Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde ýaşaýan Kane Tanaka 118 ýaşyna aýak basdy.Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, dünýäniň iň ýaşy uly zenany bolan Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda dünýä inipdir.
Doglan gün mynasybetli ýaponiýaly zenanyň bolýan garrylar öýünde baýramçylyk gurnaldy.Kane Tanaka 2019-njy ýylyň 9-njy martynda Ýeriň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi. Şol wagt ol 116 ýyl 66 gün ýaşapdy.
Köp çagaly maşgalada önüp-ösen Tanaka dokuz çaganyň ýedinjisidi.Ol 19 ýaşynda durmuşa çykypdyr.
The post 118 ýaşyna aýak basdy appeared first on Zaman Türkmenistan.