11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Ahal we Lebap welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý ýygmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler, Türkmenistan we Astrahan deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen ekipažy Ýüpek ýoly rallisiniň bäşinji tapgyrynda ýeňiş gazandy we beýleki habarlar Türkmenistanda 1.Türkmenistanda Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary hem zähmet ýeňşini gazandylar.

Olar degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.Daýhanlar gazanan üstünlikleri barada hasabat berip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa goldawlary hem-de oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. 2.

Astrahanda Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň ýolbaşçysy Olga Kartaşowa bilen Türkmenistanyň konsuly Gadam Ilamanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşykda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi.

Taraplar Hazar institutynda türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar. 3.Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topar 7-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlawlaryň netijelerini paýlaşdy.

da saýlanylan deputatlar barada maglumat çykardy.Saýlawlar Aşgabadyň üç saýlaw okrugynda möhletinden öň çykyp giden deputatlary çalyşmak üçin geçirildi.Ses berişligiň netijelerine görä, aşakdaky dalaşgärler saýlandy: 1-nji Garaşsyzlyk saýlaw okrugy boýunça Rejep Bazarow, 2-nji Bitaraplyk saýlaw okrugy boýunça Maksat Kulyýew, 6-njy Köpetdag saýlaw okrugy boýunça Ýeňiş Mollaberdiýew. 4.

Aşgabatda Türkmenistanda geçirilmegi däbe öwrülen ýaş aýdymçylaryň arasynda Ýaňlan, Diýarym!telebäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi.Döredijilik bäsleşigi Aşgabat ýadygärliginiň öňündäki meýdançada açyk asmanyň astynda geçirildi. Şäher tapgyryna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan 10 ýaş aýdymçy gatnaşdy. 5.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri saglyk maglumat ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyny goldamak boýunça okuwlara gatnaşýarlar.Duşuşygyň maksady saglygy goraýşy sanlylaşdyrmak ugrundaky mümkinçiliklerden doly peýdalanmak üçin zerur hünärleri we bilimleri bermekden ybaratdyr.

Okuwlaryň dowamynda iň gowy halkara tejribesi ara alnyp maslahatlaşylýar.Dünýäde 6. 50 000-e golaý adamyň gatnaşmagynda geçirilen giň gerimli gözlegde minnetdarlyk duýgusy bilen uzak ömrüň arasynda täsin baglanyşygyň bardygy ýüze çykaryldy.

Işiň netijeleri oňyn pikirlenmegiň adamyň beden saglygyna edýän täsirine täzeçe garaýşy beýan edýär. 7.Krakowyň we Sloweniýanyň Milli muzeýleri taryhy we medeni sungat eserleriniň dünýädäki ilkinji ysly kitaphanasyny döretmek üçin tagallalaryny birleşdirdiler.

Bu innowasion taslama möhüm muzeý gymmatlyklary bilen baglanyşykly yslary gorap saklamaga gönükdirilendir.Gatnaşyjy ýurtlaryň hersinden bäş, jemi on eseriň ysyny arhiwlemek meýilleşdirilýär.Saýlanan obýektleriň arasynda sungat eserleri we meşhur taryhy şahsyýetleriň şahsy zatlary bar.

Ysy üstünlikli saklanan ilkinji eser Leonardo da Winçiniň Gornostaýly zenan atly meşhur suraty boldy.Sport habarlary 8.Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarowyň ýolbaşçylyk edýän topary Ýüpek ýoly ralli marafonynda T2 derejesinde ― ýolsuz ýerlerden ýöreýän ulaglaryň arasyndaky ýaryşynyň bäşinji tapgyrynda birinji orny eýeledi. Ýaryşyň bäşinji gününde oňa gatnaşyjylar Russiýa bilen Mongoliýanyň çäklerinden geçdiler. Ýaryş baky gök asmanyň ýurdy diýlip tanalýan Mongoliýanyň daşly ýollarynda dowam etdi. 9.

Angliýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň ýarymfinal oýnunda Niderlandlaryň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň düzüminde Garri Keýn we Olli Uotkins gol geçirdiler. Ýeňilenlerden Hawi Simons tapawutlandy. 14-nji iýulda boljak finalda Angliýanyň milli ýygyndysy Ispaniýanyň topary bilen duşuşar. 10.

Ispaniýanyň Realynyň täze oýunçysy, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe 16-njy iýulda sişenbe güni Madriddäki Santýago Bernabeu stadionynda köpçülige tanyşdyrylar. Çärä Aşgabat wagty 15:00-da başlar, tanyşdyryşdan soň futbolçynyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
20.12.2020 | Resmi habarlar
Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär