Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.Iki goňşy ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň duşuşygynyň barşynda Günorta Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we degişlilikde olaryň ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen täze transmilli energetika geçirijisini döretmegiň örän wajypdygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň we serhetdeş ýurtlaryň giň çäklerinde howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnuklylygyň we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi aýratyn möhümdir.Mälim bolşy ýaly, täze energiýa köprüsiniň binýadynyň düýbüniň tutulyş dabarasy Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň fewral aýynda geçirilipdi. Şol bir wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerinden geçýän böleginiň hem-de TOP optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berlipdi.
Bu şanly wakalara bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy hakynda ylalaşyga gol çekildi. Öz nobatynda, şu gün gönüden-göni serhetdeş döwletleriň çäkleri boýunça transmilli energetika ulgamyny çekmek bilen baglanyşykly meseleler ylalaşyldy.
Hususan-da, ylalaşykda täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana — Hyrada we Gandagara, hersine 300 megawat (jemi 600 megawat) iberiljek elektrik energiýanyň möçberleri kesgitlenildi.Geljekde olaryň möçberini 1 müň megawata çenli artdyrmak maksat edinilýär.
Hökümetiň hem-de ähli owgan halkynyň adyndan goňşy ýurda berilýän hemmetaraplaýyn kömek we hakyky goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirildi.Nygtalyşy ýaly, Owganystanda sebitde durnuklylygy we rowaç ösüşi pugtalandyrmakda anyk işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berýärler hem-de iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ygtybarly berkidýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýarlar.
Oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistan Owganystan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, goňşy döwletde parahatçylygyň we ylalaşygyň pugta berkarar bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Bu ugurda giňişleýin işlemäge özüniň taýýardygyny tassyklap, häzir bar bolan syýasy mümkinçiliklerini hem-de halkara guramalarynyň kuwwatyny peýdalanyp, ýurdumyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasy bilen ysnyşykly hereket edýär. Şunda türkmen Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary aýratyn möhüm häsiýete eýedir. Şol başlangyçlarda Türkmenistanyň owgan meselesi boýunça düýpli ýörelgesi beýan edildi.
Başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamany taýýarlamak başlangyjy bar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş edip belleýşi ýaly, Owganystanyň doly bahaly hyzmatdaşyň hukuklarynda iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga goşulyşmagy Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýydyr. Şunda Owganystan üçin strategik geljek, onuň sebit we ählumumy işlerde eýeleýän orny, owgan halkynyň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň girewi jemlenýär.
Soňky onýyllyklarda ykbalyna ençeme synaglar düşen doganlyk owgan halkyna onuň parahatçylyga, agzybirlige we ylalaşyga bolan ymtylmalarynda raýdaşlygyny beýan edip, Türkmenistan goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen anyk ädimleri ädýär.
Muňa mysal hökmünde köp ýyllaryň dowamynda ýeňillikli bahalar boýunça elektrik energiýanyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginiň amala aşyrylmagyny, dostlukly döwletiň energetika düzüminiň uly bölegine öwrülen Ymamnazar — Andhoý hem-de Serhetabat — Hyrat elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny görkezip bolar.
Ozal bellenip geçilişi ýaly, şygary “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” bolan 2018-nji ýyl şanly we many-mazmunly wakalara baý boldy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynyň iki jildinde giňişleýin beýan edilen, ençeme asyr mundan ozal türkmen topragynyň üstünden geçen ady rowaýata öwrülen bu ýol häzirki döwürde täze hilde gaýtadan dikeldilip, döwletleriň we halklaryň arasynda söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we has-da işjeňleşdirmek maksadyny özünde jemleýär.
Mysal üçin, şu ýylyň tomsunda geçirijilik mümkinçiligi sagatda 100 megawat bolan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ugry ulanmaga berildi.Onuň ulanmaga berilmegi bilen, Owganystanyň demirgazyk etraplaryna türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ugrunda uly işler geçirildi. Şol işleriň çäklerinde türkmen hünärmenleri elektrik üpjünçiligine degişli desgalaryň ençemesini, şol sanda kiçi beketleri we umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ugurlaryny gurdular. Şeýle hem bu elektrik geçiriji ugrunyň açylyş dabarasynyň çäklerinde “Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Kerki — Hamýap — Garkyn elektrik geçiriji ulgamyny gurmak baradaky meýilnamalary hakynda teswirnama” gol çekilendigini ýatlamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň örän baý gorlaryna eýedigini, elektrik energiýasyny öndürmegiň bolsa, däp boýunça dünýäde örän girdejili önümçilikleriň biri hasaplanýandygyny bellemek gerek. Şundan ugur alyp, bu geljegi uly pudaga maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar.
Bu gün türkmen energetika senagaty ýokary ösüş depginlerini görkezýär hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýanyň eksport edilişini artdyrmaga ukyplydyr.Soňky ýyllarda pudagyň düzümini birnäçe gazturbina elektrik stansiýalary, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan şeýle stansiýalar artdyrdy. Şular bilen birlikde, onlarça paýlaýjy elektrik podstansiýalar bina edilýär, paýtagtymyzy, beýleki şäherleri we ilatly ýerleri energiýa bilen üpjün etmek we yşyklandyrmak ulgamy täzelenýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny 2013 — 2020-nji ýyllar üçin ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň depginli ösüşi, ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň eksport kuwwaty nazara alnyp, täze energoulgamlara ilkibaşdan kuwwatlylygyň ençeme esse ätiýaçlygy jemlenýär.
Sentýabryň başynda Marynyň DES-niň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji utgaşykda işleýän buggaz elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi munuň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.Umumy kuwwaty 1574 megawata barabar bolan stansiýada bütin dünýä meşhur “General Eleсtriс” amerikan kompaniýasynyň 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalary oturdyldy.
Enjamlaryň iki görnüşiniň sazlaşykly işlemegi goşmaça elektrik energiýanyň öndürilmegini üpjün edýär, olaryň artykmaç bölegi goňşy döwletlere iberiler.Kuwwaty 432 megawat bolan ýene-de bir gazturbina elektrik stansiýasy Çärjew etrabynda gurlar. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Sumitomo Сorporation” ýapon kompaniýasynyň arasynda degişli şertnama baglaşyldy.
Taslamanyň maliýeleşdirilmegine Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşýar. Şu ýylyň iýun aýynda ol Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Karz ylalaşygyna gol çekdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän elektroenergiýanyň umumy möçberini ýakyn ýedi ýylda 33 milliard kilowat-sagada çenli ýetirmek maksat edinilýär.
Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna eksport edilişini has-da köpeltmäge ýardam berer.Bu ýurtda degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik berip, dostlukly ýurtda parahatçylykly ösüşe hem-de ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna öz mynasyp goşandyny goşar. Şu babatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda şu gün gol çekilen ylalaşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň iri möçberli taslamasynyň gurluşygyny amala aşyrmakda täze tapgyry alamatlandyryp, iki doganlyk döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, olaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berer.