Türkiýeden 116 ýurda 175 million dollarlyk zeýtun eksport edildi.
Egeý Eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, Türkiýeden geçen ýylyň oktýabr aýynda başlan zeýtun eksport möwsüminiň 10 aýlyk döwründe 175 million dollarlyk zeýtun eksport edildi.
Egeý Zeýtun we zeýtun ýagşy eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dawut Er, zeýtun eksportynyň 15 göterim artandygyny nygtady.
Dawut Er, “116 ýurda 65 müň 325 tonna zeýtun eksport etdik. 2024-2025 möwsüminde 100 müň tonna ýetmegi maksat edinýäris”diýdi.
Zeýtun eksportunda Germaniýa 43,1 million dollar bilen esasy orun eýeledi.