11-nji awgustda Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçar gatnawyny Türkiýäniň ilçihanasy gurnaýar

11-nji awgustda  Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçar gatnawyny Türkiýäniň ilçihanasy gurnaýar

11-nji awgustda “Türk howaýollary” sagat 18.50-de Türkmenbaşydan-Stambula ýörite uçar gatnawyny gurnamagy göz öňünde tutýar diýip Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň internet sahypasynda habar berilýär.

Bu uçar bilen Türkmenistandaky türk raýatlary öz watanyna dolanar.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy kimde-kim Türkmenistandan watanyna dolanmak isleýän bolsa, onda askabatbiletsatis@thy.com mail arkaly “Türk howaýollary” bilen gatnaşyga girmegini maslahat berýär.

Uçar bilediniň bahasy 490 dollara deň we ony almak islän raýatyň daşary ýurt pasportyny ýa-da onuň nusgasyny görkezmelidigi bellenýär.

Her bir ýolagçy 40 kilogram ýüki bagaža tabşyryp bilýär we uçaryň içine 8 kilograma çenli el goşuny alyp bilýär.

Şonuň ýalyda, ýolagçylar uçara münmezden 72 sagat öň www.register.health.gov.tr saýtyndan Türkiýä girmek üçin forma doladurmaly we gara kody almaly.

Uçara münmezden owal “Türk howaýollarynyň” işgärleri ýolagçylardan gara kody telefonda ýa kagyzda görkezmegi sorarlar.

Eger raýatlar goşmaça maglumat almak isleseler,onda Türkiýäniň ilçihanasynyň konsulhana bolümine +993-12940027 ýa-da +993-12940029, THÝ-na +993 61014433 telefon sanlary jaň edip bilerler diýip Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.The post 11-nji awgustda Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçar gatnawyny Türkiýäniň ilçihanasy gurnaýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip başlandy - çeşmeler
Raýatlaryň daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen wakalar köpelýär
Balkanda býujetçiler migrant garyndaşlary sebäpli basyşa sezewar bolýar, lebaplylar Russiýa goýberilmeýär
Bägül: Gaýrat edip, meni ýolumdan saklamaň, meni uçara goýberiň
Uçara meňzeş howa ulagy bilen hüjüm guramak islän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Has uzak aralyga uçar