11 deňiz jandaryna at dakyldy

Suwuň düýbünde häli-häzirem üstünden barylmadyk ýa-da haýsy uruga degişlidigi anyklanmadyk jandarlaryň sany az däl.Biodiversity Data Journal atly neşir täze 11 jandara at dakylandygyny mälim etdi.

Jandarlaryň haýsy topara degişlidigini anyklamak üçin geçirilen ylmy işlere 10 ýurtdan 25 hünärmen gatnaşypdyr.Ylmy işiň çäginde 5 metrden 7 kilometre çenli çuňlukda ýaşaýan jemi 11 deňiz jandary atlandyrylypdyr.

Ummanlarda jandarlaryň 2 million görnüşiniň ýaşaýandygy çaklanylýar.Häzire çenli anyklananlar bolsa, olaryň örän az bölegini emele getirýär.Iň uly kynçylyk bolsa, üstünden barlan jandaryň haýsy uruga degişlidiginiň ylmy taýdan kesgitlenmegi.

Alymlar bir jandaryň haýsy görnüşe degişlidigini 20-40 ýyl aralygynda anyklaýarlar.Bu möhleti azaltmak maksady bilen Umman görnüşleriniň açyşlary (Ocean Species Discoveries) atly täze başlangyç ýola goýuldy. Şeýlelikde, deňiz jandarlarynyň tiz wagtda atlandyrylmagy maksat edinilýär.

Ýene degişli makalalar

Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar
Ummanda telefon bilen ses berler
Lawrow: NATO-nuň we ABŞ-nyň Aziýa-Ýuwaş Umman Sebitiniň Gözegçiligini Ele Almak Isleýär
Eýran Russiýa Ukraina Söweşinden Ozal Ýarag Berendigini Beýan Etdi
Russiýa Ýaponiýanyň Konsulyny Saklady