Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.Sammit ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara derejeli iri çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda boldy. Şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän bu mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi.
Ermenistan Respublikasyna ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýan wekilçilik etdi.Biraz öňe geçip aýtsak, Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamanyň-GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilendigini bellemek gerek.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kabul edilen bu resminama Arkalaşygyň giňişliginde giň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek meselelerinde türkmen tarapynyň işjeň orun eýeleýändigini aýdyň subut edýär.
Ozal habar berlişi ýaly, 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Forum başlanmazdan öň hormatly Prezidentimiz Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.GDA-nyň baýdagynyň we Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň--Sammitiň resmi banneriniň öňünde däbe öwrülen bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra foruma gatnaşyjylar mejlisiň çäkli düzümde geçirilýän ýerine tarap ugradylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini açyk diýip yglan edýär.Milli Liderimiz oňa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň ilkinji gezek gatnaşýandygyny aýdyp, bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan hem-de hut öz adyndan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň agzasy hökmünde ony mähirli gutlady we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibi yglan edilenden soň, Sammite gatnaşyjylaryň garamagyna ýene-de bir mesele bilen gün tertibiniň üstüni ýetirmegi teklip etdi.Döwlet Baştutanymyz 31-nji dekabrda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedewiň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanýandygy bilen baglylykda, şu gün bu mesele boýunça çözgüdiň kabul edilmeginiň dogry boljakdygy barada pikirini aýtdy hem-de diplomatik ýollar bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden degişli ýüzlenmäniň alnandygyny belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan üýtgeşmeler göz öňünde tutulyp, mejlisiň gün tertibi we düzgüni tassyklanandan hem-de kabul edilenden soň, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmagy teklip etdi hem-de Sammite gatnaşyjylary pikir alyşmaga çagyrdy.
Ilki bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berildi.Belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň doganlyk häsiýetini nygtady.Muny ýakynda türkmen Lideri bilen geçirilen duşuşyk ýene-de tasssyklady.
Prezident Ilham Aliýewiň aýdyşy ýaly, ol özüniň geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistana geçen ýyl bolan resmi saparyny mähirli ýatlaýar. Şol saparyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de örän köpsanly resminamalara gol çekildi.
Azerbaýjanyň Baştutany türkmen paýtagtyny hem-de ýurdy depginli ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýeleýän şahsy ornuny aýratyn belledi.Bu ýerde düýpli özgertmeler bolup geçýär, düzümler işjeň döwrebaplaşdyrylýar, sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp şertler döredildi.
Türkmenistanyň Baştutanynyň howandarlygynda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli gurluşyklar haýran galdyrýar, şonuň netijesinde Aşgabatda täsin binagärlik toplumy kemala geldi.Belent mertebeli myhman Sammitiň gün tertibiniň meseleleriniň biriniň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiniň 75 ýyllygy bilen baglylykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna hem-de dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi bolup durýandygyny belläp, iň gandöküşikli bu urşuň frontlarynda hem-de tylda biziň halklarymyzyň geljekki nesiller üçin nusga bolup durýan gahrymançylyk we edermenlik görkezendiklerini nygtady. Şeýle hem Ilham Aliýew GDA-nyň giňişliginde umumy bähbitlere laýyk özara netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikirini aýtdy.
Soňra çykyş eden Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan mejlisiň ajaýyp guralandygy hem-de myhmansöýer türkmen topragynda bildirilen mähribanlyk we göwnaçyklyk üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, özüniň ilkinji gezek bolýan ýeri Aşgabada, onuň ajaýyp binagärligine hem-de şäheriň döwrebap keşbine örän haýran galandygyny belledi.
Ermenistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Arkalaşyga başlyklyk etmegiň çäklerinde GDA-ny has-da ösdürmäge gönükdirilen netijeli işler üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi.Munuň özi mejlisiň gün tertibiniň meseleleriniň sanawynda beýanyny tapdy.
Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň nygtaýşy ýaly, ermeni tarapy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda öňe süren Jarnamasyny mübärekleýär hem-de hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we GDA-nyň çäklerinde goşulyşmak işlerini giňeltmäge gönükdirilen islendik başlangyçlary goldaýar.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko söz berilýär.Belarus Lideri öz çykyşynda belleýşi ýaly, dünýäde bolup geçýän wakalary nazara alanyňda, gurply we netijeli bileleşik hökmünde Arkalaşygy berkitmegiň wagty geldi.
Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýet döwletara gatnaşyklarynyň binýady bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.Mejlisiň gün tertibine girizilen strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamanyň GDA ýurtlarynyň ykdysady kuwwatlyklaryny birleşdirmegiň, önümçilik-kooperasion we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyny ýene bir gezek tassyklady.
Belarus Lideri 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny taýýarlamak meselesi barada durup geçmek bilen, onuň üstüni ykdysady ösüşiň geljegi uly umumy nokatlaryna öwrülip biljek anyk taslamalar bilen ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe söz berildi, ol öz çykyşynda GDA ýurtlarynyň arasynda ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmegiň möhümdigini aýratyn belledi.Gazagystanyň Baştutany Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegi möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitläp, bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etmegiň, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryna täze itergi bermegiň, tejribeleri we bilimleri netijeli alyşmagyň, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Sammitiň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini bellemek bilen, goňşy döwletiň Baştutany Gazagystanyň GDA-nyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow çykyş etdi.Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek barada pikirini aýtdy.
Gyrgyz Lideri GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň täze strategiýasynyň Arkalaşygyň kuwwatyny has amatly peýdalanmak üçin esas boljakdygyna ynam bildirmek bilen, üstaşyr ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze derejesine çykmagyň, elektroenergetika ulgamynda, geljegi uly beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Şonuň bilen birlikde, howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak işinde GDA-nyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.
Mejlisiň dowamynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon çykyş etdi.Belent mertebeli myhman milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi hem-de Sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň GDA ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, Arkalaşygyň dünýä we yklym derejesindäki ykdysady işlere hem-de taslamalara işjeň gatnaşmak baradaky pikiriň başyny başlandygyny aýtdy.
Moldowanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu gün hut Aşgabatda Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama gol çekilýär, onda GDA döwletleriniň beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň täze ugurlary beýan edildi.Bellenilişi ýaly, gündogar we günbatar hyzmatdaşlary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýan Moldowa Respublikasy üçin GDA döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hemişe strategiki möhüm bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Igor Dodon Arkalaşygyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary has-da berkitmek we giňeltmek barada pikirini beýan etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berilýär.Dostlukly ýurduň Baştutany ýygnananlara ýüzlenip, Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy boýunça hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.Russiýa Federasiýasynyň Baştutany dürli görnüşdäki bökdençlikleri aradan aýyrmak, önümçilik we tehnologik ulgamlaryny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu ýyl GDA başlyklyk edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy hem-de şu gün Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekiljekdigini habar berdi.
Belent mertebeli myhman Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, öňümizdäki wakanyň ähmiýetini nygtady.Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon çykyş etdi.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi we däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanyň GDA döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da berkitmegiň tarapdarydygyny belledi, bu onuň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu günki Sammitiň gün tertibi dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini gurşap alýar, şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gurallaryny kämilleşdirmäge ýardam eder diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Özbek Lideri duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň GDA-nyň başlyklygyna berlen ýokary bahany doly goldaýandygyny nygtady. Şu geçen döwürde türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça birnäçe wajyp resminamalar, şol sanda Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky şu gün gol çekilýän Jarnama işlenip taýýarlanyldy diýip, belent mertebeli myhman aýtdy hem-de olaryň hukuk binýady pugtalandyrmak we döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklara aýratyn ähmiýet bermek bilen, Özbegistan ilkinji gezek oňa başlyklyk etmek wezipesini kabul edýär diýip, belent mertebeli myhman aýtdy hem-de Türkmenistanyň şu ýylyň dowamynda Arkalaşygyň guran forumlarynyň we duşuşyklarynyň derejesini ýokary göterendigini nygtady. Özbegistanyň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Arkalaşygyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrülen Aşgabat duşuşygynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi.
Pikir alyşmalar tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli pikir alyşmalar hem-de anyk oňyn teklipler üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, GDA-da ýurdumyzyň başlyklyk etmegini nazara alyp, Arkalaşykda işleriň ýagdaýyna Türkmenistanyň nukdaýnazaryny beýan etdi.
Milli Liderimiz belent mertebeli myhmanlary Aşgabatda mähirli mübärekläp hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylaryň şu gün möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada pikir alyşmak, onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin ýygnanandyklaryny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmegi kabul edip, GDA-nyň mümkinçiliginiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi, döwrüň aýdyň talaplaryna laýyklykda, Arkalaşygyň işini täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy özüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pugta parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek boýunça ulgamlaýyn bilelikde işlemegiň, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek işinde netijeli hyzmatdaşlygyň gatnaşyklarymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Bu maksada ýetmek aňsat we ýeňil wezipe däl diýip, milli Liderimiz aýtdy.Häzir dünýäde, şol sanda Arkalaşygyň serhetlerine gönüden-göni ýakynlykda neneňsi çylşyrymly ýagdaýlaryň göze ilýändigini biziň ählimiz görýäris. Şol ýagdaýlary kynlaşdyrman, olaryň biziň ýurtlarymyz üçin hem nähili täsirleri hem-de töwekgelçilikleri ýetirip biljekdigine aýdyň we anyk baha bermek gerek.
Biziň bilelikdäki syýasy-diplomatik işimizde göz öňünde tutmaly zerur ýagdaýlarymyzyň biriniň Owganystan Yslam Respublikasyndaky ýagdaýlar bolup durýandygy görünýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.Türkmenistan Owganystan bilen goňşy ýurt hökmünde bu ýurtda durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermäge gönükdirilen halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar.
Döwlet Baştutanymyz BMG we gyzyklanma bildirýän beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda owgan meselesi boýunça parahatçylykly gepleşikleri ýola goýmak üçin Bitarap Türkmenistanyň syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklap, bu işleriň owganlylaryň özüniň esasy orun eýeläp gatnaşmagynda geçirilmelidigine ynanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen bir wagtda milli Liderimiz owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat esaslaryny döretmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady taslamalary amala aşyrmakda Owganystana dostlukly döwletleriň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady. Şu maksatlar bilen häzir biziň ýurdumyz owgan hyzmatdaşlar bilen bilelikde halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem Owganystanyň çäklerinde demir ýollarynyň gurluşygy dowam edýär.
Munuň özi bu ýurdy Türkmenistanyň üsti bilen Ýewraziýa yklymynyň giň gerimli geoykdysady giňişligi bilen birleşdirmäge mümkinçilik berer.Mundan başga-da, Türkmenistan mekdepleri, hassahanalary hem-de beýleki durmuş ähmiýetli desgalary gurmak, ynsanperwer kömegini yzygiderli ibermek arkaly owgan ilatyna yzygiderli esasda ynsanperwer kömegini berýär.
Syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegine hut şunuň ýaly toplumlaýyn çemeleşme, biziň pikirimizçe, owgan meselesini geljekde-de netijeli çözmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady.Döwlet Baştutanymyz owgan meselesinde Arkalaşygyň döwletleriniň utgaşykly işlemeginiň esasy ugurlaryny kesgitlemek babatda ýakyn wagtda GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň yklymdaky durnuklylygyň möhüm ýagdaýy hökmünde çykyş etmegine hem-de bu ýerde bolup geçýän ýagdaýlara oňyn täsir etmegine gönükdirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ykdysady hyzmatdaşlygyň GDA döwletleriniň gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygny aýdyp,Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze depgin bermegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady. Şu maksat bilen 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Soçide bolan maslahatynda türkmen tarapy Arkalaşygyň döwletleriniň bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgelerini we ugurlaryny kesgitleýän köptaraplaýyn resminamany taýýarlamak hem-de kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar bilen Jarnamanyň taslamasy taýýarlanyldy hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň häzirki mejlisiniň gün tertibine girizilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de onuň kabul edilmeginiň GDA-da ykdysady işleriň işjeňleşdirilmegine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga biziň ählimizden has netijeli çemeleşmegi talap etjekdigini belledi.
GDA-nyň ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasy häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere kybap bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol ýagdaýlara öz wagtynda täsir etmek, olaryň mazmunyny we ugruny göz öňünde tutmak, umumydünýä ykdysady işleri babatda GDA-nyň ykdysady gün tertibini döretmek hem-de öňe ilerletmek üçin bäsleşikli artykmaçlyklary peýdalanmak zerurdyr.
Milli Liderimiz ozaly bilen, energetika, senagat, ulag we söwda ýaly strategiki ugurlary aýratyn belläp, bu ulgamlarda iri möçberli we uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmäge Arkalaşygyň ýurtlarynyň güýjüniň doly ýetjekdigine ynam bildirdi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy öz geosyýasy hem-de geoykdysady ýörelgeleri babatda yklymda esasy orny eýelemelidir, Gündogar bilen Günbataryň, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge işjeň gatnaşyjy bolup çykyş etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň beýleki döwletler bilen dürli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy, hyzmatdaşlara ykdysady, innowasiýa we tehnologiýa babatda teklip edip bilýän zatlarymyz bolan serhetdeş sebitlerimize çykmagy möhüm wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň ýaly gatnaşyklaryň mysaly hökmünde durmuşa geçirilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň taslamalary hyzmat edip biler.
Bu kommunikasiýalar GDA-nyň energetika we ulag bazarlaryny Ýewraziýa yklymynyň Gündogar hem-de Günorta sebitleri bilen birleşdirmäge mümkinçilik berdi.Häzirki zaman şertlerinde GDA döwletleriniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň Arkalaşygyň ykdysady giňişliginiň dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna has işjeň goşulyşmagyny üpjün edip bilýän täze hile eýe bolmalydygy barada ynamly aýtmaga mümkinçilik berýän şunuň ýaly birnäçe beýleki mysallaryň bardygy gürrüňsizdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary nazara alyp, 2020-njy ýylda, Ykdysady geňeşiň birinji mejlisinde Arkalaşygyň döwletlerini dünýä bazarlary bilen birleşdirýän döremegi mümkin boljak energetika, senagat, ulag we söwda geçelgelerine hem-de şolaryň ösdürilmegine ýykgyn edip, GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy baradaky meselä garamagy teklip etdi.
Ykdysady geňeşde bu başlangyjyň goldanan ýagdaýynda, geljekde GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine anyk ykdysady taslamalarda ony amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edip bolar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkalaşygyň işlerinde döwletara ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitläp, şu ýyl Aşgabatda GDA-nyň ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Şeýle hem Arkalaşygyň döwletlerinde durmuş-medeni ugurly birnäçe beýleki ähmiýetli çäreler guraldy.
Biz GDA-nyň çäklerinde ylym-bilim, medeni, sport, syýahatçylyk hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň beýleki ulgamlarynda gatnaşyklary giňden we hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýäris.Bu ulgamdaky gatnaşyklara ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýagdaýy hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra milli Liderimiz Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki mejlisiň gün tertibine girizilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy baradaky meselä ýene-de dolanyp geldi hem-de Türkmenistanyň Sergeý Lebedewiň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy wezipesindäki işiniň möhletini nobatdaky üç ýyllyk döwre uzaltmak hakynda Russiýa Federasiýasynyň teklibini goldaýandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, mejlisiň gün tertibine sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy bilen baglylykda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna hem-de dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi baradaky mesele girizildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de bu senäniň biziň ählimiz üçin mukaddesdigini nygtady.
Hakykatdan-da, biziň atalarymyz we babalarymyz Ýer ýüzünde ýaşaýşyň bähbidine gahrymançylyk görkezdiler diýip, milli Liderimiz belledi.Biziň döwletlerimizde Beýik Ýeňşi gazanan esgerler hem-de serkerdeler barada, tylda yhlasly zähmeti bilen şol ýeňşiň gazanylmagyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşant adamlar hakynda taryhy hakydanyň saklanmagy we berkemegi üçin köp işler edilýär.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, GDA-nyň ähli döwletlerinde 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmegi hem-de bu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk salýutlaryny guramagy teklip etdi.
Türkmenistan hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de bu senäni baýram etmek boýunça esasy çäreleri durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki mejlisiň gün tertibiniň örän baýdygyny belläp hem-de GDA-nyň çäklerinde şu gün hyzmatdaşlygymyzyň barşyna we ugruna oňyn täsir etjek möhüm çözgütleriň hem-de ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna umyt bildirip, hemmelere üstünlikli işlemegi arzuw etdi Soňra döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmek hakyndaky hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakyndaky meselelere geçip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi, ol degişli habar bilen çykyş etdi.
Sammite gatnaşyjylaryň kabul eden çözgüdine laýyklykda, geljek ýylda GDA-da başlyklyk etmegi Özbegistan Respublikasy amala aşyrar.Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň adyndan özbek hyzmatdaşlara Arkalaşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bu wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Kabul edilen çözgüde laýyklykda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Daşkentde geçiriler.Soňra milli Liderimiz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy baradaky meselä degip geçip, dekabrda ygtyýarlyk möhletleri tamamlanýan Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçysy Sergeý Lebedewi biziň ählimiziň köp ýyl bäri tanaýandygymyzy belledi.
Ol maksada okgunly hem-de ýokary jogapkärçilik bilen işleýär, Arkalaşygyň saklanmagy we ösdürilmegi üçin köp iş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasy onuň işiniň möhletini nobatdaky üç ýyllyk döwre uzaltmagy teklip edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wekiliýetleriň çykyş eden baştutanlarynyň hem bu teklibi goldandyklaryny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli çözgüdiň kabul edilýändigi barada habar berip, bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan Sergeý Lebedewi gutlady hem-de bu wezipede oňa mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz garamaga çykarylan meseleleriň ählisiniň tamamlanandygyny belläp, çäkli düzümdäki mejlisi ýapyk diýip yglan etdi.Soňra GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdirildi.Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, GDA-nyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi babatda mejlisiň geçirilmeginiň uly we esaslandyrylan umytlar bilen baglanyşyklydygyny nygtady.
Edil ýaňy çäkli düzümde özara gatnaşyklarymyzyň möhüm meseleleri, Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de geljegini kesgitlemek boýunça düýpli gürrüň edildi diýip, milli Liderimiz aýtdy we garalan meseleleriň ählisiniň mundan beýläk-de netijeli ugurda ilerlediljekdigine, hakyky dostlara we ygtybarly hyzmatdaşlara mahsus bolşy ýaly, iş ýüzünde netijeli çözüljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz GDA-nyň özüniň netijeliligini hem-de Arkalaşygyň döwletleriniň halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyklygyny görkezýän döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeň ulgamy bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Häzirki wagtda biziň maksadymyz GDA-nyň işine täze itergi bermekden, ony häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna hem-de ugurlaryna laýyk gelýän derejä çykarmakdan, Arkalaşygyň halkara we sebit gün tertibindäki özgerişliklere dogry hem-de öz wagtynda seslenmek ukybyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan GDA-nyň işine çemeleşmelerini guramakda hut şundan ugur alyp, Arkalaşygyň ählumumy geosyýasy we geoykdysady işlere gatnaşmagyny işjeňleşdirmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilen tekliplerini we başlangyçlaryny beýan edýär.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde pugta parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bolupdy hem-de şeýle bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunda strategiki we sebitleýin durnuklylygy üpjün etmek babatda GDA-nyň iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklaryň ugurlaryny pugtalandyrmak möhüm wezipe bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz bu babatda maksatlaryň umumydygyna ynam bildirdi.Birek-birege teklip edip biljek zadymyz bar, GDA-nyň BMG bilen yzygiderli gatnaşyklary peýdaly bolar we oňyn netijeleri bermäge ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şol gatnaşyklaryň çäklerinde kiber howplara garşy göreşmek, maglumat howpsuzlygy ýaly özboluşly meseleler derwaýys bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz terrorçylyk howpuna, guramaçylykly jenaýata, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek işinde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
GDA-nyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi halkara gatnaşyklarynda umumy özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, ýüze çykýan meseleleri çözmekde gepleşikleriň medeniýetini berkarar etmek üçin hem zerurdyr.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky kararnamany biragyzdan kabul etdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA döwletleriniň ählisine tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan bu başlangyjy goldandygy we raýdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Arkalaşyga agza ýurtlary şu resminamada beýan edilen maksatlary ýerine ýetirmegiň üstünde bilelikde işlemäge çagyrdy.
GDA-nyň işine ýeterlik derejede itergi bermek barada aýtmak bilen, biz, ilkinji nobatda, ykdysady meseläni göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Häzirki wagtda Arkalaşygyň içinde, şeýle-de GDA-nyň beýleki döwletler hem-de halkara ykdysady birleşikleri bilen özara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap ulgamlary we nusgalary zerurdyr.
Olar ählumumy ykdysadyýetiň üýtgäp durýan ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň kemala gelmegine, ähli ýerlerde innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna laýyk gelmelidir.Bularyň ählisi bizden hyzmatdaşlygymyzyň häsiýetine gaýtadan garamagy, däp bolan ugurlardan başga-da, täze, geljegi uly ugurlara çykmagy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ählumumy bäsdeşlik şertlerinde bu işi çalt we netijeli ýerine ýetirmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Resminama tutuş Arkalaşygyň hem-de GDA agza döwletleriň her biriniň ykdysady bähbitlerini amala aşyrmaga ylalaşykly çemeleşmeleri kemala getirmäge gönükdirilendir.Ol Arkalaşygyň çäklerinde, şeýle hem beýleki birleşikler we aýry-aýry ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurallarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Taslama tutuşlygyna 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşinde makullanyldy we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň gün tertibine girizildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şu gün ýokarda agzalan Jarnamany kabul etmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz GDA-nyň tertipnamalaýyn edaralarynyň, hususan-da, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we ykdysady geňeşiň mejlisleriniň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny görkezýändigini aýratyn nygtady. Şunda energetikany, senagaty, ulag ulgamyny, söwdany, tehnologik hyzmatdaşlygy we beýleki birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ulgamlarynyň hatarynda görkezmek bolar.
Biz anyk bilelikdäki taslamalara çykmak arkaly işewürler bileleşiginiň ugry boýunça has ysnyşykly gatnaşyklar, GDA-nyň çäklerinde haryt öndürijileriň sergilerini we ýarmarkalaryny giňden geçirmek ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň degişli pudaklaýyn geňeşleriniň we komitetleriniň işini goldaýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.
GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny açyp görkezmek bilen, energetika ulgamyna biziň hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygymyza siziň ünsüňizi çekesim gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.BMG-niň çäklerinde we beýleki guramalarda bu mesele boýunça halkara gatnaşyklar has anyk häsiýete eýe bolýar.
Arkalaşygyň döwletleri oňa ýeterlik derejede işjeň gatnaşýarlar.Bu ugurda gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt edýäris. Şu maksat bilen, biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu 74-nji sessiýasynyň garamagyna durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň orny hakyndaky täze kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy GDA üçin ileri tutulýan ugur hasaplaýarys. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň ep-esli artmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk aýratyn zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Täze üstaşyr geçelgeleri döretmek hem-de ulag hyzmatlarynyň iri bazarlaryna bilelikde çykmak maksady bilen, biziň ýurtlarymyzyň bäsdeşlik babatdaky artykmaçlyklaryny olaryň geografiýasyny, düzümleýin sazlaşygyny, hyzmatdaşlygyň tejribesini we däplerini iş ýüzünde ulanmagy başarmalydyrys. Özi-de, bu işleri örän gysga möhletde amala aşyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Muny häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň barşy, ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara bäsdeşligiň ýagdaýy we depginleri talap edýär.GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň oňat mysallary bar.Bu babatda men goňşy ýurtlara çykmak arkaly Arkalaşygyň giňişliginde täze demir ýollary gurmakda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Mysal üçin, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran häzirki zaman demir ýoly ýaly taslamalar GDA döwletleriniň Ýewraziýa yklymynda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň möçberlerini we hilini artdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Soçide geçirilen Sammitinde türkmen tarapynyň Arkalaşygyň halkara möçberinde giň goşulyşmak gatnaşyklaryna çykmagy, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir GDA-nyň giňişliginde däl, eýsem, onuň çäklerinden daşda hem ulag we kommunikasiýa ulgamynda iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagy barada ilkinji gezek öňe süren başlangyjyna gaýdyp geldi.
Elbetde, ynsanperwer ulgamy biziň üns merkezimizde bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.Medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamynda, çagalar we ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk bu geljege maýa goýumlarydyr, biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň, hoşmeýilliligiň we ynamyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň kepilidir.
Türkmenistan GDA-da emele gelen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň usullaryny goldaýar, Arkalaşygyň ähli ýurtlaryny degişli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Şunuň bilen birlikde, biziň döwletlerimiziň bu ugurdaky bilelikdäki işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi zerur hasaplaýarys.
Biziň ýurtlarymyzyň özboluşly, baý we köptaraply medeni mirasyny wagyz etmek barada ozal öňe sürlen pikirleri hem-de teklipleri iş ýüzünde has işjeň durmuşa geçirmegiň wagty ýetdi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şol bir wagtyň özünde medeni-bilim, sport we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklara täzeçe garamagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de GDA-nyň her ýylky teatr festiwallaryny, ýurtlarymyzyň halklarynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerini geçirmek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Hyzmatdaşlygyň GDA-nyň yzygiderli bilim ýarmarkalary ýaly usulynyň ornaşdyrylmagyny netijeli hasaplaýarys. Şeýle hem türkmen tarapy Arkalaşygyň Sport oýunlaryny yzygiderli geçirmek, şolaryň halkara sport giňişligindäki abraýyny belende galdyrmak ugrunda çykyş edýär.
Syýahatçylyk taslamalaryny ösdürmek nukdaýnazaryndan GDA giňişliginiň täsindigini göz öňünde tutup hem-de biziň ýurtlarymyzyň syýahatçylyk ulgamynda ägirt uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň biriniň gün tertibine syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak baradaky meseläni girizmek mümkinçiligine garamagy teklip etmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan şu mejlise geçilen ýola baha bermek hem-de geljek üçin wezipeleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işiniň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.Biziň Arkalaşygymyzyň häzirki halkara hyzmatdaşlygyň binýadynda goýlan maksatlara we esasy ýörelgelere eýerýändigi onuň işiniň möhüm şerti bolup durýar.
GDA döredilen gününden bäri geçen ýyllaryň dowamynda gatnaşyjylaryň hoşmeýilli erk-islegine, deňhukuklylyga, özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga esaslanan hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde öz ugruny saklap galdy.Döwlet Baştutanymyz hut şu ýörelgelere eýermegiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýaşaýşa ukyplylygy hem-de çeýeligi üpjün edýändigine, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we geljegini açýandygyna, GDA-nyň halkara durnuklylyk hem-de howpsuzlyk ulgamynyň möhüm bölegi hökmünde hereket etmegini şertlendirýändigine ynam bildirdi.
Arkalaşygyň daşky dünýä bilen gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldip, halkara guramalary hem-de köp ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürýändigi hem begendirýär.Bu netijeleriň ählisini bilelikde gazanylan oňyn netijäniň hataryna goşup bileris.
Wagt geçip barýar, ol bizden dünýä syýasatyndaky we ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, GDA-nyň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda we geljekde bilelikdäki işimiziň okgunlylygy, düýplüligi, sagdyn pragmatizmi, döwletara hyzmatdaşlygy hem-de ýurtlarymyzyň raýatlarynyň gündelik durmuşynyň meselelerine degişli wezipeleri çözmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Munuň özi GDA-nyň işiniň netijeli bolmagyna oňyn täsir eder, geljek üçin oňa täze itergi berer.Geljek ýyl ýurdumyz halkara bileleşigi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmeginiň 25 ýyllygyny bellär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz işjeň orny bilen dürli halkara meseleleri çözmekde Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmagyň örän netijelidigini ençeme gezek görkezdi.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi köp halatlarda sebit hem-de halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, köptaraply ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti boldy we şeýle bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG-niň diplomatik ulgamynda täsirli gurala öwrülmäge ukyply syýasy-hukuk dereje hökmünde Bitaraplygyň artykmaçlyklaryny giňden görkezmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda türkmen bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan iri halkara çäreleriniň birnäçesi geçiriler. Şolaryň hatarynda parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça halkara maslahatyna möhüm orun berler. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryny hem-de wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny şol dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine, onuň ýolbaşçysy Sergeý Lebedewe hyzmatdaşlygymyzy utgaşdyrmak boýunça netijeli işi, hususan-da, şu mejlise taýýarlyk görmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, edil ýaňy döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çäkli düzümdäki mejlisiniň geçirilendigini belledi. Şonuň barşynda 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Özbegistan Respublikasyna geçýändigi baradaky çözgüt kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.
Ol öz çykyşynda Özbegistanyň GDA-da başlyklyk etmegiň konsepsiýasyny hödürläp, onuň esasy maksatlaryny we wezipelerini beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň adyndan Özbegistan Respublikasyna üstünlikli başlyklyk etmegi hem-de hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň bähbidine öňde goýlan maksatlara ýetmegini arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedewe söz berdi.Ol çäkli düzümde geçirilen mejlisiň barşynda kabul edilen çözgütler barada maglumat berdi.Sammitiň işiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama baradaky meselä garamagy teklip etdi.
Bu resminama Arkalaşygyň döwletleriniň giň ykdysady gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.Bu resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek başlangyjy Türkmenistana degişlidir.Milli Liderimiz şu mesele boýunça çykyş edip, 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Soçide geçirilen Sammitinde Türkmenistanyň Arkalaşygyň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän köptaraply resminamany taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini ýene-de bir gezek belledi.
