraýyny we şan-şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine döredijilik dünýäsinde uly üstünlikleri gazanmaklary üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary ederis.Bilime sanly ulgam serişdeleriniň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, umumybilim berýän orta mekdepleriň on iki ýyllyk bilime geçirilmegi jemgyýetimiziň bilim derejesini ýokarlandyrmaga täze itergi berýär. Ýaşlarda bilimiň, akyl we beden zähmetiniň esaslaryny ele almagyň endiklerini ösdürmäge şert döredýär.

Olaryň höwes bildirýän we gyzyklanýan ugurlaryny ýüze çykarmaga, durmuşda öz ornuny tapmak we hünär saýlap almak başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.Biz ýaňy-ýakynda on iki ýyllyk bilimiň kämilleşdirilen okuw meýilnamasyny makulladyk.

Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary we Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalary tassykladyk.Bu bolsa, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir.Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly alymlar, professorlar we mugallymlar! Ýöne, wagt garaşmaýar.

Döwür hemişe öňe barýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyz hem depginli ösüş we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama tarap ynamly öňe gitmelidir. Ýakyn ýyllarda dünýäde bilim ulgamynda düýpli öwrülişik bolup geçer.

Bu öwrülişigiň dowamynda hünärleriň birnäçesi ýitip gider.Olaryň deregine täze dersler giriziler.Durmuş ulgamlary bolsa, okatmagyň däp bolan ölçeglerini çalşyp biler.Häzirki döwürde ykdysadyýet özgerip, sanly ulgam eýýamyna geçilýär. Öwrenişilip gidilen endikleriň köpüsini eýýäm köp ýurtlarda enjamlar ýerine ýetirýär.

Hormatly adamlar!Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly alymlar, professorlar we mugallymlar!Biz şu gün örän netijeli maslahat geçirdik.Maslahatda kabul edilen çözgütler we öňe sürlen teklipler ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasyny düzer.

Biz ýurdumyzda ylmyň we bilimiň beýik geljegine uly ynam bilen garaýarys.Munuň üçin bolsa, biziň anyk maksatlarymyz we meýilnamalarymyz, şeýle hem ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar.Olaryň ählisi döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ajaýyp mümkinçiliklerdir.

Hormatly adamlar!Ylym döwletiň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri amala aşyrýarys.Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, bu ugurlara düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris.

Ylym ulgamynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris.Häzirki zaman bilimlerini hem-de ylymlaryny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli inženerleri we zehinli alymlary taýýarlamak üçin ähli şertleri döredýäris.

Türkmenistan ylmyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, iri halkara guramalar bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar we geljekde hem pugtalandyrar.Hormatly adamlar!

Alym adyny götermek — ol ýokary derejedir.Alym bolmak we ylmyň netijelerini gazanmak — ýurdumyzyň geljegidir.Alym bolmak we ylmyň netijelerini, hakykatdan-da, amaly tarapdan durmuşa geçirmek — ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň diňe bedew bady bilen öňe gitmegidir.

Hormatly alymlar!Hormatly adamlar!Men sizi Ylymlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! (Aşgabat, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny)

Ýene degişli makalalar

12.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi
Türkmenistanyň ýaş alymlary Soçide geçirilen kongresse gatnaşdylar
Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär
Serdar Berdimuhamedow III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylary gutlady
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi
Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar