12.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Şeýle hem mejlise parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.Makroykdysady görkezijiler munuň subutnamasydyr.Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde üpjün edildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly tölenildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 5 milliard manada barabar boldy. Ýanwar-mart aýlarynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, degişli işler alnyp baryldy.

Bu maksatnamanyň çäklerinde, şu ýyl üçin göz öňünde tutulan 240 desganyň 84-sinde taýýarlyk we gurluşyk-gurnama işlerine girişildi.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy H.Gurbanowa söz berdi, ol ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň mukdarynyň artandygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, süýji-köke we şöhlat önümleriniň, unuň, çöregiň, çörek önümleriniň hem-de unaş önümleriniň önümçiliginde oňyn depgin saklandy.

Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk ulgamynda görkezijileriň ösüşi hasaba alyndy. Ýanwar — mart aýlarynda 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy 6,4 göterim, ýolagçy dolanyşygy 4 göterim artdy.

Aragatnaşyk pudagynda ösüş 2,7 göterime deň boldy.Oba hojalyk önümleriniň önümçiligi boýunça ösüş depgini 28,2 göterim derejesinde üpjün edildi. Şeýle hem birinji çärýekde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda ösüş gazanyldy.

Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 63,3 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Statistika baradaky Döwlet komitetiniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, statistika maglumatlaryny ýygnamagyň, gaýtadan işlemegiň we seljermegiň sanly ulgamyna geçmek çärelerini çaltlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy we düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine ylmy çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow garalýan döwürde Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,3 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. Ýylyň birinji çärýeginde sebitleriň balans toparlarynyň 16 mejlisi geçirildi.

Kärhanalaryň we guramalaryň 22-siniň maliýe-ykdysady hojalyk işlerine seredildi.Desgalaryň 55-si hususylaşdyryldy, döwlet býujetine 46,9 million manat geçirildi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 22,3 göterimine barabar boldy. 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 12,9 göterim berjaý edildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik hem-de 54,9 göterimi durmuş-medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, harytlaryň eksport edilmeginden hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginden ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar aýdyldy.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işiniň netijeleri, hususan-da, Türkmensyýahat döwlet kärhanasynyň alyp barýan işi barada habar berildi.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp hem-de mejlise gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek üçin pudaklarda alnyp barylýan işleriň netijeliligine uly üns berip, bu işleriň jikme-jik öwrenilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmensyýahat döwlet kärhanasynyň işiniň göwnejaý derejede alnyp barylmaýandygyny belläp, wise-premýer G.Myradowa bu ýagdaýy düýpli seljerip, şol kärhananyň işini gowulandyrmak üçin görülmeli çäreleri anyklamagy hem-de ýakyn wagtda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Çolukowa käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow gurlan desgalaryň ýagdaýyna geçirilen barlaglaryň netijeleri hem-de Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň we Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işlerine geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň birinji çärýeginiň görkezijileri boýunça ýagdaýyň, umuman, erbet däldigini belledi, emma heniz çözgüdini talap edýän wezipeler, şeýle hem doly ulanylmadyk mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, maliýe-ykdysady toplumyň edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýär.Bu işleri welaýatlarda we etraplarda ýerine ýetirmegiň anyk maksatnamasy ýok. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow bilen bilelikde Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylara sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlary guramagy, ýurdumyzyň ýokary okuw hem-de orta mekdepleri üçin mugallymlary taýýarlamagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, ykdysadyýetimize mümkin boldugyça maýa goýumlaryny köpräk çekmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz sanly ulgama geçmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we eksporta iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň möhümdigini ähli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek ýatladyp, bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ýolbaşçylardan aýratyn soraljakdygyny berk duýdurdy.

Soňra milli Liderimiz beýleki möhüm meselelere ünsi çekip, senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna döwletimiziň köp serişdeleri goýberýändigini belledi.Hormatly Prezidentimiz soňky döwürde käbir desgalaryň möhletinden gijikdirilip gurulýandygyna, beýlekileriniň bolsa, hasapdan-hasaba berilmän, eýesiz galýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradow hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow tarapyndan bu işlere gözegçiligiň gowşadylandygyna ünsi çekip, ähli gurluşygy gutaran desgalara barlaglary geçirmegi hem-de seljerip, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet topary kabul edip alnandan soň, şol desgalary ulanmak üçin buýrujylaryň hasabyna geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisine hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň başlygy M.Kakabaýewe käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynda 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 103,3 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasyna 101 göterim amal edildi, şunda ösüş depgini 105,2 göterime barabar boldy.Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 106,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 102 göterime deň boldy. Şu ýylyň üç aýynda elektrik energiýasyny eksporta ibermegiň ösüş depgini 149,9 göterime ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer D.Amangeldiýewiň awtomobil ýollarynyň gurluşygy we guramaçylyk işleri boýunça tejribeli hünärmendigini aýtdy.Milli Liderimiz ýakynda Türkmenbaşy — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň taslamasynyň taýýarlanandygyny, bu ýoluň ýokary netijeli häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamyny döretmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýoluň sebitiň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara çatrygy hökmünde Garaşsyz ýurdumyzyň ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokarda agzalan ulgamda toplan baý tejribesini göz öňünde tutup, D.Amangeldiýewi bu awtomobil ýolunyň gurluşygyna ýolbaşçy edip belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra milli Liderimiz Ç.Purçekowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellemek hem-de ony energetika ministri wezipesinden boşatmak barada Permanlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda energetika ministri wezipesine M.Artykowy belläp, ony şol ministrligiň Owganystan Yslam Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesinden boşatdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 103 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,6 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy bolsa 117,1 göterim berjaý edildi.

Maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depgini 105,7 göterim boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň işine nägilelik bildirip, bu babatda birnäçe bellikleri aýtdy.Aýratyn-da, nebiti gaýtadan işlemek boýunça täzeçil tehnologiýalar önümçilige haýal ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.Bu döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek konserniň başlygynyň orunbasary J.Orazowyň üstüne ýüklenildi.

Hormatly Prezidentimiz bu çözgütleri yglan edip, degişli resminamalara gol çekdi.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Meredowa hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, işde bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak we maýa goýumlaryny çekmek arkaly nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek işlerini netijeli dowam etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz nebiti we gazy gaýtadan işlemek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi . Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda gurulýan, tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän gazhimiýa toplumynyň dabaraly açylyşyna häzirden gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakynda hasabat berdi.Tutuşlygyna, senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlar we önümleri öndürmek boýunça meýilnama 111,5 göterim amal edildi, şunda ösüş depgini 122 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça ösüş depgini 159,6 göterim boldy.Hasabat döwründe Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalary boýunça mineral dökünleri öndürmek boýunça 144,2 göterim, tehniki ýod öndürmek boýunça meýilnama 114 göterim ýerine ýetirildi.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça ösüş depgini 110,2 göterime barabar boldy.Türkmensenagat agentligi boýunça ösüş depgini 110 göterim, Türkmenawtoulaglary agentligi boýunça ösüş depgini 119,5 göterim, Türkmendemirýollary agentligi boýunça ösüş depgini 105 göterim, Türkmenhowaýollary agentligi boýunça ösüş depgini 121,5 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary agentligi boýunça ösüş depgini 147,5 göterim, Türkmenaragatnaşyk agentligi boýunça ösüş depgini 102,7 göterim derejede üpjün edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary bilen ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde, 108,5 göterim hem-de 101,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän toplumyny düzmek işleriniň tamamlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenler topluma degişli her bir zawodyň we fabrigiň işini gözden geçirmelidir.

Kärhanalary telekeçilere satmak ýa-da olary döwrebap ýagdaýa getirip, durkuny täzelemek, şeýle hem täze kärhanalary gurmak babatda hünärmenler belli bir karara gelmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Eksporta niýetlenen ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler öndürilmelidir.

Munuň üçin bolsa, zawod-fabriklerde iň kämil häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylmalydyr.Döwlet Baştutanymyz geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny düzüp, edilen işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisine hasabaty taýýarlamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumynda hem-de telekeçilik ulgamynda 2019-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň möçberi 27,6 göterim artdy, şunda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 24,4 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi 29,8 göterim artdy. Öndürilen önümiň mukdary 11,4 göterim köpeldi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň üç aýynda birža söwdalarynyň 60-sy geçirilip, şertnamalaryň 6 müň 931-si hasaba alyndy.Umumy girdeji 40,9 göterim artdy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 10,2 göterim ýokarlandy.Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi degişlilikde 13,1 göterim we 5,8 göterim artdy.

Wise-premýer hasabat döwründe sarp edilýän harytlaryň bahalarynyň durnuklylygyny saklamak, kärhanalary zerur çig mal bilen üpjün etmek, içerki bazary harytlardan doldurmak maksady bilen, gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de söwda toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, hususy telekeçiligi höweslendirmek boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belledi.Biz mundan beýläk hem ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde telekeçiligi goldamagyň wajypdygyny aýtdy. Ýakyn wagtda biz degişli maksatnamany kabul ederis. Şol maksatnama bolsa telekeçilik ulgamyny ösdürmekde möhüm orun eýelemelidir hem-de türkmen işewürliginiň maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okuw maksatnamasyna öňdebaryjy çemeleşmeleri, täzeçil tehnologiýalary we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zehinli, ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň intellektual ösüşini höweslendirmäge mümkinçilik berýän usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu ugra degişli işgärleriň üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny işe ýollamagyň tertibi tassyklandy.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny, şeýle hem Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam etdi. 2019-njy ýylda neşir edilmegi meýilleşdirilen dürli görnüşli okuw kitaplaryndan we gollanmalaryndan hasabat döwründe 41 görnüşi neşir edildi. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda halkara ders we taslama olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallary gazandylar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we iş tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim işgärleri daşary ýurtlarda iş we okuw saparlarynda boldy.

Dürli ugurlar boýunça okuw sapaklaryny geçmek üçin daşary döwletlerden ýurdumyza tejribeli mugallymlar we hünärmenler çagyryldy.Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär.Hasabat döwründe ýurdumyzda daşary ýurt bilermenleriniň 14-si saparda boldy, türkmen hünärmenleriniň 42-si hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy daşary ýurt klinikalaryna iberildi.

Döwlet meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmalaryndan gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 123 göterime deň boldy, saglygy goraýyş ulgamynda ýerlenilen önümleriň hem-de edilen hyzmatlaryň ösüş depgini 125 göterime, şypahana hyzmatlarynda hem 125 göterime ýetirildi. Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleriniň okuw-türgenleşikleri dowam etdirilýär. Ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 35-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 20-si guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň saglygyny goramagyň, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmegiň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmegine bagyşlanan çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek ugrunda taýýarlyk işlerine eýýäm häzirden girişmegi tabşyrdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň ýokary derejede taýýarlyk görmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň edilişini mundan beýläk-de gowulandyrmaly.Bu işe häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryny, täze ylmy açyşlary, öňdebaryjy usullary yzygiderli ornaşdyrmaly. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy hem bu ugurda, aýratyn-da, sanly lukmançylyk ulgamyny ornaşdyrmak meselesinde işjeňlik görkezmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.Milli Liderimiz ýokary okuw mekdeplerde hem, orta mekdeplerde hem munuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny işe ýerleşdirmek meselesiniň aýratyn wajypdygyny belläp, bu ugra jogap berýän wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow bilen bilelikde degişli ýörite maksatnama taýýarlamagy tabşyrdy, oňa Ministrler Kabinetiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde serediler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilen işler, degişli Meýilnamany, şeýle hem ýurdumyzda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan çäreler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçirildi.Ministrligiň we pudak edaralarynyň internet saýtlarynda Rowaçlyk sahypasy açylyp, şonda ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitler, geçirilýän çäreler, syýahatçylyk ugurlary, taryhy-medeni ýadygärlikler barada gyzykly maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri giňden mahabatlandyrylýar. Şeýle hem Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň alyp barýan işleri barada hasabat berildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça kitap önümleriniň 81 görnüşi, şol sanda okuw kitaplarynyň 45 görnüşi çap edildi, bellenilen meýilnama 115 göterim ýerine ýetirildi. “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny kitap önümleriniň 25 müň nusgalygy bilen üpjün etdi. Şeýle hem Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokarda agzalan ulgamlaryň işini döwrüň wezipelerine hem-de talaplaryna laýyklykda, mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz teleradioýaýlymlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň ünsüni ýaýlyma goýberilýän gepleşikleriň, hem-de çap edilýän makalalaryň derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistan — rowaçlygyň Watany şygary bilen geçýän şu ýylda ýurdumyzyň üstünlikleriniň we ýeten belent sepgitleriniň giňden hem-de hemmetaraplaýyn beýan edilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Biziň bitarap Watanymyz daşary ýurtlar hem-de halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda üstünlikli ösdürilýär.Mälim bolşy ýaly, halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde ýokary derejeli saparlar esasy orun eýeleýär.

Bu babatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Bahreýniň Patyşasynyň ýurdumyza saparlary muňa şaýatlyk edýär. Şeýle hem abraýly we sebit halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şeýle-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak boýunça işler dowam etdirilýär.

Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak bilen bagly türkmen-gazak hem-de türkmen-koreý hökümetara toparlarynyň we “Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň, türkmen-bahreýn, türkmen-koreý hem-de türkmen-german işewürler maslahatlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, 5-nji aprelde Moskwa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy gurnaldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda däp bolan türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň hil taýdan täze ösüşe eýe bolandygyny we onuň üstüniň ýetirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ykdysady pudakda döwletara hyzmatdaşlygynyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde özara bähbitli we netijeli işewür gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi, maýa goýum işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, täze bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda senagat toplumyndaky işleriň durmuşa geçirilmegi üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz geljek hepdede boljak ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, uzakmöhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen bagly ähli çärelere gowy taýýarlyk görülmelidigini aýdyp, şolary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlaryny goldamaga bagyşlanan maslahatlary hem ýokary derejede guramalydygyny belledi.Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlament tarapyndan geçirilen işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar bilen 7-nji fewralda geçiren duşuşygynda beren maslahatlaryna laýyklykda, Mejlisde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, aýry-aýry ulgamlaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýän kanunçylyk namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri resminamalaryň taslamalarynyň toplumy taýýarlanyldy, şolara parlamentiň 2-nji martda geçirilen nobatdaky maslahatynda garaldy.

Türkmenistanyň Kanunlarynyň 10-sy we Mejlisiň Kararlarynyň 10-sy kabul edildi, bu resminamalar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegi, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyny mundan beýläk-de kanunçylyk taýdan üpjün etmäge ýardam berýän resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolan sanly bilimi hukuk taýdan goldamak boýunça işler alnyp barylýar.

Parlamentiň iş toparlary degişli edaralar bilen bilelikde bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirýär.BMG-niň düzümleri hem-de halkara guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklanylýar.

Mejlisiň deputatlary halkara hyzmatdaşlygyny hem-de parlamentara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, halkara çäreleriniň we okuw maslahatlarynyň 22-sine gatnaşdylar.Kanun döredijilik ulgamynda tejribe öwrenmek üçin daşary ýurtlarda gulluk saparlarynda boldular. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin tejribe sapaklary geçirildi.

Deputatlar möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň 31-nji martda geçirilen saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly çärelere işjeň gatnaşdylar, hususan-da, ýerlerde usulyýet maslahatlaryny guramaga, saýlaw hukugyna degişli kanunçylyk namalaryny düşündirmek işlerine kömek berildi.

Deputatlar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan daşary we içeri syýasatyň, berkarar Watanymyzy kuwwatly, abadan, ösen, bäsdeşlige ukyply döwlete öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmäge gönükdirilen wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri okgunly ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça Mejlisiň işini has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmegi boýunça işleri işjeňleşdirmek babatynda aýratyn teklipler berildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu meselelere düýpli hem-de jogapkärli çemeleşmek milli ykdysadyýetimiziň ösüşini we umuman, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, welaýat häkimlerine söz berdi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hasabat döwründe welaýatyň ähli etraplarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işler we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyna ak pata berendigi üçin sebitiň tutuş ilatynyň adyndan hoşallyk bildirip, täze şäheriň gurluşygyna guramaçylykly girişmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan meýilnama hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygyna toplumlaýyn we öňdebaryjy tejribeler esasynda çemeleşilmelidigini aýdyp, meýilleşdirilen gurluşyklaryň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegi, ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra mejlisiň gün tertibiniň meselesi boýunça, obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişi bilen bir hatarda, ak ekinlere edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy Durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Altyn asyr Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky hem-de “Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakyndaky Kararlara gol çekdi we resminamalarda görkezilen çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary görmegi häkimden talap etdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň jemleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, Oba milli maksatnamasyny berjaý etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler, şeýle hem sebitiň çäklerinde bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiň alyp barýan işine nägilelik bildirip, welaýatda senagat pudagy talabalaýyk ösdürilmeýär, şoňa görä-de, ýeterlik iş orunlary döredilmeýär, Oba milli maksatnamasy doly möçberde durmuşa geçirilmeýär, şeýlelikde, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýaramaz alnyp barylýar diýip belledi.

Häkim tarapyndan bolsa, bu meseleleri çözmek boýunça hiç hili teklip gelip gowuşmaýar.Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, welaýatda işleriň ýagdaýynyň gözegçiligi gowşadandygy, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewe berk käýinç yglan edip, goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi iň soňky gezek tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň barşy, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ekiş bilen bir hatarda, ak ekinlere ideg işleri, şol wagtyň özünde öňde boljak galla oragyna taýýarlyk çäreleri batly depginde alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiň işine nägilelik bildirip, sebitde dolandyryş işleriniň guralyşynyň derejesiniň pesdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, uly derýanyň boýunda ýerleşýän, köpsanly daýhan birleşikleriniň bellenen tabşyryklary ýerine ýetirmezligi ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz suwaryş ulgamlaryny arassalamak hem-de olary tertibe salmak boýunça işleriň göwnejaý derejede guralmandygyny Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulan desgalaryň doly möçberde gurlup gutarylmandygyny, gurlan desgalaryň hiliniň ýaramazdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi soňky gezek duýdurdy we degişli Buýruga gol çekdi. Öz nobatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň jemleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we depginleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, welaýatyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görüldi.Dürli maksatly binalaryň gurluşygy degişli derejede alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, adamlar üçin amatly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we sebitiň senagat toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtap, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, obasenagat toplumyny özgertmegiň barşy we ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime deň boldy.Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça — 124,3 göterime, Türkmen atlary döwlet birleşigi boýunça — 105,3 göterime barabar boldy.

Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 187,1 göterim berjaý edildi.Häzirki döwürde welaýatlarda gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda bu möwsümiň bellenilen möhletde geçirilmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagy, kärendeçileri ýokary hilli dökün bilen üpjün etmek ugrunda ähli zerur guramaçylyk işleri amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tejribeleri we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, obasenagat toplumyna hususy pudagy işjeň çekmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipeler barada aýtdy.

Häzirki döwürde biziň öňümizde iki sany möhüm möwsüm — galla oragy bilen pagta ýygymy dur.Bu möwsümlere häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamaly diýip, milli Liderimiz belledi.Döwlet Baştutanymyz mineral dökünleriň we suw serişdeleriniň ýeterlik mukdarynyň bardygyny belläp, agrotehniki çäreleriň berjaý edilişine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda ylmy-barlag institutlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülmelidir.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligi barada aýdyp, Oba hojalyk uniwersiteti bilen instituty pudak üçin ýylyň-ýylyna hünärmenleri taýýarlaýandyklaryny, emma, ýokary okuw mekdeplerini tamamlan şol hünärmenleriň, belli bir böleginiň öz hünäri boýunça işlemeýändiklerini belledi hem-de bu ýagdaýa degişli gözegçiligiň ýola goýulmagyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip we geçen üç aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini umumylaşdyryp, häzirki döwürde bütin dünýäniň hiç bir ýurduň özbaşdak çözüp bilmejek örän çylşyrymly meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belledi.

Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary, olaryň amala aşyrylmagy köp ýurtlaryň bilelikde hereket etmegine we şol hereketleriň utgaşdyrylmagyna ýardam berýär. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijeleri, daşarky meselelere garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanyp gelýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň netijesinde, özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 20,7 göterim artdy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberi 27 göterime golaý azaldy. Şu döwürde zähmet haklary 9,4 göterim köpeldi. Şeýle netijeleri gazanmaga, ilkinji nobatda, döwlet emlägini yzygiderli hususylaşdyrmagyň, dolandyryş ulgamynda kadalary we çemeleşmeleri düýpgöter üýtgetmegiň, menejmentiň häzirki zaman halkara standartlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetde döwlete degişli bölegi strategik we ykdysady taýdan esaslandyrylan möçbere çenli azaltmak boýunça geçirilen işler ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Mundan başga-da, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.Daşary ýurtly maýadarlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy kepillendirmegiň berk kanunçylyk binýady emele getirildi.Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar üçin ýeňillikler we artykmaçlyklar ulgamy üpjün edildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şol desgalaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we saglyk merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny we ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.

Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem üstünlikli dowam edýär.Bazar ykdysadyýeti emele gelýär.Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar we beýleki halkara taslamalary hem taýýarlanylýar. Ýurdumyzda iri senagat toplumlarynyň gurluşygy geljekde hem giň gerim bilen dowam etdiriler.

Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanmak bilen, beýleki uly ähmiýetli taslamalar hem öwrenilýär.Hususy işewürligi ösdürmäge goldaw bermek syýasaty yzygiderli dowam edýär.Ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçiler giňden çekilýär.Ýakynda Türkmenistanda bolan Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti geçirýän özgertmelerimiziň saýlanyp alnan ugrunyň dogrudygyny tassyklady we gazanan netijelerimize gowy baha berdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garaşsyz döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek dowam etdirilýär.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň üçüsiniň hem gatnaşmagynda 31-nji martda ähli wekilçilikli häkimiýet edaralaryna deputatlaryň saýlawlary boldy. Şol saýlawlar deňhukuklylyk esasynda, erkin we açyk ýagdaýda, milli kanunçylygyň talaplary berjaý edilip geçirildi.

Bu bolsa, ýurdumyzda demokratiýanyň ösendigini görkezýär.Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp hem-de Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda şu ýyl öňümizde duran wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hemmelerden yhlas bilen tutanýerli zähmeti kesgitlenendigini, şol wezipeleriň örän uly işleri öz içine alýandygyny we olaryň hem-de yzygiderli tagallany talap edýändigini belledi we olaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, özygtyýarly Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

05.07.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
05.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
12.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
17.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
TFÇ ― 2024: 15-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Aşgabatda ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahat geçirildi