Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 23 ýyllygyna gabatlanyp, “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.Forumyň işine ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, syýasatşynaslar, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde şeýle hem sergi guraldy.Ol sergi döwletimiziň daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň işi bilen tanyşdyrdy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanly senäniň öňüsyrasynda geçirilýän foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Milli Liderimiziň Gutlag hatynda, hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň parahatçylyk we howpsuzlyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde dünýä ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde wajyp ähmiýete eýedigi bellenilýär.Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen ägirt uly ruhy miras dürli medeniýetleriň ýakynlaşmagyny, açyklygy we özara ynanyşmagy aňladýar. Şu nukdaýnazardan, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty bu ýörelgeleri berjaý etmegiň hakyky nusgasy bolup durýar.
Forumda edilen çykyşlarda 23 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy tapgyrlary hem-de ony durmuşa geçirmegiň netijeleri häsiýetlendirildi.Bu syýasat milli ösüşiň ähli ulgamlarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny döwrebaplaşdyrmak baradaky düýpli özgertmelerinde öz beýanyny tapdy.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada ynsanperwer kömegini bermek baradaky kömekçisi Raşid Halikowyň çykyşynda şu günki maslahatyň parahatçylygy we howpsuz ösüşi ilerletmäge goşant bolmalydygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýyl 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellemek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi oňyn başlangyçlary öňe sürýän we häzirki döwrüň möhüm wezipelerini üstünlikli çözmek üçin özüniň serişdelerini we mümkinçiliklerini hödürleýän Türkmenistanyň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Biziň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýäde goşulyşmak, ykdysady ösüş we adam hukuklary arkaly gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilendir.Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň sebitde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge ýardam edýän durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berýär diýip, jenap Halikow belledi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd ÝHHG-niň parahatçylyk we howpsuzlyk üçin deň derejede jogapkärçilik ýörelgeleri esasynda parahatçylykly gepleşikler arkaly döwletleriň arasyndaky ähli jedelli meseleleri kadalaşdyrmak babatda Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlaryny doly goldaýandygyny belledi.
Hanym N.Drozd hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolan 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň netijeli ýollaryny gözlemäge hem-de parahatçylygy üpjün etmegiň täze syýasy-diplomatik usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen tagallalara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän üstünlikli daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň we gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertidir.Bitaraplyk syýasaty halkara tejribesinde örän derwaýys bolmagynda galýar hem-de sebit we ählumumy howpsuzlyga salynýan wehim bilen baglylykda özüniň wajyp ähmiýete eýedigini subut edýär.
Foruma gatnaşyjylar häzirki döwürde öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek hem-de bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmazlyk, döwletleriň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerinde işjeň orun eýeleýändigini nygtadylar.
Bitaraplyk derejesi şeýle hem ýurdumyza halkara tejribesinde gapma-garşylyklary kadalaşdyrmagyň netijeli we parahatçylykly syýasy-diplomatik usullaryny işjeň ulanmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.Dürli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda netijeli gatnaşyklary we sebit derejesindäki gepleşikleri alyp barmak üçin has oňaýly merkez bolmak bilen, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça goňşy Owganystanda ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça forumlaryň geçirilmegine, şeýle hem günorta goňşynyň ykdysady we durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmegine hem-de onuň özara gatnaşyklaryň sebit we dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýär diýip, foruma gatnaşyjylar nygtadylar. Ýurdumyzyň tagallalary, şol sanda milli Liderimiziň häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistika merkezlerini ösdürmäge, ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmaga we netijeli syýasy gepleşikleriň esasynda ynsanperwer meselelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek arkaly tagallalary onuň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekdäki ornunyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Döwletimiziň häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna ynamly goşulyşmagy dünýäniň döwletleri bilen giň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hem-de BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki iri halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek bilen baglylykda amala aşyrylýar.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işi hem halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.Bu merkez türkmen paýtagtynda 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.
Merkeziň işi, esasan hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleriniň gatnaşygynda howplaryň öňüni almak üçin özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemäge, sebitiň çäklerinde durnuklylygy we netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan umumy ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk derejesinden ugur almak bilen, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de umumadamzat gymmatlyklaryny artdyrmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge işjeň çemeleşmäge ygrarlydyr.
Döwletimiz açyk hem-de deňhukukly gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatlaryndan ugur alyp, täze teklipleri we çemeleşmeleri öňe sürýär.Forumda bellenilişi ýaly, howpsuzlyk we ösüş diňe bir syýasy hyzmatdaşlyga däl, eýsem, ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, adam hukuklaryny berjaý etmek we goramak, demokratik dolandyryş we kanunlaryň hökmürowanlygy babatynda hyzmatdaş ýurtlaryň jogapkärçiligine hem esaslanýar.
Maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli amala aşyrmakda, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmekde, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däplerini ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolan duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.