11.10.2017 | I türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady

Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly I Türkmen-hytaý ylmy—innowasiýa forumy açyldy.Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy. Çäräniň baş maksady—energiýanyň alternatiw çeşmeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygynda innowasiýalar, himiýa, seýsmologiýa, lukmançylyk, derman önümçiligi, biologiýa we beýleki ugurlarda Türkmenistandan we HHR-den bolan ylmy işgärleriň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri gözlemek we tejribe alyşmak bolup durýar.

Maslahatyň işiniň birinji gününiň barşynda Hytaýyň belli ylmy edaralaryndan alymlaryň doktorlary we professorlary hem-de HHR-iň ylym we tehnikalar ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň, Hubeý welaýatynyň Ylym we tehnikalar departamentiniň, “Aziýa-Ýewropa” forumynyň ylmy tehnologik we innowasion hyzmatdaşlyk merkeziniň, Huaçjunyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýalar baradaky Hytaý-Ýewropa institutynyň ylmy-barlag edarasynyň ýolbaşçylary hasabatlar bilen çykyş etdiler.Maslahatda edilen ylmy çykyşlar dürli ylmy ugurlary ösdürmegiň nazaryýet we amaly meselelerini gurşap aldylar.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda tehnologiýalary ösdürmek maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri boldy, şeýle hem türkmen we hytaýly alymlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy.Hususan-da, çykyşlaryň biri Hubeý welaýatynda geçirilýän innowasion tehnologik işlere bagyşlandy.

Bu welaýat eýýäm köp ýyllar bäri Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär hem-de gün energetikasyny we innowasion ekerançylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem maslahatda Türkmenistan üçin möhüm bolan mesele gaz blen işleýän elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak meselesi gozgaldy.

Bu stansiýalar arkaly daşky gurşaw üçin zyýany az bolan elektrik energiýasyny işläp taýýarlamak mümkindir.Tebigy gaz akymyndan elektrik energiýasyny hem-de sowugy almagyň innowasion tehnologiýasy ägirt uly ykdysady peýdasy bolup, tehnologiýanyň özi eýäm türkmen alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy we patentleşdirildi.

Forumyň gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda şäher gurluşygynda we seýsmologiýada innowasiýa konsepsiýalary, häzirkizaman oba hojalyk tehnologiýalary, gidromineral çig malyny we beýleki tebigy serişdeleri toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň, şol sanda dermanlyk ösümlikleri gaýtadan işlemek, ekologiýa wezipeleriniň çözgüdi, şeýle hem genetika we seçgi, weteranariýa we tohum maldarçylyk meseleleri bar. 12-nji noýabrda maslahata gatnaşyjylar bölümlerde mejlisiň işini dowam etdirerler hem-de anyk teklipler hem-de hödürlenen pikirler boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi
Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär
Aşgabatda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
13.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Medeniýet Watanymyzy ösdürmegiň möhüm ugrudyr”