Bu başlangyjyň öňe sürülmegi häzirki zaman şertlerinde ählumumy ykdysadyýetdäki ýagdaýlary nazara almak bilen, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze innowasion çemeleşmäniň zerurdygy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mümkinçilikleriň tutuş toplumyndan netijeli peýdalanylmagynyň, şol sanda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de GDA-nyň içinde özara goşulyşmagyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň öňünde okgunly ykdysady ösüşiň uly mümkinçiliklerini açýandygyny aýratyn nygtady. Öz nobatynda, munuň agza ýurtlaryň dünýä hojalyk ulgamynyň ösüşine täsirini güýçlendirmäge ýardam eder. Şoňa görä-de, şu gün GDA döwletleriniň halkara ylalaşyklary, biziň ýurtlarymyzyň milli kanunçylyklaryny berjaý etmäge, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň edilýär. Şunda Arkalaşygyň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ykdysady kuwwatyny ep-esli artdyrmak, onuň halkara maliýe-ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagy, GDA-nyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagy şeýle hyzmatdaşlygyň esasy maksatlary bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýokarda aýdylan maksatlara ýetmek üçin ykdysady gatnaşyklaryň netijeli gurallaryny döretmek, GDA agza döwletleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, Arkalaşygyň giňişliginde maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we pugtalandyrmak, strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek ýaly wezipeleri çözmäge üns bermek teklip edilýär. Öňde goýlan maksatlardan we wezipelerden ugur alyp, önümçilik we goşulyşmak babatdaky gatnaşyklary ösdürmegi, energetika, senagat, ulag, söwda, oba hojalygy ulgamlarynda we beýleki pudaklarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, maliýe ulgamynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, innowasion hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça bilelikdäki işi GDA döwletleriniň ykdysady işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek maksada laýyk hasaplanylýar.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki ulgamlarynyň hem bardygy gürrüňsizdir.Olar barada Jarnamanyň taslamasynda jikme-jik aýdylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Milli Liderimiz ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň her biriniň hem-de tutuş Arkalaşygyň durmuş-ykdysady kuwwatyndan has doly peýdalanmaga, olaryň deňhukukly, özara bähbitli we toplumlaýyn ösüşini giňeltmäge, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary durnukly ösdürmäge GDA döwletleriniň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny pugtalandyrmaga, ýurtlarymyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Ýylyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň ykdysady düzümleriniň ýolbaşçylary, bilermenleri we hünärmenleri ady agzalan resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça uly işleri ýerine ýetirdiler.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Jarnamanyň taslamasy GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisinde makullanyldy hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň gün tertibine girizildi. Şeýlelikde, GDA agza döwletleriniň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamany kabul etmek barada çözgüt kabul edilýär.
Milli Liderimiz giňişleýin düzümdäki mejlisi dowam edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň netijeli işiniň köp babatda onuň Ýerine ýetiriji komitetiniň takyk we sazlaşykly işine baglydygyny belledi.Birnäçe ýylyň dowamynda bu düzüme Sergeý Nikolaýewiç Lebedew ýolbaşçylyk edýär.
Onuň ýokary hünär häsiýetleri, guramaçylyk zehini hem-de ägirt uly durmuş tejribesi Arkalaşygyň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.GDA-nyň tertipnamalaýyn edaralarynyň, pudaklaýyn geňeşleriniň, komissiýalarynyň we komitetleriniň mejlislerini guramak hem-de geçirmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda gatnaşyklaryň giň ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütleri taýýarlamak we şolaryň ylalaşylmagyny guramak, çözgütleriň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmek GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we onuň başlygynyň işiniň görnüşleriniň diňe bir bölegidir.
Bu wezipeleriň ählisini Sergeý Nikolaýewiç ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen ýerine ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Hut şunuň özi hem biziň bilelikdäki işimiziň netijeliliginiň girewidir.Munuň özi bolsa, Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şertidir.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň doly ygtyýarly wekili bolmak bilen, Sergeý Lebedewiň BMG-niň, ÝHHG-niň, ŞHG-niň ýokary edaralarynyň we beýleki abraýly düzümleriň birnäçesiniň işine gatnaşyp, halkara gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýandygyny aýratyn belledi.
Milli Liderimiz ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, işjeň halkara işi hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň Türkmenistanyň döwlet sylagy “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglanylýandygyny aýdyp, oňa bu ýokary sylagy gowşurdy.
Sergeý Lebedew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine mundan beýläk-de netijeli işlejekdigini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ýerine ýetiriji sekretary döwletleriň hem-de wekiliýetleriň baştutanlaryna ýokary ynam hem-de geljek üç ýyl üçin oňyn ygtyýarlyklarynyň tassyklanmagy üçin hoşallyk bildirdi.
Sergeý Lebedewiň belleýşi ýaly, şu gün mejlisiň barşynda Türkmenistanyň başlyklygyna ýokary baha berildi. Ýurduň ýolbaşçylary bu wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärli hem-de netijeli çemeleşdiler.Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň birnäçesini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirdi. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Arkalaşygyň döwletleriniň wekilleriniň 200-den gowragyny jemlän hem-de medeniýetleriň gatnaşyklaryna saldamly goşant goşan GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermeginde we gatnaşmagynda ynsanperwer ulgamda geçirilen beýleki iri çäreleriň ençemesini görkezmek bolar diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy aýtdy. Şolaryň hatarynda 2012-nji ýylda geçirilen döredijilik we ylmy intelligensiýanyň VII forumyny, 2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda Mary we Daşoguz şäherlerinde “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini, 2014-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA ýurtlarynyň mekdep medeni-sport festiwalyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda guralan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny görkezmek bolar.
Sergeý Lebedew milli Liderimiziň Arkalaşygyň çäklerinde bu ulgamda çäreleriň ençemesini taýýarlamaga we geçirmäge uly goşant goşandygyny belläp, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edendigini aýtdy.
Bu sylagy gowşurmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ýerine ýetiriji sekretary GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogluny, Müdiriýetiniň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoýy, şeýle hem döwletara gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory Anatoliý Iksanowy çagyrdy.
YHDG-niň müdiriýetiniň başlygy Polat Bilbil ogly şu gün bu ýerde bolmagyň hem-de gaznanyň müdiriýetiniň we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiň adyndan Türkmenistanyň halk artisti hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu medaly gowşurmagyň hem-de uly üstünlikleri arzuw etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Öz nobatynda, YHDG-niň başlygy Mihail Şwydkoý GDA-nyň çäklerinde döwletara ynsanperwer-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge, baý milli medeniýeti wagyz etmäge türkmen Lideriniň uly goşandyny aýratyn belläp, Magtymguly Pyragynyň “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýen joşgunly setirlerini mysal getirdi.
Sammite gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda GDA agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň Müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogly Arkadag Prezidentimize hormatly sylagy gowşurdy.
Milli Liderimiz GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň müdiriýetine bu ýokary sylag bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu waka, ilkinji nobatda, Türkmenistana we onuň halkyna hormat-sarpanyň nyşany, medeni-ynsanperwer ulgamda GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýurdumyzyň hyzmatlarynyň ykrarnamasy hökmünde baha berýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.Biz häzirki şertlerde hut medeniýetiň ýurtlary we halklary birleşdirýän köpri bolmalydygyna, döwletara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmäge ýardam bermelidigine ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Medeniýet arkaly parahatçylyk Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmakda öz garaýşyny hut şeýle kesgitleýär.Döwlet Başutanymyz GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň işine ýokary baha berip, häzirki wagtda onuň giň möçberli bilelikdäki çäreleri guramak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigini, Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýet we ylym işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklara netijeli ýardam berýändigini, dürli döredijilik bäsleşiklerini we festiwallary geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýändiginiň belledi.
Bu iş uly hormata we minnetdarlyga mynasypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, gaznanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine olaryň zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle ýokary sylag üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasy bilen mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge we ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady hem-de olaryň möhüm we jogapkärli işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra GDA-nyň çäklerinde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.GDA ýurtlarynyň Liderleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyny kabul etdiler.
Mejlisiň jemleri boýunça GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň beýan edilen ähli maksatlara ýetmäge yzygiderli çalyşýandygyny belledi.Türkmen tarapy GDA-nyň döwletleriniň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak, Arkalaşygyň giňişliginde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen başlangyçlara goldaw bermek, onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça wezipeleri öňde goýdy.
Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz şu gün Türkmenistanyň girizen GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamany goldan kärdeşlerime GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu resminamanyň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek, GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şu gün beýleki resminamalaryň hatarynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi kabul edildi.
Häzirki şertlerde bu resminama aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Beýleki wajyp meseleler ýaly, bu barada hem şu gün çäkli düzümde pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanlary aç-açan gürrüň etdiler.
Bize meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak başartdy, işiň ähli ulgamlarynda diýen ýaly gatnaşyklarymyzy kämilleşdirmek boýunça anyk teklipler aýdyldy diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden ähli teklipleri we bellikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy haýyş etdi.
Mejlisi tamamlamak bilen, döwlet Baştutanymyz resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga, geçirilen çäreleri taýýarlamaga hem-de guramaga gönüden-göni gatnaşan we şeýlelikde, ýurdumyzyň üstünlikli başlyklyk etmegine ýardam eden GDA-nyň hemme edaralaryna, ähli bilermenlerine, wezipeli adamlara we işgärlere minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki netijeli iş üçin hemmelere köp sag bolsun aýdyp, Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.Aşgabat Sammitiniň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi.
Oňa GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow gatnaşdylar.Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýaňy tamamlanan mejlisiniň ýokary wekilçilikli derejesi hem-de onuň netijeli häsiýeti nygtaldy.
Munuň özi gol çekilen resminamalaryň toplumynda öz beýanyny tapdy.Bellenilişi ýaly, özara gatnaşyklaryň wajyp meseleler boýunça, däp bolşy ýaly, açyk, çuňňur manyly pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenleriň Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklygyna ýokary baha berendikleri nygtaldy, türkmen topragynda hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynda geçirilen köpsanly çäreleriň ýokary hil derejesi aýratyn bellenildi. Şu gün döwlet Baştutanymyz GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň baştutanlarynyň hormatyna resmi nahary berdi. Şu gün, Sammitiň maksatnamasy tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmanlar Aşgabatdan ugradylar. Şeýlelikde, türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.Bu resminama GDA-nyň çäklerinde strategiki esasda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder.