11-nji oktýabrda Türkmenistanda 5-nji Wena baly geçiriler

11-nji oktýabrda Türkmenistanda 5-nji Wena baly geçiriler

11-nji oktýabrda Türkmenistan täze akylly Arkadag şäherinde geçiriljek Wena balyny kabul eder. Bu barada Wenadaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Bu waka bilen bagly Türkmenistana sapar etjek Awstriýa wekiliýetiniň düzümine meşhur opera solistleri we tans duetleri girer.

Wena baly Türkmenistanda bäşinji gezek guralýar. Ilkinji bal 2011-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Bu çäräni geçirmek Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy.

Wolfgang Motsart, Iogan Ştraus, Weli Muhadow, Aman Agajykow, Daňatar Öwezow, Çary Nurymow ýaly meşhur awstriýa we türkmen kompozitorlarynyň eserleri Türkmenistandaky Wena balynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler
Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler
Aşgabatda Wena joşgalaňy: on ýyldan soň
Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
24.10.2019 | Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti