110 ýyldan soňra surata düşürildi 

1912-nji ýylda aýsberge urmak arkaly suwa batan gämi bir asyrdan soňra surata düşürildi.Atlantik ummanynyň demirgazygynda suwuň birnäçe metr aşagyndaky gämä suwa çümmek bilen meşgullanýan kompaniýanyň hünärmenleri baryp gördüler.

Hünärmenler gäminiň syýahatyna başlan wagty bolan 1912-nji ýylyň 12-nji aprelinden bäri görülmedik ýerlerini surata düşürdiler.Kino sungaty üçin hem ylham çeşmesi bolan gäminiň ýanynda mundan ozal hem guwwaslar birnäçe gezek baryp gördüler.

Emma bu gezek ýörite suwasty gämi arkaly batan gämi has jikme-jik ýazga alyndy. “OceanGate Expeditions” şereketiniň hünärmenleriniň düşüren suratynda gäminiň agramy 200 kilogram bolan labyr zynjyry, äpet gazan we beýlekiler bar.Şeýle hem guwwaslar taryhy gämini iň ýokary durulykda 8 müň piksel giňliginde (8k) wideoýazga aldylar.

Bu bolsa, ýazga alynýan ýeriň ählisini durulygy peselmezden ýakyndan görmäge mümkinçilik berýär.“OceanGate Expeditions” şereketi mundan ozal hem bilermenlerden we ylmy barlagçylardan ybarat bolan ekipaž bilen bu gäminiň ýanyna barypdylar.Batan “Titanik” gämisi Kanadanyň Nýufoundlend welaýatynyň Sent-Jons şäherinden 595 kilometr uzakda ýerleşýär.

Suwuň aşagyna edilen bu syýahatyň esasy maksady gäminiň näderejede çüýrändigini we ol ýerdäki deňiz ýaşaýşyny öwrenmek üçin ýokary durulykda şekil almakdan ybarat.Bilermenler gäminiň esasy gurluşynyň öňümizdäki 40 ýylyň dowamynda çökjekdigini çaklaýarlar.Batmajakdygy yglan edilip ýola düşen gämi 1912-nji ýylyň 14-nji aprelinde Angliýanyň Soutgempton şäherinde Nýu-Ýorka amala aşyrýan ilkinji syýahatynda batypdy.

Ýene degişli makalalar

Batanyna 110 ýyl boldy
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Titanigiň ýolagçylaryny halas eden gäminiň kapitanynyň sagady 2 million dollara satyldy
Aşgabatda Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegi toplandy, Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1 million tonnadan gowrak önüm öndürdi, Türkmenistanda güýçli ýagyş ýagar we beýleki habarlar
Aşgabatda Ýaşlyk ýyllarymyzyň aýdymlary ýaňlanar
Türkmen wekiliýeti Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýar