
BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygy, Başar Asadyň agdarylmagyndan soň goňşy ýurtlardaky 115 müňden gowrak siriýalynyň ýurtlaryna yzyna dolanandygyny mälim etdi.
BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygy ýurtlaryna dolanan siriýaly bosgunlar hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada, 2024-nji ýylyň 8-nji dekabryndan bäri Türkiýe, Iordaniýa we Liwan ýaly ýurtlardan115 müňden gowrak siriýalynyň watanlaryna yzyna dolanandygy nygtaldy.